TALYPLAR ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGINI GEÇÝÄRLER
06-07-21
Zähmet bazarynda häzirki zaman ylmyndan baş çykarýan başarjaň hünärmenleriň taýýarlanmagy zerur bolup durýar. Geljekki hünärmenleriň zähmet ukybyny häzirki zamanyň talaplaryna gabat getirmek we önümçilik şertlerinde innowasiýalar bilen tanyşdyrmak üçin önümçilik tejribeligini geçmegi örän möhümdir.
Türkmenistanyñ Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzyñ talyp ýaşlary hem okuwda özleşdiren bilimlerini önümçilikde ornaşdyrmak maksady bilen,ýurdumyzyñ ulag ulgamyna degişli edara-kärhanalarda, şeýle hem guramalarda,pudaklarda önümçilik tejribeligini geçýärler.
Önümçilik tejribeligiň esasy maksady — bu geljekki ýaş hünärmenleriň ele aljak kärini gowy bilmegine mümkinçilik bermegidir. Talyp ýaşlar tejribe we nazaryýet bilimlerini umumlaşdyrmak bilen çäklenmän, geljekki käriniň wezipe borçlary bilen hem iş ýerinde tanyşýarlar.
Önümçilik tejribeligini geçýän talyp ýaşlar kärhananyň gurluşyny, önümçiligiň guramaçylyk işlerini,şeýle-de pudak edaralarynyñ hyzmat işlerini öwrenýärler we tanyş bolýarlar.
Önümçilikde esasy maksatlaryň biri hem, ýaş hünärmeniň özbaşdak zähmet çekmäge bolan ukybyny kesgitlemekdir.Geljekde talyp ýaşlar öz saýlap alan hünärlerinden ussatlyk bilen baş çykarmakdyr.Önümçilik tejribeliginiň geçilýän döwründe berlen ýumuş boýunça dürli işleri ýerine ýetirmek bilen, edaranyň berkidilen hünärmenleriniň,ussat halypalaryñ toplan iş tejribesinden peýdalanýarlar. Bu bolsa talyp ýaşlara öz saýlap alan hünäri boýunça tejribe almaga, nazaryýetde öwrenen bilimlerini tejribede ulanmaga mümkinçilik berýär.
Talyp ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Möwlam HAÝTGULYÝEW.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.