SANLY BILIM — ÖSÜŞIŇ ESASY ŞERTI

01-03-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň esasynda düýpli özgerdilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmek maksady bilen, iri ylmy-barlag taslamalary durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýakyn geljekde sanly ykdysadyýete geçmekde, bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.

Ýurdumyzyň bilim babatda kuwwatyny artdyrmak we onuň mümkinçiliklerini ähli ugurlarda we ulgamlarda häzirki zaman sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk derejede alyp barmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýaly möhüm resminamalar bar. Bular, öz gezeginde sanly ykdysadyýet bilen sanly bilim ulgamyny sazlaşykly ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy arkaly ulgamyň mümkinçiligi has-da ýokarlandy. Okadylýan dersler boýunça berilýän maglumatlar ol ýa-da beýleki ugurlar boýunça dünýä tejribesi, öňdebaryjy usullar bilen yzygiderli esasda baýlaşdyrylýar. Munuň özi okatmagyň innowasion usullaryny giňden peýdalanmaga we öwredilýän maglumatlar bilen umumy netijeliligi artdyrmaga, berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga täze şertleri döredýär. Sanly tehnologiýalaryň esasynda kämilleşýän bilim ulgamynda hünärlere ýöriteleşdirilen, döwrebap okuw otaglarynyň, tejribehanalaryň, lingafon otaglarynyň hem-de beýleki mümkinçilikleriň bolmagy aýratyn ukyp we başarnyga eýe bolan hünärmenleriň täze neslini kemala getirmäge uly goşant bolup hyzmat eder.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynda halkara hyzmatdaşlygynada uly orun degişlidir. Bilim ulgamynda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde täze taslamalary durmuşa geçirmäge itergi berýär. Şol sanda okatmagyň we bilim bermegiň häzirki zaman usullary babatda tejribe alyşmaga ýardam berýär. Ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň hyzmatdaş döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinden kärdeşleri bilen maglumat we tejribe alyş çalşygyny guramagyň özide täze başlangyçlara gadam goýulýandygyny subut edýär. Bilelikde uzak aralykdan guralýan okuwlar, ylmy-amaly, ylmy-usuly maslahatlar bu aýdylanlara mysal bolup biler.

Sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek we durmuşymyza giňden ornaşdyrmak bilen bagly wezipeleri üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 

Saida BAZARBAÝEWA
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.