Şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar
12-04-24

Hormatly Prezidentimiz edebi mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak barada uly tagallalary edýär. Hut şonuň üçinem kämil medeniýetimize we sungatymyza Ýer ýüzüniň ähli döwletlerinde belent sarpa goýulýar. Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy üstümizdäki ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilip geçiler. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ähli döwürleriň mukamy bolup ýaňlanýar.
Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda - berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. Bu sarpany aňryýany bilen subut edýän halkara derejeli çözgüt hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasynyň, şol sanda umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine hem-de dünýäde wagyz edilmegine gönükdirilen TÜRKSOÝ guramasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Soňky ýyllarda beýik ynsanperwer şahyr Magtymgulynyň goşgular ýygyndylary dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillerine terjime edildi. Beýik şahyryň ýubileýine meýilleşdirilen çäreler onuň iň baý edebi mirasyny has çuňňur öwrenilmegine we giňden ýaýramagyna goşant goşar. Magtymguly Pyragy diňe türkmen edebiýatyna däl, eýsem dünýä edebiýatyna hem goşant goşan ajaýyp söz ussadydyr. Onuň ruhy-ahlak pikirleri umumadamzat derejesinde, şonuň bilen birlikde ýaşlary terbiýelemek işinde-de bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynadyr. Beýik şahyr päk ahlaklylyk, ýagşylyk-ýamanlyk, ýalançy-pany düşünjelerine esaslanyp, hoşgylawlylygyň, özara sylag-sarpanyň, ylym öwrenmegiň ýol-ýörelgesini salgy berýär.
Hut şu nukdaýnazardan hem, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda akyldar şahyryň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmegi hem-de wagyz etmegi ýola goýmak maksat edinilýär. Şu maksatlar bilen 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde Halkara ylmy maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda geçirilmegi şahyr-filosofyň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmäge we ýaýratmaga täze itergi berer.
Mundan başga-da, ak mermere bürenen ak şäherimiz Aşgabatda Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Saragt Babaýew tarapyndan Magtymgulynyň 60 metr beýiklikdäki täze ýadygärligi döredildi. Şeýle hem, şahyryň dogduk mekanynda, onuň adyny buýsanç bilen göterýän etrabynda Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň hem-de muzeýiň açylandygyny guwanç bilen bellemelidiris. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň baý, gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny ylmy esasda öwrenmekde, akyldar şahyryň bahasyz edebi we pelsepewi mirasyny giňden wagyz etmekde örän ähmiýetli bolup durýar. Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biz üçin çäksiz bagtdyr.
Bossan HAJYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.