Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

20-07-21

19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkiminiň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem öňde boljak şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.

Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowyň hasabatyny diňledi. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri toplumlaýyn abadanlaşdyrmak boýunça dowam edýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny bellemäge görülýän taýýarlyk hem-de şöhratly taryhy sene mynasybetli açylmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşyk depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Şu ýylyň birinji ýarymynda täze desgalaryň ençemesi ulanmaga berildi. Ýylyň ahyryna çenli desgalaryň ýene-de birnäçesini açmak göz öňünde tutulýar. Häzir paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, şeýle hem şäheriň köçelerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Aşgabady bagy-bossanlyga büremäge, şol sanda onuň şaýollarynyň ugrunda, seýilgählerde we seýilbaglarda gülleriň dürli görnüşlerini ekmäge aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde häzir Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriň birine öwrüldi. Muňa paýtagtymyzyň we onuň birnäçe binalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi-de şaýatlyk edýär.

Bulardan başga-da, häkim gyş möwsümine taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy, şäheriň inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, olary degişli ulanyş ýagdaýynda saklamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak işini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz paýtagtymyzyň düzümlerini kämilleşdirmegiň meseleleri barada aýdyp, häkime Aşgabatdaky agyz suwy zawodyny düýpli abatlamak, könelişen suw geçirijileri döwrebaplaşdyrmak hem-de suwuň ygtybarly halkalaýyn suw üpjünçilik ulgamyny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirip, şäherde bina edilýän, kuwwatlylygy gije-gündiziň dowamynda 150 müň kub metre barabar bolan suw arassalaýjy desgadaky gurluşyk işlerini bellenilen möhletde tamamlamagyň hem-de onuň ýokary hilini üpjün etmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň jemagat hojalyk düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Olaryň işine innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamy hem-de dünýädäki iň gowy tejribeleri işjeň ornaşdyrmak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyza şäher häkimligi tarapyndan satyn alnan we jemagat gulluklary üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen awtoulaglary gysga möhletde getirmek hem-de işe girizmek üçin zerur çäreler görülmelidir.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda köprüleri we ýollary abatlamak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Aşgabat özüniň belent paýtagt derejesine laýyklykda, ähli görkezijiler, şol sanda binagärlik keşbi, durmuş-ykdysady, ýol-ulag, inženerçilik-tehniki düzümleri, abadanlaşdyrmak, arassaçylygy we düzgün-tertibi saklamak boýunça çalt depginde ösýän hem-de adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şertleri bolan döwrebap şäheriň nusgasy bolmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň bilen baglylykda, häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow dürli desgalary we binalary gurmak boýunça paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu ýyl paýtagtymyzda önümçilik hem-de durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň birnäçesiniň gurluşygynyň tamamlanandygyny hem-de dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berlendigini aýtdy. Şolar bilen bir hatarda, paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän medeni we durmuş maksatly binalar barada hasabat berildi.

Şeýle hem “Altyn kölüň” kenarynda dynç alyş zolagynda binalary we desgalary hem-de Aşgabat şäherinde täze medeni merkezi gurmak üçin potratçylary saýlap almak boýunça yglan edilen bäsleşikleriň dowam edýändigi habar berildi.

Paýtagtymyzy has-da abadanlaşdyrmak we binagärlik keşbini kämilleşdirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimize taýýarlanylan şekil taslamalary boýunça gymmatly maslahatlaryny bermegi haýyş etdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda giň gerimli şähergurluşyk taslamasynyň amala aşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belläp, sanly ulgama geçilmegine hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän täze binalaryň taslamalarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny guramak barada görkezme berdi. Şol taslamalara ýakyn wagtda serediler.

Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow A.Saparowy senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesine belläp hem-de degişli Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi.

Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen Aşgabady toplumlaýyn ösdürmäge, adamlaryň oňaýly ýaşamagy üçin şertleri üpjün etmäge gönükdirilen wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

15-01.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.