Türkmen edebiýatynyň göwher täji
06-03-24
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Watanymyzyň binýadyny berkidýän, il-ýurt bähbitli işleriň rowaç alýan täze eýýamy. Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň pähim paýhasy bilen Türkmenistanyň durmuş ykdysady ýagdaýy ýokary derejede ösýär, özgerýär, ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolanymyzdan soňra, edebi mirasy öwrenmek işi düýpli ýola goýuldy. Türkmen alymlary munuň üstünde köp işleri amala aşyrýarlar. Türkmen edebi mirasynyň esasy bölegini akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi tutýar.
Magtymguly türkmen halkynyň milli şahyry, milli guwanjy, milli buýsanjy hasaplanýar. XVIII asyrdan bäri Magtymguly her bir türkmeniň öýünde, kalbynda, aňynda ýaşap gelýar. Türkmen diýlende, Magtymguly, Magtymguly diýlende, türkmen diýen söz biygtyýar ýadyňa düşýär.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2024-nji ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň baý hem–de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy goramak, öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek, şeýle hem giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ady äleme dolan ussadyň sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp, diňe milli däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Häzirki döwürde Magtymgulynyň goşgulary Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň halk bitewüliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar. Şahyryň ynsanperwer pikir-garaýyşlary asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär.
Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize galdyryp giden şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, onuň baý many-mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlarynyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Aýratynam, akyldar şahyrymyzyň baryp XVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri bu gün ýaşlarymyzyň uly durmuş mekdebine öwrüldi.
Magtymguly Pyragy özüniň ajaýyp şygyrlarynda türkmen halkyny birleşdirmek, halkyň agzybirligini gazanmak, Watany goramak hem söýmek, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, adalatlylyk üçin göreşmek, ynsany bezeýän ahlaklylyk, ynsanperwerlik, kanagatlylyk, gara nebse çapmazlyk, kişini ynjytmazlyk, edeplilik, sahylyk, mertlik, namartlyk, galplygy, ikiýüzlüligi ýigrenmek, husytlyk, zalymlyk, baýlyk, garyplyk, söýgi, maşgala wepalylyk, dünýäniň gurluşyna akyl ýetirmek, iman baýlygyny gazanmak, ykbal, takdyr ýaly juda köp meseleleri özüniň liriki gahrymanynyň keşbine örän uly ussatlyk bilen siňdirip, çeperçiligiň şirin-şerbetine ýugrup suratlandyrýar.
Magtymguly Pyragy adamlarda ýagşy gylyk-häsiýetleri, ahlak sypatlaryny terbiýelemek bilen jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ýüze çykýan nogsanlyklary aradan aýyrmak bolar diýen netijä gelipdir. Şonuň üçin-de ol ynsany bezeýän, ony hakyky ynsan edýän, mertebesini beýgeldýän ähli ýagşy gylyk-häsiýetler hakynda söz açypdyr. Gowy gylyk-häsiýetleriň, ahlak sypatlarynyň döwürdeşlerinde we geljekki nesillerde bolmagyny isläpdir.
Watana bolan söýgi mährem enäniň ak süýdünden, dogan-garyndaşlardan, ene toprakdan, agzybirlikden, asudalykdan, ynsanperwerlikden, myhmansöýerlikden, ulyny-kiçini sylamakdan, «Bir suprada taýýarlanan aşdan», eziz çagalarymyzyň şadyýan gülkülerinden, gojalarymyzyň pähim-paýhasyndan, il-ýurt abadançylygyndan, Gahryman Arkadagymyzyň: «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen ajaýyp sözlerinden başlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň şol sözlerini eşideniňde Watana, halka, güneşli Diýarymyza bolan söýgi kalbymyzy heýjana getirýär.
Jemşidiň Jamyna deňelen beýik Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi örän baýdyr. Söz ussadynyň edebi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan eserleri, onuň ýaly şahsyýeti belent adamkärçiligiň, watançylygyň, salykatlylygyň nusgawy bolup, türkmen halkynyň arasynda ýaşap gelýar. Daýhan, işçi, gullukçy – bütin halk özüniň idegini ussadyň şygyrlaryndan tapýar. Umuman, şahyryň döredijilik meýdanynyň çägi asman giňişligi ýaly serhetsizdir.
Magtymgulynyň döredijiliginde türkmen tirelerini birleşdirmek, mähriban topragy keseki basybalyjylardan gorap saklamak, ynsan mertebesini ýokary götermek ideýasy aýratyn öňe çykýar. Şeýle hem şahyryň döredijiligi diňe tema baýlygy bilen tapawutlanman, eýsem çeperçilik tärleriniň ulanylyşy taýdan hem haýran galdyrýar.
Ata babalarymyzdan miras galan terbiýe, milli ýörelgeler bu günki gün nusgalyk mekdebe öwrüldi. Aýratyn hem özüniň akyl-paýhasa ýugrulan eserleri bilen dünýä edebiýatyna mynasyp goşant goşan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň umumadamzat nesliniň öňünde bitiren hyzmaty örän uludyr. Magtymgulynyň keşbi mertligi, batyrlygy, mukaddes Watany, ene topragy wasp eden hyjuwly şahyr, ynsanperwerligi wagyz-nesihat ediji ynsan hökmünde halkyň hakydasyna siňipdir.
Gurbangeldi ŞÜKÜROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.