ULAG-KOMMUNIKASIÝA ULGAMYNDA DÖWREBAP ÖZGERTMELER

16-07-21

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýurdumyzyň ok­gun­ly ös­ýän halk hoja­lyk top­lu­my dün­ýä­niň we ýur­du­my­zyň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek hem-de ýoka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ar­ka­ly in­no­wa­si­ýa ösü­şi­ne gönükdiri­len­dir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn, guramaçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, ozal hereket edýän ugurlarynyň gerimini giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen uzakmöhletli milli maksatnamalar işlenip taýýarlanylýar we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň in­no­wa­si­ýa ösü­şi, hususyýetçiligiň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­nyň artdyrylma­gy, hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy ählumumy ykdysady gi­ňiş­lik­de ýur­du­my­zyň or­nu­nyň ber­ki­dil­me­gi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

 

YKDYSADY KUWWAT – YGTYBARLY BINÝAT

Ýur­du­my­zyň halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň in­no­wa­sion ösü­şi, hususy pudagyň barha giňeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň özenini tutýar. Türk­me­nis­tan hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň hem-de mul­ti­mo­dal ýol­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gin­de iş­jeň sy­ýa­sa­ta ygrarlylygy­ny gör­kez­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň oňyn daşary sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de se­bi­tiň örän mö­hüm ulag ge­çel­ge­si­ne, iri hal­ka­ra lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz da­şa­ry döw­let­ler bi­len öza­ra gat­na­şyk­lar boýun­ça mö­hüm tek­lip­le­ri öňe sür­ýär hem-de ola­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek boýunça yzy­gi­der­li çä­re­le­ri gör­ýär. Ila­ta ýo­ka­ry hil­li we el­ýe­ter­li ulag-kommunikasiýa hyz­mat­la­ry­nyň hö­dür­le­nil­me­gi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň üs­tün­lik­li ösüşi­niň möhüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek hem-de ykdysadyýetiň innowasiýa häsiýetli ösüşi boýunça kabul eden kararlary esasynda uly itergä eýe bolan özgertmeleriň - ulag we kommunikasiýa ulgamynda özgertmeleriň ýene bir ugrudyr, bu ulgamdaky özgertmeler ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply, berk ykdysady kuwwatynyň hem-de aň-paýhas mümkinçilikleriniň kemala gelmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

 

TARYHY KARAR HEM-DE ANYK WEZIPELER

Ýakynda bu ugurda taryhy kararyň kabul edilmegi bolsa ulgamyň ösüşini täze derejelere çykarmakda möhüm ädim boldy. 2021-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň ýanynda ministrligiň hukuklaryny özünde saklaýan Ulag we kommunikasiýalar agentligini döretmek barada karara gelendigini mälim etdi. Bu agentligiň düzüminde «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendeňizderýaýollary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentlikleri hereket eder. Täze döredilen dolandyryş ulgamynyň öňünde medeniýetli hem-de ygtybarly ulag hyzmatlaryny döretmek boýunça döwlet syýasatyny kesgitlemek, ulag akymlarynyň guralyşyny ýola goýmak, hyzmatlaryň baha-nyrh ulgamyny kämilleşdirmek ýaly möhüm wezipeler goýuldy. Bu işler kärhanalaryň işine paýdarlar jemgyýetleri tarapyndan netijeli gözegçiligiň ýola goýulmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem, Milli Liderimiz ýurdumyzda elektron senagaty döretmek işiniň başlanandygyny, bu ugurda elektron senagatyň geljekki ösüşini üpjün etmäge ukyply işgärleri taýýarlamagyň ulgamyny döretmegi täze agentligiň wezipesi hökmünde tabşyrdy. Bu bolsa hojalygy ýöretmegiň usullarynyň täzelenmegine, önümçilikleriň netijeliliginiň artmagyna, milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliginiň ýokarlanmagyna, şeýlelikde, türkmen bazarynyň daşary ýurt maýadarlary üçin özüneçekijiliginiň ýokarlanmagyna getirer.

 

BAZAR GATNAŞYKLARY WE ELEKTRON SENAGAT

Mälim bolşy ýaly, biziň ykdysadyýetde strategik ugrumyz, Konstitusiýamyzda bellenişi ýaly, bazar ykdysadyýetine geçmek bolup durýar. Şoňa görä-de, ähli döwlet kärhanalary ýuwaş-ýuwaşdan hususylaşdyrylýar ýa-da olaryň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilýär. Degişli agentlikleriň düzüminde paýdarlar jemgyýetleriniň döredilmegi ugrundaky işleriň amala aşyrylmagy bolsa kärhanalary hususylaşdyrmagyň usuly hökmünde pudaga maliýe serişdelerini çekmäge goşmaça mümkinçilik döredýär. Bu bolsa ulgamyň kärhanalarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga bolan gyzyklanmalaryň üsti bilen ösüşini höweslendirýär hem-de hojalygyny dolandyrmagyň bazar gatnaşyklaryň usullaryny ornaşdyrýar. Ýurdumyzda elektron senagatyny döretmek ugrunda işler hem giň gerimde alnyp barylýar. Şeýle hem, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini oýlanyşykly peýdalanmak, ulgamy halkara logistika we söwda ulgamyna goşmak ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär. Sanly tehnologiýalar ulgamy ýola goýulýar. Öýjükli aragatnaşygy, telewideniýäni ösdürmegi, kompýuter tehnologiýalaryny, emeli hemramyzyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen, interneti ornaşdyrmak dowam etdirilýär. Munuň özi ulag-kommunikasiýa ulgamynyň önümçilik mümkinçilikleriniň döwrebaplaşdyrylmagynyň täze tapgyryny aňladýar, şunda döwlet emläkleriniň hususylaşdyrylmagyna hem-de bazar guramaçylyk-hukuk görnüşlerine geçilmegi möhüm orny eýeleýär.

 

Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­tan ulag we kommunikasiýa ulgamynyň täze belentliklere çykmagy, geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, şeýle hem zerur bolan ulag-kommunikasiýa düzümini ösdürmäge döwlet derejesinde üns berilmegi netijesinde uly abraýa eýe bolýar. Gurlan we gurulýan häzirki zaman kärhanalar, çar tarapa uzaýan ulag ýollary, kämil aragatnaşyk geçirijileri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we adyl syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaç alsyn! Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip belleniljek “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly hem milli Lideri­mi­ziň sa­ýa­syn­da abadan­çy­lyk­da, bagtyýarlyk­da ýa­şa­ýan ýurdumyza rysgal-bereket, döw­let­li döw­ran getir­sin!

Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.

16ae817254caac.png
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň «Strategik dostluk nyşany» bilen sylaglandy

30-njy oktýabrda Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylyş dabarasy boldy.


16ae8161f91369.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentine Hajattepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesi berildi

30-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ankaradaky Hajettepe uniwersitetine bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesini bermek dabarasy boldy.


16ae814ef95c3d.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda Ankarada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) XIII sammitinde eden çykyşynda Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini we bu ugurda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny ösdürmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.


16ae819077a8f5.jpeg
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň edara binasynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada ulag koridorlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak (TCTR) meýilnamasy boýunça sebitleýin wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.


16ae497a4814b9.jpeg
Ulag-logistika — sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry

Häzirki döwürde ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda halkara jemgyýetçiligiň umumy tagallalaryna işjeň goşulyşýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.