Sanly ulgam – döwrebaplyk binýady

20-07-21

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Milli Liderimiz tarapyndan ileri tutylýan, durmuşymyzyň hemme ugurlarynda biziň has tijenip işlemegimizi talap edýän wajyp umumymilli wezipe – sanly ulgama geçmek boýunça özgertmelerdir. Sanly ulgam – zamananyň talaby, döwrebap ösüşleriň binýady bolup durýar.  Häzirki zamanda diňe senagat däl, eýsem oba hojalygy, tutuş ykdysadyýet, umumy durmuş hem sanly dolandyryş ulgamlarynyň has giň möçberde ulanylmagyny talap edýär.

     Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işläp taýýarlanan “Türkmenistanda 2019−2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” öz wagtynda ýerine ýetirilmegi  ýurdumyzyň bütin dünýä bilen aýakdaş gitmeginiň, ösen döwletleriň hataryna goşulmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Dünýäde ýokary halkara abraýy, ykdysady we durmuş derejesi, döwrebap ylym we medeniýet ulgamy bilen tanalýan Türkmenistan döwletimizde sanly ykdysadyýete geçmek üçin gerek bolan zerur şertler doly ýeterlikdir. Esasy zat hem, ýurdumyzda ykdysadyýetiň we dolandyryşyň sanly ulgamyna geçmek boýunça alnyp barylýan işler hut Hormatly Prezidentimiz tarapyndan gös-göni gözegçilikde saklanýar. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygaryna beslenen bu ýyl üçin bu ugurdaky wezipeleri hasam aýdyňlaşdyrylyp, barha işeňňir häsiýete, anyk ugurlara we gujurly depginlere eýe boldy. 

Gysga taryhy möhletiň içinde sanly ykdysadyýete geçmegimiz dünýäde biziň ýurdumyzyň öz mynasyp ornuny almagyny, halkymyzyň durmuş derejesiniň hasam ýokarlanmagyny, uzak geljegimizi nazarlaýan howpsuz, ygtybarly ösüşimizi üpjün eder,  ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiklerine we ynamly ösüşine giň ýollar açar.   

 Bu düýpli özgertmeler bilen baglanyşykly tutuş dünýäde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda-da täze pudaklar, bazarlar, dolandyryş nusgalary peýda bolup, olarda işçi-hünärmenler hökmünde häzir orta mekdeplerde, ýörite we ýokary hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyz zähmet çekerler. Milli Liderimiziň görkezmeleri boýunça bu özgertmeleriň talabyndan ugur alnyp, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň binýadynda täze hünärler − elektron täjirçiligi we elektron işewürligiň ykdysadyýeti hünärleri açyldy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgamlary dolandyrmak boýunça hünär-başarnyga eýe bolan ýaş nesliň wekillerine aýratyn bil baglaýar. Gahryman Arkadagymyzyň şu günki ýaşlarymyzyň ozalky nesillerden düýbünden tapawutlanýandygy baradaky öwgüli sözleri  ýaş nesil üçin iňňän buýsandyryjy hakykatdyr. Milli Liderimiz bagtyýar ýaşlarymyzyň öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýandyklary, çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny dolandyrmagy başarýandyklary belläp, ýaşlarymyza halkara derejeli iri ykdysady ulgamlary dolandyrmagy arkaýyn ynanyp boljakdygyny tassyklady. Sanly ulgama geçmek bilen baglanyşykly il bähbitli, ägirt ähmiýetli işlere öz güýç ýetdik goşandyny goşmak her birimiziň watançylyk we raýatlyk borjumyz bolup durýar. Ýurdumyzyň her bir ykdysady pudagy, edara-kärhanalar, ýolbaşçylar we hünärmenler öz işlerinde sanly ulgama geçmek boýunça özgermelere taýýar bolmalydyrlar we ony üstünlikli amala aşyrmak boýunça güýç-gaýratlaryny we zehinlerini gaýgyrmaly däldirler. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, dolandyryş, hyzmat ediş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak boýunça görülýän çäreleriň many-mazmunyny we ähmiýetini ilata düşündirmek boýunça edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet, köpçülikleýin habar beriş, bilim işgärleri öz yhlasly goşantlaryny goşmalydyrlar. Şunuň bilen baglylykda sanly ykdysadyýete geçmek boýunça görülýän çäreleriň many-mazmunyny we ähmiýetini ilata düşündirmek biziň işimiziň möhüm ugry bolmalydyr.

 Goý,  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlarda gülläp ösmeginiň hatyrasyna belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimiziň döwletli tutumlarynda, ajaýyp başlangyçlarynyň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris! 

Gurbanmyrat ABDYWELIÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.
 

 

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.