BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ UGRY BILEN

04-04-24

Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda merdana pederlerimiziň dünýä giňişligine uzaýan dost-doganlyk ýollary, asyrlara şaýat bolup oturan taryhy ýadygärliklerimiz, älem-jahanda beýik ykrarnama eýe bolan milli nusgalarymyz bilen bir hatarda, türkmen gelin-gyzlarynyp asyllylygy, mertligi, edep-ekramy, ugurtapyjylygy hakynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär.

Bilşimiz ýaly, gojaman taryhyň dürli döwürlerinde türkmen zenanlarynyň hormatyna belent-belent galalar, köşki-eýwanlar saldyrylypdyr. Munuň özi türkmen zenanlarynyň beýik mertebä eýe bolandygyna şaýatlyk edýär. “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” eseriniň birinji kitabynyň  “Jeýhunyň ýakasy” bölüminde söhbet açylýan Daýahatyn binasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň beýan etmegine görä, ol ýeriniň hökümdarynyň asyllydan görkana aýaly bolupdyr. Ýöne bir duşman onuň aýalyna müňkür bolmagy üçin hile gurapdyr. Hökümdar aýaly hakynda aýdylan ýalan töhmede ynanyp, öýkeläp, derwüş sypatyna girip, dogduk mekanyny taşlap gidipdir. Namysjaň, wepaly aýaly bolsa, sabyr-takada gol berip, ýan-ýoldaşyna garaşypdyr hem-de ötüp-geçip duran kerwenleriň hal-ýagdaýyna ýarajak belent kerwensaraý gurmagyň aladasy bilen bolupdyr. Kyn şertlere garamazdan, gurluşyk uly depginde alnyp barlypdyr. Şeýle günleriň birinde Daýahatyn gurluşykçylaryň arasynda öz adamsyny tanapdyr. Ýöne özüni oňa tanatmandyr. Soňra merdemsi zenan adamsyna ýalňyşandygyny duýar ýaly ýagdaý döredýär. Adamsy hem göbek ganynyň daman topragyna dolanýar.

Rowaýatdan görnüşi ýaly, türkmen zenany her hili pursat-ada öz ojagyna, ömürlik ýan-ýoldaşyna ýokary ahlaklylygy bilen wepadarlygyň beýik nusgasyny görkezmegi başarýar.

Dünýä medeniýetiniň altyn ojagy hökmünde asyrlaryň dowamynda şöhratlanyp gelen gadymy Merwdäki Uly we Kiçi Gyzgala hem zenanlaryň hormatyna bina edilen arhitektura nusgasydyr. Hormatly Prezidentimiz “Gadymy Merw” bölüminde bu galalar bilen baglanyşykly halk arasynda giň ýaýrawa eýe bolan rowaýalatlar hakynda söhbet açýar. Ol rowaýatlarda ýigitleriň ömürlik hemrasyny tapmagy üçin döredilen erkin durmuş hakynda gürrüň berilýär.

Nusgawy kitabyň sahypalarynda bu künjekde öndürilen zergärçilik önümleri – şaý-sepler, monjuklar, kosmetik önümler we ýüpek matalar zenan gözelligine aýratyn ähmiýet berlendigini alamatlandyrýar.

Türkmen zenanlary asyrlaryň dowamynda batyrlygy hem-de päk ahlagyny goraýjylygy taryhyň sahypalarynda uly yz galdyrypdyrlar. Eziz Arkadagymyz kitabynyň “Nusaýdan Dehistana çenli” bölüminde bu hakda dürli maglumatlary beýan edýär. Ol maglumatlaryň biri gadymy Paraw obasynda ýaşan, halk arasynda Parawbibi ady bilen tanalan edenli, edepli, hoşniýetli gyz hakynda.

Halk rowaýatlaryna görä duşmanlar Parawbibiniň kastya çykypdyrlar. Öz ýaryna wepaly zenan dagyň jümmüşine aralayyp, beýik Taňrydan pena isläpdir hem-de dagyň gaýasy süýşüp, onuň goýnunda hemişelik galypdyr. Eziz Arkadagymyz kitabynda Parawbibiniň hormatyna belent daglaryň jigerinde ýerleşen aramgähine halk tarapyndan uly hormat goýulýandygy, häzirki döwürde onuň adamlaryň ýygy-ýygydan gelýän zyýaratgähdigini beýan edýär.

Özünde gojaman taryňyň set-mümlerçe wakalaryny saklap ýatan Beýik Ýüpek ýoly täsinliklere eýe. Ýeriň süňňüne gatbar-gatbar gatlanan zerrin guşaga çalymdaş ol ýollarda türkmen zenanlarynyň öz mertebesini buýsanç bilen saklap, özünden soňky nesillere päk ahlak, mertlik, ýanbermezlik ýaly belent sypatlara eýe bolan durmuş ýoluny miras goýandygy buýsançlydyr.  

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Merjen SEÝIDOWA, 
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň mugallymy. 

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.