Maglumatlar binýady

12-07-21

Maglumat tehnologiýasy döwründe biz köp sanly maglumat akymyny yzygiderli işleýäris. Elektron resminamalar bilen işlemek maglumatlara we faýllara yzygiderli gözegçilik etmegi talap edýär. Maglumatlaryň gurluşyny, funksiýalaryny ygtybarly saklamak, düzmek, gaýtadan işlemek we çykarmak üçin döredilen «Maglumatlar binýady» dolandyryş ulgamlaryň wezipelerini jikme-jik ýerine ýetirýän, biri-birine bagly we belli bir usul bilen guralan ýygyndydyr.

Maglumatlar binýadyny dolandyrmak ulgamy ilkinji gezek 1955-nji ýylda, faýl esasly ýazgylary gaýtadan işlemegiň modeli goldanyp, maglumatlary saklamak üçin programma üpjünçiligi hödürlenende başlaýar. Wagtyň geçmegi bilen emeli aň düşünjesine laýyklykda, maglumatlar binýadynyň shemalary we maglumatlaryň garaşsyzlygy düşünjesi işlenip düzülýär.

Her bir edara-kärhananyň wezipeleri, öňde goýýan maksatlary, çyzgysy giň maglumat çeşmesine öwrülýär we olar maglumat binýadynda jemlenýär. Maglumatlar binýady ähli edara-kärhanalaryň maglumat faýllaryny ýygnap, kompýutere girizýän ýeke we uly elektron resminama giňişligidir.

Maglumatlar binýadyny diňe bir kompýuteriň üsti bilen däl, eýsem smartfon bilen internete girmek arkaly hem dolandyryp bolýar. Maglumatlar binýady dolandyryjy maglumatlary gorap saklamaga we olaryň howpsuzlygyny we bitewiligini üpjün etmäge jogapkär bolup durýar. Maglumatlar binýady ygtybarlylygyň, elýeterliligiň we howpsuzlygyň ýokary derejesini şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bäsleşige ukyply tehnologiýalar mekanyna öwürmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, häzirki wagtda maglumatlar binýady bilen işlemek üçin köp programma üpjünçilikleri işlenip düzülýär. Bu bolsa uly göwrümli maglumatlary özünde jemlemäge mümkinçilik döretmek bilen, her bir ulgamyň kuwwatlylygyny has-da ýokarlandyrýar.

Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk 
kompaniýasynyň hünärmeni.

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.