Ulag we kommunikasiýa pudagy bilimiň soňky gazananlary bilen utgaşýar

23-05-24

Ýurdumyzda milli ylym-bilim mekdebini kemala getirmek, ýaş nesilleriň döwrüň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalar edilýär. Şeýle işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýokary okuw mekdepleri aýratyn orna eýedir. Biziň Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ylmyň gazanan soňky tehnologiýalary we tehnikalary bilen üpjün edilen binalarynda amaly, tejribe otaglarynda ylmy, diplom işleri ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredilendir.

Institutyň okuw binalarynda dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan jemi 58 sany tejribehana bolup, olarda dersleri ýokary derejede okatmak üçin ähli şertler döredilendir. Bu bolsa institutda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaklyga täze çemeleşmelerden ugur alynýandygyna şaýatlyk edýär. Talyp ýaşlar nazary bilimlerini önümçilik kärhanalarynda okuw-önümçilik tejribeliginiň dowamynda berkidýärler.

Ýylylyk we gaz üpjünçilik ulgamynyň tejribehanasynda ýylylygyň öndürlişini, halk hojalygynyna bökdençsiz ýetirilişini, sarp edilişini öwrenmäge mümkinçilik berýän enjamlar ýerleşdirilendir. Bu enjamlaryň kömegi bilen berilýän ýylylygy ölçemegi, sazlamagy, tygşytlamagy, dolandyrmagy we bökdençsiz üpjün etmegi öwrenmek bolýar. Tejribehananyň häsiýetli aýratynlyklaryna görä okuw we ylmy enjamlar, multimedia enjamlary bilen doly üpjün edilendir. Ähli tejribe otaglarynda himiki täsirleşmeleri geçirmek üçin gap-gaçlar, ýokary takyk analitiki tereziler, erginleri taýýarlamak, gyzdyrmak we sowatmak, çökündileri bölüp almak üçin ýörite enjamlaryň toplumlary bar. Olaryň ýanynda tejribe işlerini geçirmeklige zerur bolan nusgalary taýýarlamak üçin ýörite taýýarlaýyş otaglary ýerleşdirilendir.

Ýeri gelende aýratyn bellemeli işleriň biri hem institutymyzyň professor-mugallymlarynyň ýokarda agzalan enjamlara ussatlyk bilen baş çykarýandyrlar. Şonuň üçin hem öz işine ezber mugallymlarymyz tejribehanalarda işlemegiň düzgünlerini, ylmy-barlag işlerini alyp barmagyň inçe tärlerini biz talyp ýaşlara örän ussatlyk bilen öwredýärler.

Institutymyzda ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertler döredilendir. Talyp ýaşlaryň şahsy döredijiligini açyp görkezmekde, ylmy gözlegleriň ilkinji basgançaklaryna ugrukdyrmakda örän wajyp işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň ündewlerinden ugur alnyp, ýokary okuw mekdebimizde “Halypa-şägirt” gatnaşyklary ýokary derejede durmuşa geçirilýär. Ylma höwesli talyp ýaşlar halypa sagatlarynda we ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýan ylmy gurnaklarda öz saýlap alan ylmy temasy boýunça fakultetleriň professor-mugallymlarynyň öňünde ýörite sanly bilim tehnikalarynyň we multimediýa enjamlarynyň üsti bilen ylmy işiniň täzeçilligi, maksady, ýurdumyzyň ykdysadyýetine goşjak goşandy dogrusynda çykyş edýärler, halypalardan degerli maslahatlary alýarlar.

Biz talyp ýaşlara giň mümkinçilikleri döredip beren Arkadagly Serdarymyza, Milli Liderimize çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Seýrangeldi BORJAKOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.