Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasy
23-05-24
Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda – berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda 2024-nji ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, dürli ýurtlarda ýadygärliginiň dikeldilmegi, edebi mirasynyň öwrenilmegi üçin hem uly tagallalar edilýär.
Türkmeniň beýik söz ussatlarynyň döreden ajaýyp eserleri ynsan kalbynyň gözellik çeşmesine öwrüldi. Bütindünýä ady dolan Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi gözelligiň merjenidir. Halkymyzyň söz sungatynyň kerwenbaşysy hasaplanýan nusgawy şahyrymyzyň eserleri hut ynsanyň ýüreginiň töründe orun eýeleýär. Sebäbi şahyryň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiliginden gözbaş alýar.
Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, XVIII - XIX asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň türkmen, şol sanda tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy - edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-nji ýylda ýokary derejede guramaçylykly belleniler.
Şygryýet äleminiň ummany beýik akyldaryň ölmez-ýitmez goşgularyndaky pelsepewi pikirler diňe bir döwre, bir halka degişli bolman, eýsem, ähli halka, ähli döwre degişlidir. Onuň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasy halkyň taryhyny öwrenmekde, watansöýüjilik, edep-terbiýe, geljege bolan ymtylyşy, ylym-bilime söýgini döretmekde uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmatlarynyň biri onuň agzybirlik ugrundaky tagallasydyr. Berkarar döwleti döretmek barada arzuw eden beýik şahyryň röwşen umyt-ideýalarynyň hakdygyny wagt subut etdi.
Beýik şahyryň türkmen halkynyň durmuş mekdebi hökmünde ýurduň özygtyýarlygy we gülläp ösüşi, döwleti dolandyrmagyň kadalary, ylym-bilimi goldamak, rehimlilik, hormat goýmak, jomartlyk, myhmansöýerlik, bitewilik baradaky nesihat beriji goşgulary ýaş nesilleri terbiýelemekde görelde mekdebidir. Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biz üçin çäksiz bagtdyr. Şeýle bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza hoşallygymyzyň çägi ýokdur.
Alymerdan AMANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.