Goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar
23-05-23
Halkymyzda “Öý alma – goňşy al”, “Uzakdaky garyndaşyňdan – ýakyndaky goňşyň ýagşydyr”, “Kyýamat güni goňşydan”, “Aýrylmaz goňşyňa unydylmaz söz aýtma” – ýaly nakyllar ýöne ýere döremandir. Müň ýyl alysda galan wakalara ser salsaň türkmenleriň hoşniýetli goňşuçylygy, parahatçylygy söýüjiligi, myhmansöýerligi bilen tapawutlanýar. Türkmen halky ir döwürlerde-de beýleki halklar bilen hem hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň tarapdary bolupdyr.
Beýleki halklardan tapawutlylykda türkmenler birek-birek bilen salamlaşmagyň we mähirli hal-ahwal soraşmagyň hem ummasyz kop sogap getirýändigine ynanypdyrlar. Türkmen oýünde tagam bişirilse ilki bilen goňşulara iberilýär. Bu ajaýyp däp goňşy bilen goňşynyň agzybirligiň örän pugtadygyny, jebisdigini aňladýar. Eýýamlaryň özgerýändigine we ýaşaýyş durmuşumyza täze ösüşleriň ornaşýandygyna garamazdan, halkymyzyň öňden dowam edip gelýän edim-gylymlary, däp-dessurlary bagtyýarlyk döwrümizde hem mynasyp dowam etdirilýär.
Döwletimiz, Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz dost-doganlyk, goňşyçylyk gatnaşyklary goldanyp, döwrebap ösüşler içre barha kämilleşýär. Dostlugy däp-dessur edinen halkymyzyň ynsanperwerlik, dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklary bu günki gün bütün dünýäde rowaçlanýar. Goňşuçylyk gatnaşygy adamlaryň ruhy gözýetimini görkezýän ajaýyp dessurlarynyň biridir. “Toý görki bagşy öý görki goňşy” diýilşi ýaly türkmeniň goňşuçylyk edebi adamlaryň arasynda gatnaşygyň ýokary mekdebidir. Döwlet dürli milletden bolan adamlaryň biri-birine sarpa goýmagy, goňşyň şatlygyna begenip, gam-gussasyny paýlaşmagy edebi ýörelge edinýär. Bu ýörelge ynsanlaryň arasyndaky gatnaşygyň medenýetini ösdürýär. Nirde agzybirlik bolsa üstünlik hem, ýeňiş hem şol ýerde bolýar. Türkmen halky gadymýetden bäri agzybirligiň gymmatyna düşnüp, ýaşaýan halk.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz goňşy döwletler bilen doganlyk dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Dünýäniň ençeme uly we abraýly döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýulýar. Daşary ýurtlaryň halklarynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklar barada birnäçe resminamalara yzgider gol çekilýär. Bu il-ýurt bähbitli ýurtlaryň abadançylygyna gönükdirilen taryhy wakalar daşary ýurt hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde hem-de goňşy ýurtlaryň doganlyk halklaryny has-da ýakynlaşdyrmak-da pugta binýadyň döredilmegine ýardam edýär.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Begenç TOKAÝEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.