«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi
19-07-21
Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda innowasiýalar döwründe täze, bäsleşige ukyply tehnologiýalaryň üstünlikleri ylym-bilim ulgamynyň gazananlary bilen utgaşyp halk hojalyk pudagyny we ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni we bilim kuwwatyny artdyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aragatnaşyk-telekommunikasiýa ulgamy öňdebaryjy tejribelere hem-de ylmyň gazananlaryna daýanýan maksatnamalaýyn we meýilnamalaýyn işleri durmuşa geçirip, okgunly ösüş ýoly bilen öňe barýar.
Innowasiýa döwrüniň many-mazmuny boýunça talabalaýyk ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary hünärli, täzeçe pikir edýän nesilleri taýýarlamak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyklarynyň gerimini giňeltmek maksady bilen ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi döredildi.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi «Logistika operasion işi», «Telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat taýdan howpsuzlygy», «Köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary», «Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary», «Kompýuter torlary» we «Ulaglarda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak» hünärleri we başlangyç hünär bilimi hökmünde girizilen «Aragatnaşyk operatory» ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlar. Bu orta hünär okuw mekdebi aragatnaşyk ulgamynyň okuw we önümçilik tejribesiniň häzirki zaman bilim gaznasy bolup durýar.
Işjeňlik bilen tapawutlanýan talyp durmuşy, okuw dersleriniň nazaryýetinden we tejribe işlerinden daşary çäreler, tehniki döredijilik toparlary, sport we sport bäsleşikleri bilen utgaşdyrylýar. Ylmy-tehniki strategiýa boýunça ykdysady giňişlige ussat hünärmenleri taýýarlamak üçin bu orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary multimediýa enjamlary we tehnologiki ösüş ugurlaryna laýyk gelýän synp otaglarynda bilim berýärler.
Bu ugurda bilim alýan talyplar gün tertibiniň düzüminden daşary, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen synp otaglarynda goşmaça «Sanly bilim portalynyň» üsti bilen meýilnamalaýyn okuw sapaklaryny giňişleýin, özbaşdak özleşdirýärler. Sanly bilim portalynda bu orta hünär okuw mekdebiniň ähli dersleri boýunça maglumatlary, innowasion işleri, şeýle-de goşmaça ylmy taslamalaryny işläp taýýarlamak üçin innowasion programma üpjünçilikleri ýerleşdirilendir. Talyplar Sanly bilim portalynda ylmy-tehniki taslamalary işläp taýýarlamak we täze programma üpjünçiligini ylmy-tehniki önümçilige işjeň ornaşdyrmak, olaryň hukuk ýagdaýyny öwrenmek işlerini intellektual kuwwatyndan netijeli peýdalanmak bilen çuňňur öwrenýärler.
Aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlarynyň hil taýdan üznüksiz täzelenip has-da kämilleşdirilip durmagy bu ulgamyň özgermegine gönükdirilen oýlanyşykly pikirleriň, teklipleriň, programma üpjünçiligini öndürijileriň zerurdygyny şertlendirýär. Şu nukdaý nazardan, Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary öz okuw-önümçilik tejribelerini «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynda we «Sanly çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde geçýärler. Bu bolsa talyp ýaşlara häzirki tehnologiýalar döwrüne laýyk gelýän tejribe gazanmaga, innowasion tehnologiýa merkezlerinde özleriniň ukyplaryny we zehinlerini doly ýüze çykarmaga oňaýly şertleri döredýär.
Bu ýöriteleşdirilen orta hünär okuw mekdebiniň talyplary tejribe döwründe aragatnaşyk ulgamynyň düzümine degişli ylymlary, internet torunyň mümkinçilikleri, maglumat tehnologiýalary, elektron resminama dolanyşygy, kibernetika, kompýuter sowatlylygy, awtomatlaşdyrylan maglumat inženeriýasy, robot tehnikasy, awtomatika we elektronika boýunça hünärleri giňişleýin öwrenýärler.
Aragatnaşyk ulgamynyň iň täze usullaryna daýanýan telekommunikasiýa hyzmatlaryndan ýerlikli peýdalanmak sanly ykdysadyýetimizi milli äheňde ýokarlandyrýar we dünýä giňişliginde ylmy-tehniki ugry boýunça halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine giň ýol açýar. Ýurdumyz häzirki wagtda, Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň abraýly ylmy-tehniki merkezleri bilen dostlukly gatnaşyklary işjeňleşdirýär we yzygiderli onlaýn görnüşde wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlar we tejribe işleri geçirilýär. Bu bolsa talyp ýaşlarymyzyň ähli innowasion täzelikleri öwrenmekleri, daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen arabaglanyşyk saklamaklary we olar bilen özara tejribe alyşmaklary, şeýle-de maglumat-telekommunikasiýa ulgamynyň çägini giňeltmekleri üçin mümkinçilik döredýär.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda aragatnaşyk-telekommunikasiýa ulgamyna döwrebap tehnologiýalarynyň iň täze enjamlary ornaşdyrylýar. Ýurdumyzy belent sepgitlere çykarmak maksady bilen aragatnaşyk ulgamyna degişli bilim alýan hünärmenleriň ýylsaýyn sanynyň artmagy, şeýle-de internet ulgamynyň çäksiz mümkinçilikleriniň giň möçberli özgertmeleri döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşine kuwwatly itergi berýär.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk
kompaniýasynyň hünärmeni.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.