KITAPLAR — PAÝHASLAR OJAGY

05-09-25

«Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär» diýip nygtamak bilen, milli Liderimiz kitaba uly hormat goýýar. Çünki Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz döreden ajaýyp eserleri bilen halkyň kalbyna girdi. Dünýä döräli bäri, adamzat nesli nähili işleri amala aşyran bolsa, bularyň ählisi kitaplaryň gatlarynda saklanyp galypdyr. Şoňa göräde, kitap baky ýaşamak ukybyna eýedir, ynsanyň eden işiniň ýitip gitmejek, müdimi galjak ebedi miwesidir. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň medeniýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen birnäçe Kararlary kabul etdi. Şol taryhy çözgütler esasynda hem ýurdumyzda kitaphana işi döwrebap kämilleşdirilýär.

Diýarymyzda kitaphanalara berilýän goldaw-hemaýat has-da ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň kitaphana ulgamyny ösdürmek barada edýän atalyk aladalaryna bu ulgamda çekýän zähmetimiz bilen jogap bermek her birimiziň borjumyzdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň ähli pudaklarynda ýetilen sepgitler ýurdumyzyň ösüşi ugrunda edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlary bilen medeniýet, sungat äleminde gazanylan üstünlikler jemgyýeti ösdürýän, döwletiň berkararlygyny üpjün edýän kuwwatly gurala öwrüldi.

Kitaplary halk köpçüligine ýetirmekligiň ýene bir ýoly bolsa kitaphanalardyr. Garahanly, Gaznaly, Seljukly, Anuşteginli we Osmanly döwletleri kitaphana gurmaklyk işine aýratyn üns beripdirler. Bu döwletler orta asyrlar ylmynda uly yz goýan döwletler bolmak bilen bir hatarda, alymlaryň hem jemlenen merkezi bolupdyrlar. Bu kitaphanalarda müňlerçe eserler alymlaryň hyzmatynda bolupdyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji kitabynda şeýle maglumat berýär: «Birwagtlar Türkmenistanyň çäginde göçme kitaphanalar bilen birlikde Nusaý patyşalygynda, Köneürgençde, Amulda, Dehistanda, seýle hem Gadymy Merwde iri kitaphanalar hem bolupdyr. Kitap ýükli kerweni bolan kerwenbaşy hatyrjemligi elden bermändir. Çünki kitabyň bahasy altyn-kümüşden-de has ýokarda bolupdyr.»

Türkmen halkynyň milli ýörelgesini döwrebap ösdürýän Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitaphana işini ýola goýmak üçin uly tagallalar edýär. Diňe bir paýtagtymyzda däl, welaýat merkezlerinde döwrebap kitaphanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Kitaphanalar - ylmyň we medeniýetiň merkezidir. Häzirki döwürde kitapsyz milletiň ylmyndan we medeniýetinden söz etmek juda kyndyr. Gahryman Arkadagymyz taryhymyzy we medeniýetimizi öwrenmek meselesine çuňňur garaýar we köpsanly eserlerini türkmen halkyna peşgeş berýär.

Ruhy kämilligiň mukaddes ojagy bolan kitaphanalar döwrebap ösüşleriň netijesinde häzirki wagtda maglumatlar giňişliginde mynasyp orun eýeleýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu işiň çözgüdine öňdengörüjilikli çemeleşmegi netijesinde kitaphanalarymyz iň ösen maglumatkompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryldy. Häzirki wagtda okyjylar diňe bir gözleýän kitaplaryny dessine tapmak ýada täze çykan kitaplaryň elektron nusgalarynyň elýeterliliginden peýdalanmak bilen çäklenmän, eýsem, seýrek, ýeke-täk nusgadaky kitaplary hem elektron görnüşde okamaga mümkinçilik aldylar.

Bu bolsa elektron tehnologiýalardan işjeň peýdalanyp, kitap okamagyň elýeterliliginiň çäklerini giňeltmäge, kitaphana gelýän okyjylaryň sanynyň artmagyna hemde okyjylara edilýän hyzmatlaryň kämilleşmegine uly ýardam edýär. Maglumatlaryň giň gerimde, çalt tizlik bilen alşylýan zamanasynda kitaphanalaryň medeni derejesi özgerýär. Onda okyjylara edilýän hyzmatlardan başgada, elektron we internet hyzmatlary hem hödürlenýär. Kitaplaryň elektron, onlaýn görnüşlerinde elýeterli bolmagy olaryň neşir görnüşleriniň aýawly saklanmagyna, wagtyň tygşytlanmagyna, döwrebap islegleriň kanagatlandyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.

Elektron ulgamyň esasy aýratynlygy, onda maglumatlaryň okyjylar hem-de internet-tehnologiýa arkaly aragatnaşyk saklaýandygy bilen baglanyşyklydyr. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy netijesinde wagt tygşytlanylýar. Şeýle bolanda okyjynyň kitap okamak we bilim almak islegleriniň ýokarlanmagyna hemde ony amala aşyrmak üçin mümkinçilikleriň giňemegine getirýär. Ähli ösüşleriň, ýetilen sepgitleriň gözbaşy kitaplardyr. Şol sebäpli kitaplar we kitaphanalar ylym-bilimi ösdürmekde tükenmez çeşme bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de, kitaphana işiniň ösmeginde uly işleri amala aşyrýan, ýaşlaryň kitap okamaga bolan isleglerini kanagatlandyrmakda ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ogulşeker DURDYÝEWA,
Baýramaly etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.