MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ EDEBI MIRASY
23-05-24

Her bir halk özüniň milli gahrymanyny ezizleýär, oňa kalbyndan hemişelik orun berýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem şeýle ägirtleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň şygryýetini iň bir beýik zatlara, gymmatlyklara deňemek bilen bir hatarda, olary türkmen kalbynyň aýnasy diýip hem suratlandyrýarlar. Akyldaryň şygyrlaryny agzybirlik, päkgöwünlilik, halallyk çakylykçysy diýip atlandyrmak bilen, olary egsilmeýän derýa, ynsanlary ruhy teşnelikden gandyrýan güzere meňzedýäris. Söz ussadynyň her bir setiri watansöýüjilige, agzybirlige, bir-birege hormat-sylaga çagyrýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly baýram etmäge görülýän taýýarlyk işleri her birimiziň göwnümizi ganatlandyrýar. Ähli döwürlerde bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de Magtymguly Pyragynyň her bir setiri ýaş nesil üçin terbiýe mekdebi bolup durýar. Akyldaryň çuňňur mana eýlenen setirleri her bir türkmeniň çagalygyndan, ýaşlygyndan ýüreginde ýaşap ugraýar. Hut şonuň üçin-de 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň uludan belleniljekdigi baradaky habar her birimizi şu günki günden şol uly toýa ykjam taýýarlyk görmäge borçlandyrýar.
Adamzadyň altyn genji-hazynasyna öwrülen akyldar şahyryň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek hem dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, onuň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ýörite internet portalyň dörediljekdigi bu ugurdan uly utuşlary getirjek başlangyçdyr. Munuň özi akyldar şahyrymyzyň şygryýet dünýäsiniň muşdaklarynyň sanynyň dünýä ýüzünde has-da artmagyna getirer diýip ynanýarys. Bu günki gün Pyragynyň şygyrlarynyň türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillere terjime edilendigini ýatlamagyň özi-de akyldaryň paýhas ummanynda gulaçlaýanlaryň sany barada pikir ýöretmäge mümkinçilik berýär. Arkadagly Serdarymyz ähli ugurlarda ösüşleriň iň bir häzirki zaman ugrunyň saýlanyp alynmagyna uly üns berýär. Bu babatda sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza barha giňden ornaşdyrylmagy ösüşleri nazarlaýan gadamlarymyzyň badyna bat goşýar.
Hormatly Prezidentimiz hem Magtymgulynyň türkmen halkynyň öňündäki bimöçber hyzmatlarynyň biri hökmünde agzybirlik ugrundaky tagallalaryna uly baha berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe berkarar döwlet barada arzuw eden şahyryň röwşen umytlarynyň durmuşa geçen zamanasynda pederlerimiziň kalbynda göterip, nesillere miras galdyran ruhy gymmatlyklary täze röwüşde örboýuna galýar. Ol gymmatlyklar ajaýyp döwrümizde dünýä ýüzüne türkmeniň kalbynyň ruhubelentlik aýdymyny paýlaýar.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2024-nji ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmeniň ruhy dünýäsi bolan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň uludan tutuljak toýy pederlerimiziň päk arzuwlaryny äleme ýaýar. Goý, milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda asyrlara barabar işleri durmuşa geçirýän, akyldarlarymyza bimöçber hormat goýýan Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri has hem rowaçlyklara beslensin!
Pälwan PIRNEPESOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologik fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.