Bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak – innowasion özgerişe badalga
14-11-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem kämilleşdirilmegi ugrunda ýurdumyzda netijeli işler giňişleýin alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bilim ulgamyny kemala getirmek, türkmen ylmyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän döwrebap işleriň barha giň gerim alýandygyna şaýatlyk edýär.
Häzirki zaman dünýä jemgyýetçiliginde sanly tehnologiýalara has köp üns berilýär. Her gün täze tehnologiýalar, programma üpjünçiligi we döwrebap enjamlaryň çözgütleri peýda bolýar. Işjeň ösýän bazaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrýan köp sanly hünärmenler täze enjamlary, programma üpjünçiligini döretmek we täze tehnologiki amallary ornaşdyrmak boýunça iş alyp barýarlar. Sanly üýtgeşme diňe bir tehnologiki üýtgeşmä degişli däldir. Sanly ulgamlaryň durmuşa geçirilmegi ähli ugurlardaky işleriň netijeli we çalt amala aşyrylmagyna mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem kagyz dolanyşygynyň aradan aýrylyp, elektron dolanyşyk arkaly işleriň göwnejaý hem-de talabalaýyk derejede, çalt depginlerde alnyp barylmagy üçin amatly şertleri döredýär.
Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösüşine işjeň goşulmak, milli ykdysadyýetimizi ýokary depginde ösdürmek üçin eziz Watanymyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, ylymly-bilimli, ýiti zehinli, ussat ýaş hünärmenleriň ýetişdirilmegi esasy orunda goýulýar. Geljek üçin ähmiýetli bolan möhüm wezipeleriň hatarynda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmagy amala aşyrmak babatda giňişleýin işleriň alnyp barylmagy guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň aýdyň geljeginiň, bagtly ertirleriniň eýeleri bolan ýaş nesliň kämil, döwrebap bilim almagy we alan bilimlerini çuňlaşdyryp ösdürmegi üçin Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ähli şertler döredilip berilýär.
Akylly enjamlaryň, kämil tehnologiýalaryň çalt depginde durmuşymyza ornaşýan hem-de ösýän döwründe bilim almagyň esasy şerti-de durmuşa ornaşýan kämil tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarmak bolup durýar. Sebäbi döwür öňe barýar, ylma daýanýan täze-täze tehnologiýalar durmuşymyza işjeň aralaşýar. Häzirki döwürde döwrebap bilim almaklygy innowasion tehnologiýalar bolmazdan işjeň ýagdaýda alyp barmak mümkin däl. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ykdysadyýetiň beýleki ugurlary bilen birlikde bilim ulgamyny hem sanlylaşdyrmak işleriniň çalt depginde alnyp barylmagy we bu ulgama häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy geljekki ösüşleriň düýp özenini emele getirýär.
Bilimi sanlaşdyrmagyň esasy elementlerinden biri sanly sowatlylykdyr. Sanly sowatlylyk bilimiň esasy ileri tutulýan ugry, sanly programmalary, kompýuter programmirlemesini, grafiki usullary ulanmak ukybydyr. Alymlar sanly sowatlylygyň sekiz elementiniň bardygyna ynanýarlar, onda onlaýn işlemek we “sanlary” ulanmak endikleri bolup, olaryň arasynda internet gurşawynyň medeni baglanyşygyna aýratyn orun berilýär. Bilimiň sanlylaşdyrma strategiýasy – emeli aň, blokirleme we wirtual hakykat ýaly geljegi uly innowasiýa tehnologiýalaryny üpjün edýär. Emeli aň “akyl bilen baglanyşykly” meseleleri çözmek üçin ulanylýan tehnologiýa bolup, onuň ähli ösüşleri şekili tanamak üçin programmalary, awtomatiki maşyn sürmek we terjime ulgamlaryny döretmäge gönükdirilendir.
Bünki gün ýer ýüzi – “Sanly” – öwrülişigiň bosagasynda, bu öwrülişik – täze sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyny aňladýar. “Sanly öwrülişik” adalgasy köplenç diňe tehniki ölçegini aňladýar. Emma muňa oýlanyşykly jogap bermek gerek sebäbi okatmagyň we öwrenmegiň täze usullary we gurallary hökmany suratda jemgyýetçilik özgerişlerine sebäp bolýar. Häzirki wagtda giňden ulanylýan “Sanly bilim”, “sanly ulgam”, “sanly tehnologiýa” ýaly düşünjeleriň manysyna çuňňur düşünmek, adamyň aňynda ýiti bilesigelijiligi ýüze çykarýar. Häzirki wagtda pedagogika ylmynda we tejribesinde sanly bilimiň ösüşi bilen baglanyşykly täze adalgalary aýdyň düşündirmek entek mümkin däl. Olaryň manysyna doly we dogry düşünmek maksady bilen bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ýygy ulanmagyň ähmiýeti wajyp bolup durýar. Edil şu pursat bu düşünjeler biziň üçin täze bolup biler. Emma ýene birnäçe ýyldan soň, geljekki ýaşlara beriljek bilimi nazara alsak, onda olar üçin hödürlenjek nazary bilimler bu düşünjeleriň ýeňildigine düşünmäge kömek eder. Sanly ulgamyň ösüşi barada aýtsak, eýýäm ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde diýen ýaly, sanly ulgam bilen baglanyşykly täze hünärleriň açylmagy, sanly tehnologiýalaryndan baş çykarýan täze nesilleriň kemala gelmegine ýardam berýär.
Şeýle hem häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamda ýurdumyzda ýaş nesilleriň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmaga uly üns berlip, ähli bilim ojaklarynda ýaş nesillere kompýuter boýunça kämil bilim berilýär. Biz ylmyň hem bilimiň şeýle täzeçe ösüş ugurlary bilen geljegiň täze giňişliklerine aralaşýarys. Bu bolsa jemgyýetiň döredijilik aňynyň işjeňleşmegine ýardam edýär. Ata ýurdumyzyň gülläp ösmegi-de, ilkinji nobatda, bilim hem ylmyň ösüşine baglydyr. Hut şonuň üçin, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlarymyzyň kämil bilim goruna eýe bolup, ösen aň mümkinçiliklerini doly açmagy, kämilleşmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ajaýyp üstünlikleri şanly ýylymyzyň aýratyn öwüşgini bolup, buýsançly ýüreklerde bagtyýar döwrümize bolan söýgüni has-da goşalandyrýar!
Sonatäç NURMYRADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.