TÜRKMENISTANYŇ ULAG ULGAMY DURNUKLY ÖSÜŞ ÝOLUNDA
05-07-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde gazanylýan ösüşli özgerişliklerde ulag ulgamynyň ähmiýeti bimöçberdir.
Ulag ulgamynyň jemgyýetimiziň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylmagy, ýol hereketiniň kadaly, amatly we howpsuz amala aşyrylyşyny guramagyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ulag ulgamynyň işiniň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ulag pudagyny we onuň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly çäreler çalt depginde durmuşa geçirilip başlandy.Kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň her birinde diýen ýaly ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmegiň ugurlaryny kesgitleýän bölümler bar.
Türkmenistanda häzirki zaman ulag üpjünçilik ulgamlaryny işjeň durmuşa geçirmek boýunça işler dowam etdirilýär we awtomobil ýollaryny, demir ýollary we degişli inžener-tehniki desgalary gurmak boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär.Bu taslamalar halkara söwdasynyň, şeýle hem sebit we sebitara ähmiýetli ulag ulgamynyň ösmegine itergi berer.Biziň ýurdumyz, Ýewraziýa sebitiniň esasy haryt-ulag gatnaw ýollarynyň çatrygynd ýerleşmek bilen, örän möhüm ulag-üstaşyr geçiriş we kommunikasiýa merkezi bolup durýar.Türkmenistan özara bähbitli döwletara we sebitara ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, şeýle hem ýükleriň we ýolagçylaryň üstaşyr geçirilişiniň çaltlandyrylmagyna uly goşant goşýar.Prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan, ýurdumyzyň ulag üpjünçilik ulgamlaryny düýpli toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge giň gerimli we ägirt uly taslamalar Türkmenistany sebitde öňdebaryjy orunlara çykardy.
Ulag pudagy Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dünýä hojalygyna üstünlikli goşulmagynyň möhüm ugry bolup durýar.Şuňa baglylykda, Berkarar döwletimiziň,bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda möhüm halkara ähmiýeti bolan ösen ulag üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmek boýunça ýeterlik derejede berk esas döredildi.Ýurdumyzda halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça işler ýola goýuldy. Bu ugurda Milli Liderimiziň başyny başlan strategik maksatnamalarynyň we düýpli özgertmeleriniň çäklerinde hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, daşary ýurtlaryň ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.
Amala aşyrylýan işler ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutynda Ulag-logistika ylmy merkezini döretmek göz öňünde tutulýar.Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instutytynda 2020-nji ýylda “Türkmenistanyň Ulag –logistika merkezi” döredilmeginiň ähmiýeti uludyr.
Ulag-logistika merkezleriniň ýokary netijeli ulgamyny döretmek institutyň özbaşdak amala aşyrýan ösüş taslamasydyr. Türkmenistanda üstaşyr geçirimlerde dünýä ulag düzümleriniň taslamlaryny Hytaýyň,Günörta-Gündogar Aziýanyň, Ýewropanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Gazagystanyň ýük iberijileriniň ilkibaşdan çekilmegi bilen baglanyşyklydyr. Munyň özi eziz Watanmyzy mundan beýläkde hemmetaraplaýyn ösdürmäge, işewür we maýa goýum işjeňligine , döwlet dolandyrylşynyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam eder. Bu ugurda awtomobil ulaglary möhüm ähmiýete eýedir.Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyny açyp berdi. Bilim bermegiň we hünär öwretmegiň iň ösen talaplaryna doly eýerýän we daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen yzygiderli tejribe alşyp durýan ýokary okuw mekdebimizde ulgamy mundan beýläk hem ösdürjek hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.Ulag we kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlarynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýä ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulmagy üçin şert-ykdysady taýdan güýçli depginler bilen ösmeginiň ugurlarynyň birine öwrüldi.
Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyñ Inźeñer-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty.
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde 24–29-njy awgust aralygynda geçirilýän «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara mediaforumyna gatnaşýar. Forumyň işine dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy we medeni ulgamlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
“elkitap” programmasy bäş dilde elektron we audiokitaplary hödürleýär
“elkitap” programmasy ulanyjylara türkmen, rus, iňlis, türk we ýakynda goşulan nemes dillerinde elektron hem-de audiokitaplary hödürleýär. Bu barada programmanyň kontent menejeri Oleg Sanjiýew Aşgabatda 19–22-nji awgust aralygynda geçirilen “Kids Expo 2026: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň dowamynda “Business Turkmenistan” neşirine beren gürrüňdeşliginde aýtdy.
Pakistanyň işewür wekiliýeti “Aýdyň Gijeler” kärhanasynyň önümçilik işleri bilen tanyşdy
Pakistanyň işewür toparlarynyň we resmi edaralarynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen “Aýdyň Gijeler” kompaniýasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada kompaniýa şenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Pakistan maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürer
Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyrma bölüminiň agzasy Muhammad Amir Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk 20-nji awgustda geçirilip, onuň dowamynda taraplar maglumat tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Astrahanda noýabr aýynda IV “Demirgazyk — Günorta” halkara forumy geçiriler
Çäräni gurnaýjylar forumyň halkara düzümini giňeltmegi meýilleşdirip, gatnaşyjy ýurtlaryň sanyny 15-den 22-ä, wekilleriň sanyny bolsa 350-den gowrak adama ýetirmegi göz öňünde tutýarlar. Çärä Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Yragyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Omanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.