TÜRKMENISTANYŇ ULAG DIPLOMATIÝASYNYŇ BELENT ÖSÜŞLERI

27-07-21

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ulag ulgamy görülip-eşidilmedik derejelere ýetýär. Bu ugurda ýurdumyzyň daşary syýasaty we halkara guramalary bilen netijeli işleri ýurdumyzyň halkara derejesinde ulag mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna gönükdirilýär. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň dünýä we sebit meseleleri babatda halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işi üstünlikli dowam etdirilýär. Şol başlangyçlaryň biri hem ýurdumyzda ulag diplomatiýasyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan bimöçber işlerdir.

Hormatly Prezidentimiziň ulag diplomatiýasy durnukly ösüşi üpjün etmäge itergi berýän möhüm şertleriň biri bolmak bilen dünýäniň sebitlerini we yklymlaryny birleşdirmäge giň mümkinçilikleri açýar. Her bir döwlet öz geografik taýdan amatly ýerleşişini we mümkinçiliklerini ulanmak arkaly ykdysady ösüşi üpjün etmekde zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşlere eýe bolan ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşmegi ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmäge uly mümkinçilikleri döredýär.  

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan häzirki zaman halkara hyzmatdaşlyk ulgamynyň işjeň agzalarynyň biri bolmak bilen, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek işine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň maksatlaryna we wezipelerine esaslanýan «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 – 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, ulag ulgamy ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynda ulag ulgamyna aýratyn orun degişli edilip, esasan halkara giňişliginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmaga we dünýä giňişligine çuňňur goşulyşmaga  gönükdirilendir. 

Häzirki wagtda ýurdumyzda iň döwrebap ulag-üstaşyr logistiki düzümini hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny çalt kemala getirmek babatynda ädilýän ädimler diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit we hatda global ösüşi üpjün etmekde hem hereketlendiriji güýje öwrüldi. Geografiki taýdan örän amatly – Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag ýollarynyň hem-de aragatnaşyk geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşmek bilen, Türkmenistan ägirt uly üstaşyr kuwwata eýedir. Gelejekde ýurdumyzyň ulag ulgamynyň Demirgazyk – Günorta, Günbatar – Gündogar ugurlary boýunça ösdürilmegi Ýuwaş ummanyndan Hazar we Gara deňizlerine çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi birleşdirmäge mümkinçilik berer. Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy ulgamyndaky başlangyçlary halkara bileleşiginde giňden makullanýar we dünýä döwletleri tarapyndan uly ynam bildirilýär.

Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň syýasy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlary esasynda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Rezolýusiýalar kabul edildi. Şeýle-de bu taryhy wakalardan köp wagt geçmänkä 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda bolsa üçünji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýanyň biragyzdan goldanylmagy, şeýle hem 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi türkmen diplomatiýasynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, bütin dünýä ähmiýetli, umumadamzat bähbitli resminamalaryň kabul edilmegi, ýurdumyzyň halkara ulag ulgamynyň kemala gelmegini maksat edinýän döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Ulag ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlar döwlet Baştutanymyzyň logistika strategiýasynda örän aýdyň ýüze çykýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde soňky ýyllarda gurlup ulanylmaga berilen paýtagtymyzdaky täze Halkara howa menzilini, Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýolunyň birinji nobatdakysyny, Kerki – Ymamnazar – Akina ugruny, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuny, şeýle hem Aşgabat – Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň başlanmagyny görkezmek bolar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglaryny peýdalanmak bilen amatly we howpsuz halkara geçelgeler döredilýär. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňelmegini, hyzmatdaşlygyň berkemegini, söwda dolanşygynyň mukdarynyň artmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynda gaýtadan gurlan demir ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde Turgundy menziliniň geçirijiligi ýokarlanyp, owgan önümlerini halkara bazarlara çykarmaga, daşary ýurt harytlaryny ýurda gysga we amatly ýol bilen getirmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan Türkmenbaşy – Farap we Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýollarynyň gurluşygy, magistral awtoýollar ulgamynyň durkunyň täzelenmegi, ýokary tizlikli ýollaryň çekilmegi ýurdumyzda awtomobil ulaglary arkaly halkara ýolagçy we ýük daşamalary üçin amatly şertleri döredýär.

