SANLY YKDYSADYÝET ARKALY ÖZGERTMELER ÝOLUNDA
30-07-21
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmagyň we sanly ulgama geçmegiň wezipeleri we bu ulgamda depginli ösüşiň ugurlary kesgitlendi. Bularyň ählisi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we ýurdumyzyň gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirlendir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan – parahaçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda milli ykdysadyýetimizi ösen döwletleriň derejesine çykarmak hem-de öňdebaryjy döwrebap tilsimatlary we usullary ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.
Ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň täze tapgyryna ynamly ädimiň ädilendigini, ýakyn geljegi nazarlaýan bu strategiýanyň ýurdumyzyň mundan beýläk hem durnukly ösüşini üpjün etmegiň netijeli ýollarynyň birine öwrüljekdigine ynamy has-da pugtalandyrdy.
Sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi jemgyýetçilik durmuşynda we maliýe işinde maglumat-aragatnaşyk serişdeleriniň ähmiýetiniň kämilleşmegi bilen häsiýetlendirilýär.
Sanly ykdysadyýet arkaly özgertmeler, san görnüşindäki maglumat- aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýet bolmak bilen, döwrebap infrastrukturany döretmek, institusional gurşawy emele getirmek, sanly tehnologiýalar bilen işlemek mümkinçiligini ösdürmek zerurdyr. Şol sebäpden ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda sanly ykdysadyýety ösdürmek boýunça okuw maslahatlary yzygiderli esasda alnyp barylýar.
Sanly ykdysadyýet dünýä ýüzünde köpleri gyzyklandyrýan meseleriň birine öwrüldi. Munuň sebäbi bolsa, ykdysadyýetiň sanly görnüşinde jemlenen mümkinçilikleriň diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmek däl-de, eýsem, durmuşyň hem özgermegine getirýändigi we dünýä jemgyýetçiliginiň sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna geçilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Dünýä giňişliginde internetiň ýüze çykmagy, şahsy kompýuterleriň giňden ulanylmagy we maglumat aragatnaşyk ulgamynyň giňden ýaýramagy hem-de hiliniň ýokarlanmagy ykdysady gatnaşyklaryň sanly elektron görnüşiniň ösmegine itergi beren ugurlaryň biri hasaplanýar. Köplenç ýagdaýda, elektron ykdysadyýetiň düýp mazmunynyň iki sany aýratynlykdan ybaratdygy barada netije çykarmaga mümkinçilik berýär ýagny, ýurduň hojalyk ulgamyndan tapawutlylykda oňa uzak aralylyk mahsusdyr, ol internet giňişlikden daşary hereket edip bilmeýär. Bu häsiýetli aýratynlyk ondan peýdalanyjylar üçin birnäçe oňaýlyklary döredýändigi bilen tapawutlanýar. Ol maglumatlary alyş-çalyş etmegiň, şertnama baglaşmagyň we özarahasaplaşyklary geçirmegiň tizligini artdyrýar, wagty tygşytlaýar we ozara gatnaşyklary ýönekeýleşdirýär. Ikinjiden bolsa, sanly ykdysadyýetiň ýokary maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň hyzmatlaryna bolan garaşlylygydyr.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiň sanly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn Maksatnamalaryň we Konsepsiýalarynyň durmuşa geçirilmegi ýurduň ykdysady ösüşini üpjün etmekde sanly ulgamyň zerur bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak we yzygiderli esasda kämilleşdirip durmak wezipeleri, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde tutýan ornunyň pugtalanmagyna we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Şu nukdaýnazaryndan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň degişli karary bilen, ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy» kabul edildi. Bu konsepsiýa laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň sanlaşdyrylmagy we sanly ykdsadyýet arkaly özgertmeler ýolunda giň möçberde işleriň amala aşyrylmagyna mümkinçilik döredýär.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen, döwrebap ulanylýan sanly innowasion tehnologiýalar ösüşiň täze tapgyryna geçmek üçin berk binýat bolup durýar.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň çäklerinde, sanly hyzmatlarynyň bazarynyň gerimini giňeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Müşderilere döredýän amatlyklar barada durlup geçilmegi bilen, sanly hyzmatlarynyň bähbitli taraplaryny ösdürmek, kämilleşdirmek hem-de olar babatynda dünýägaraýşymyzy özgertmek döwrüň talabydyr.
“Türkmenistan – parahaçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallary bilen, başy başlanan ykdysady özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň we guramalarynyň sanly ykdysadyýete geçirilmegi we täze döwrebap sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy geljekki strategik ugurlaryň biridir.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş sertlerini gowulandyrmaga we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirlen özgertmeleri geçirýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Halmyrat HOJAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy sişenbe güni habar berdi.
Medeniýet hepdeligi — 2026: üçünji gün
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerini öz içine alýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.
Oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
24-nji iýunda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara dost-doganlyk gatnaşyklary — parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady” atly maslahat geçirildi.
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy agyr ýük ulaglarynyň sürüjilerini işe kabul edýär
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine degişli Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy täze iş orunlarynyň açylandygyny yglan etdi. Kärhana «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük ulaglaryny dolandyrmaga ukyply we degişli tejribä eýe bolan sürüjileri işe çagyrýar.
Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz rowaçlygyň ýoly bilen öňe barýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.