Akyldar Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti
05-04-24

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem-de halkara giňişliginde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda belleniler. Häzirki wagtda bu ýubileýe taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Ynsan kalbyna şygyrlary bilen ýagşylyk, halallyk, watansöýüjilik şuglasyny çaýýan, ruhy lezzet berýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň nakyla öwrülen, öwüt-ündew berýän ajaýyp setirleriniň terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uludyr.
Aslynda, akyldar şahyry, onuň döreden nusgawy eserlerini türkmen edebiýatyndan hem-de halk döredijiliginden üzňelikde göz öňüne getirmek mümkin hem däldir. Ol goşgularynda türkmenleriň häli-şindi ýüzlenip duran halk döredijiliginden ýerlikli peýdalanmak bilen, olary öz setirlerine siňdirmegi başarypdyr. Onuň öwüt-nesihat beriji goşgulary bilen bir hatarda, ynsanyň gylyk-häsiýetine degişli, ýagny mertlik, batyrlyk, halallyk, birsözlülik hakyndaky, il-güni agzybirlige çagyrýan goşgulary hem türkmen edebiýatynda örän uly orun tutýar. Şahyryň islendik temadaky goşgularynda türkmen halkynyň gadymdan ulanyp gelýän nakyllary, atalar sözleri hem-de edebi rowaýatlarynyň ruhy bar.
Magtymguly ulyny sylamagy, olara hormat goýmagy ýaşlary terbiýelemekde adamkärçiligiň iň gowy häsiýetleriniň biri hasaplaýar. Ösüp gelýän ýaş çagany terbiýelemek onuň ene-atasy bilen bir hatarda mugallymlaryň hem borjuna girýär. Mekdepde zähmet çekýän islendik mugallym okuwçylaryň terbiýesine biparh garap bilmeýär. Ýaş nesli arassa ahlakly, watansöýüji, halal we sylag-hormatly edip terbiýelemekde biz - bilim işgärlerine Magtymguly Pyragynyň şygyrlary hemişe uly gollanmadyr. Şahyryň bize miras galdyran ajaýyp goşgularyny okadýan islendik sapagymyzda çaga terbiýesi üçin peýdalanmak bolar. Şahyryň nukdaýnazaryndan ýaşlar ata-enelerini hormatlap, özlerinden ulyny sylamalydyrlar. Uly adamlar kiçä bir ýumuş buýursalar, ony ýerine ýetirmelidirler.
Magtymguly Pyragy hem türkmen edebiýatynyň beýleki wekilleri ýaly, nakyldyr atalar sözleriniň terbiýeçilik ähmiýeti bolanlaryny saýlap-seçip almagy, olary özüniň öwüt-ündew ediji goşgularynda ussatlarça ulanmagy başaran şahyrdyr. Onuň ýazan goşgy setirleri dillerde atalar sözüne öwrülip gidendir. Atalar sözüne we nakyllara şahyryň ähli goşgusynda diýen ýaly duşmak bolýar. Şahyryň nakyla öwrülen setirlerine “Hyýal bir iş bitirmez”, “Ýaman dil ýol ýitirer”, “Ýagşy rehmet getirer”, “Ýagşy ýigit ýol ýitirmez”, “Ýamana öwüt hebesdir”, “Ýagşy äre bir söz besdir”, “Goýna gardaş bolmaz gurtdan”, “Dileg etme her namartdan”, “Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmazdan burun” ýaly setirleri mysal getirmek bolar. Şular ýaly pähimli setirler şahyryň ýitmejek terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlarynyň esasyny düzýär. Şeýle pähimli setirleri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen “Paýhas çeşmesi” atly kitapdaky nakyllar hem-de atalar sözleri bilen utgaşdyryp, okadýan islendik sapagymyzda ulanyp bileris.
Terbiýeli, aňly-düşünjeli, zähmetsöýer ogul-gyzy ýetişdirmek her bir ynsanyň arzuwydyr. Bu ajaýyp arzuwy amala aşyrmak üçin akyldar şahyrymyz terbiýeçilik ähmiýetli, öwüt-nesihat, ahlak häsiýetli şygyrlary bilen çeper edebiýaty halkyň hyzmatyna goýmagy ussatlyk bilen başarypdyr. Onuň döredijiliginiň agramly bölegi öwüt-ündewden, akylly-parasatly maslahatlardan ybaratdyr. Ýazylan wagtyndan bäri ençe ýyllar geçse-de, şol ajaýyp şygyrlar öz terbiýeçilik ähmiýetini ýitirmeýär. Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biz üçin çäksiz bagtdyr.
Döwrangeldi ATAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehaniki-tehnologiki fakultetiniň talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.