Saglyk - baş baýlyk
11-07-21
Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygy baradaky aladasy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu ugurda ýurdumyzda gysga wagtyň içinde asyrlara barabar işler amal edildi, saglygy goraýyş ulgamy dürli özgertmeler ýoly bilen barha kämilleşdirildi.
Şu günlerki tomus paslynyň yssy howanyň dowam edýän döwründe, daşky gurşawyň ýaramaz täsirleri netijesinde adamyň öýkenine, esasan-da, dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän tozan bölejiklerinden goranmakda agyz-burun örtükleri uly ähmiýete eýedir. Agyz-burun örtüklerini kada laýyk ulanmaklyk babatynda aşakdaky maslahatlary dykgatyňyza ýetirýäris:
- agyz-burun örtügini ulanmazdan öň, hökman elleriňizi sabynlap ýuwmaly;
- örtügi dakynanyňyzdan soň, agzyňyzy, burnuňyzy we eňegiňizi oňat örter ýaly, onuň maýyşgak gysgyjyny burnuňyza tarap egreltmeli;
- agyz-burun örtügini dakynýan wagtyňyzda, oňa eliňizi degirmezlige çalyşmaly;
- örtügi aýranyňyzda ýörite tutawaçlaryndan tutmak hökmanydyr;
- örtügi ulanyp bolanyňyzdan soň ýapyk zibil gaplaryna taşlamaly;
- agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzdan soň hökman eliňizi sabynlap ýuwmaly;
- iki sagatdan soň örtügi çalşyp durmaly. Bir gezek ulanmak üçin niýetlenen lukmançylyk örtükleri gaýtadan ulanylmaly ýa-da gaýtadan işlenilmeli däldir. Gaýtadan ulanylýan örtügi diňe gaýtadan işlenilenden soňra gaýtadan ulanyp bolýandygyny ýatdan çykarmaly däl;
- agyz-burun örtüklerini çygly ýagdaýda ulanmaly däldir.
Janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun, mähriban ildeşler!
Mülkaman BAÝRYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.