Ýaşlar ajaýyp işleriň başynda

17-02-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan eziz Diýarymyz Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ähli ugurlarda ajaýyp üstünliklere eýe bolýar. Garaşsyz döwletimizde ýaşlar syýasatyny has-da kämilleşdirmäge, döwrebap ylym-bilim ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen özgertmeleriň netijesinde belent sepgitlere ýetilýär. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyklykda döwrebap bilim almaklary, saýlap alan hünäri boýunça ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmeklerine, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna mümkinçilikleriň döredilmegi Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýan baş wezipeleriniň biridir.

Şeýle giň möçberli özgertmeler esasynda durmuşa geçirilýän beýik işler bolsa, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwadyny has-da pugtalandyrmaga, geljekde ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirjek ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge zerur şertleri döredýär. Ýaşlary milli ýörelgeler esasynda terbiýelemek döwrüň möhüm talabydyr. Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen ýaşlar syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek babatynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýaş nesilleri ata Watana wepaly, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, sowatly, däp-dessurlara, milli gymmatlyklara hormat goýýan, giň dünýä garaýyşly adamlar edip ýetişdirmek şu günüň wajyp meseleleriniň biridir. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri şanly wakalara beslenip, ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Eziz Diýarymyzda röwşen geljegimiziň girewi bolan sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, Watana wepaly ýaşlary, ezber hünärmenleri terbiýelemek babatdaky alada hem giň gerim bilen alnyp barylýar. Şular barada aýdylanda golaýda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýyny bellemek hökmanydyr. Sebäbi türkmen ýaşlary hakyndaky aladany baş maksadyna öwren hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň görüm-göreldesine eýerýän TMÝG-niň wekillerini bir ýere jemlän bu iri forumda seredilen meseleler, edilen çykyşlar, hakykatdan hem, biziň nurana geljegimizi gurýan ýaşlar baradaky aladanyň döwlet derejesinde durýandygyny ýene bir gezek tassyklady. Forumyň dowamynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini hem-de döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek we beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni halkymyzyň, aýratyn hem, ýaşlaryň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalaryň dabaralanmagy bilen şöhratlanýar. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýylymyzyň şygarynyň uly ähmiýete eýedigini belläp: «Biz ýaşlara mümkinçilikleriniň açylmagyna we şahsyýet hökmünde kemala gelmegine kömek bermek üçin ähli şertleri döretmelidiris. Ýaş raýatlara ýaşaýyş jaýlary we bilimleri ele almak elýeterli bolmalydyr. Olary iş bilen üpjün edip, telekeçiligi ösdürmeli, şeýle-de ýaş maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw bermeli» diýip nygtady. Bu günki gün ýaşlara döredilýän mümkinçilikler olaryň netijeli işlemegine, döredijilikli zähmet çekmegine şertleri üpjün edýär.

Biz bagtyýar ýaşlygyň hem-de eşretli durmuşyň mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan atly beýik döwletde ýaşaýandygymyza çäksiz buýsanýarys. Arkadagly Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara uly ynam bildirmegi her birimizi ukyp-başarnyklarymyzy gaýgyrman, Watanymyza, halkymyza ak ýürekden hyzmat etmäge borçlandyrýar. Şol mukaddes borjumyza ygrarly bolup, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň bildirýän belent ynamyna mynasyp jogap berjekdigimize ynandyrasym gelýär.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Mähri ALLANAZAROWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.