Dünýä ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak hem-de Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlarynda wajyp ýollary we merkezleri birleşdirýän esasy magistrallar boýunça düzümleri mundan beýläk-de giňeltmek ýakyn geljegiň möhüm meseleleriniň hatarynda durýar. Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmegiň maksatlaryny durmuşa geçirmek hem-de Ýewraziýanyň dünýädäki iki ykdysady giňişliklerini birikdirmek bilen baglylykda bu ugurda möhüm logistiki geçelgeleri kemala getirmek uly ähmiýete eýe bolýar. Bu taslama şeýle hem Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa – Ýuwaş ummany sebitleriniň ýurtlary ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere çykylmagyny üpjün etmek bilen, günorta we gündogar ugurlarda halkara ulag ulgamyna birleşmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Demirgazyk – Günorta ugry boýunça ýük daşalýan Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta – Gündogar Aziýa ugurlaryna eksporty artdyrmaga mümkinçilik döretdi.

2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda «Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyk (Lapis Lazuli) ugry boýunça Ylalaşyk» baglaşyldy. Bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňizleri, Orta ýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam etjek ugur bolup durýar.

Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda bäştaraplaýyn döwletara Ylalaşygy Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň çäkleriniň üsti bilen harytlaryň, ýolagçylaryň we ulag serişdeleriniň sazlaşykly geçmegine ýardam bermek, ylalaşýan taraplaryň çäkleriniň üsti bilen harytlaryň, ýolagçylaryň we ulag serişdeleriniň howpsuz geçmegini üpjün etmek, zerur bolanda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp, üstaşyr herekete degişli zerur dolandyryş usullaryny we amallaryny ýönekeýleşdirmek, bu ugruň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak ýaly zerur ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýar.

Her bir döwletde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ýurduň ulag ulgamyny ösdürmek möhüm şert bolup durýar. Ýurdumyzyň ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän giň möçber özgertmeler döwletimiziň ykdysady ösüşine, senagat we ulag düzümleriniň ösdürilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine goşmaça kuwwatly itergi bermek bilen, iri maýa goýumlary  ýurda çekmäge uly mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem geografik taýdan esasy söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen ýurdumyz müňlerçe ýyllar mundan öň bolşy ýaly, häzir hem bu gadymy kerwen ýolunyň möhüm halkasy bolmagynda galýar. Onuň innowasiýa taýdan täzeden dikeldilmeginde Türkmenistan barha işjeň we ähmiýetli orun tutýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag we aragatnaşyk pudagynyň depginli ösdürilmegi täze durmuş-ykdysady şertleriň kemala gelmegine, işewür we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, goňşy ýurtlar bilen bir hatarda gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hyzmat edýär.

Ýurdumyzyň ulag syýasatynyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda, ulag ulgamyny kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!

Ýusup MYRADOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň öwreniji mugallymy.

1693fa0f87dc2d.jpeg
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi halkara sergä gatnaşdy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan giň gerimli sergi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi hem gatnaşdy.


1693f92b31ed65.jpeg
Medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti

Paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilen halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bilelikde gatnaşdy.


1693c0a29a50a8.jpeg
Dünýä liderleri Aşgabatda Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýdular

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara dabaralara gatnaşmak üçin ýurda gelen döwlet baştutanlary we hökümet ýolbaşçylary anna güni Aşgabatda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.


1693c09c0ad53f.jpeg
Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzyda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirilýär. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşýarlar.


1693c088f85461.jpeg
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bitaraplygynyň 30 ýyllyk mynasybetli giň gerimli sergi açyldy

Düýn berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli paýtagtymyzda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi açyldy. Oňa ajaýyp sene mynasybetli dürli dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar hem-de halkara guramalaryň wekilleri hem baryp gördüler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.