GADYMY ÝOLLARDA DÖRÄN ESERLER
02-08-21
Dürli döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň geçen mekanyna gelip, onuň taryhy geçmişi hakynda dürli eserler döreden ýazyjylar bir ýa-da iki däl, onlarça. Şeýle ýazyjylaryň biri meşhur ýazyjy Wasiliý Grigorýewiç Ýançeweskidir. Ýazyjynyň halka miras goýan eserleri bilen tanşanyňda, olarda gyzgyn Garagumyň aňňat-aňňat gum depeleriniň suw kimin akyşyny-da, gojaman Bahry-Hazaryň tolkunlarynyň möwjüni-de, gojaman daglaryň howlanyp görünýän keşplerini-de, halkyň däp-dessurlarny, ýörelgelerini, kerwen geçen ýollaryň yzlaryny-da görmek bolýar.
Wasiliý Ýan geçen asyryň başlarynda Türkmenistana gelip, bu gadymy topragyň ýadygärlikleri, edebiýat, däp-dessurlary hakynda dürli oçerklerdir hekaýalary ýazýar. Türkmen dilini öwrenmegi ýazyja obalarda bolup, heçmişden habarly ýaşulular bilen söhbet etmegine, olardan halkyň mirasyna degişli dürli maglumatlary toplamagyna ýardam edýär.
Şol döwürlerde Beýik Ýüpek ýoly üstünden geçensoň, bu ýoluň ugry bilen Türkmenistana gelip gidýänleriň sany ýyl-ýyldan artypdyr. Bezirgenler, täjirler, dürli döwlet işi bilen gelýänler bu ýerde düşläp geçipdir. Şol döwürde Wasiliý Ýanyň kalbynda ykbalyny bu toprak bilen baglamak höwesi oýanyp, ol kerwen ýollarynyň ugrunda ýerleşýän guýulara gözegçilik ediji bolup işe başlaýar. Soňra bolsa ol nebit alynýan ýerlerdäki işçileriň ýagdaýyny derňeýji bolup işleýär. Bu käri oňa Türkmenistanda işleýän “Nobel doganlar” atly nebit kompaniýasy bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam edýär. Hazarda Nobel doganlarynyň ýola goýan işleri, işçiler üçin niýetlenen ýatak jaýlar, inžener-tehniki işgärler hem-de dürli gullukçylar üçin salnan kerpiç jaýlar, suw süýjedýän desga, elektrik stansiýasy, 164 sany nebitli guýudan we kärendesine alnan onlarça ýer parçalaryndan önýän ýüzüň görnüp duran aýna ýaly nebit akymy ýazyjyda ýatdan çykmajak täsirleri goýýar. Şeýlelikde ol soňra Ogrujaly adasyna aýlanyp, adamzat saglygyna em bolýan sahawatly Bahry-Hazar bilen ýüzbe-ýüz bolup, ençeme gün ol ýerde ýaşaýar. Ýatdan çykmajak bu syýahatyň täsirleri ýazyjynyň ýan depderçesinde öz beýanyny tapýar.
Türkmen topragynyň her bir zady ýazyjy üçin özüne çekiji bolupdyr. Ýöne, türkmen topragynyň gursagynda ýaýylyp ýatan ymgyr Garagum welin onuň kalbyna aýratyn ylham oýarypdyr. Garagumyň gülzärlyklaryny synlamak, çöl çerenleriniň suw içýän keýikokrasyny gözüň bilen görmek, uzakdan jaň sesi eşidilýän kerweniň hatar gurap ötüp barşyny synlamak, sazaklaryň-selinleriň epgege ýan bermän, pür-pudak ýaýyp oturyşyny görmek...onuň kalbyna tükeniksiz lezzet beripdir. Bu maksady myrat tapyp, ýazyjy Maňgyşlagyň düzlerine, gadymy Merwe barýan kerwen ýollarynyň ury bilen ymgyr çölüklere aýlanýar. Ol öz ýatlamalarynda: “Men uç-gyraksyz Aziýanyň çägeli düzlüklerini, mawy alyslyklaryny, hatda garly gerişliklerini ýürekden söýdüm” diýip ýazypdy. Bu täsirleriň netijesinde bolsa ol “Çöldäki jaň sesleri” hekaýasyny ýazýar. Hekaýadaky: “Iňläp ýatan çölüň gataňsyrak topraklary ýerinde haçan gatnalany näbelli inçejik ýodalar köre hasa bildrip durdy. ýöne sähel şemal turdugy ondan-oňa göçüp ýören ürgün çägelikde yz saýgarmak hillalla. Şeýle ýagdaýda diňe çerkez-çetilerden edilen çelgiler dadyňa ýetişýr. Şeýle görnüşde-de çöl diýseň gözeldi...” diýen setirler okyjynyň özüni hut çölüň içinde ýaly ýagdaýa eýe edýär.
Türkmen topragynyň däp-dessurlary, urp-adatlary ýazyjyda ýakymly ýatlamalary goýupdyr. Bu ýatlamalar onuň “Garagumda”, “Skif düşelgesinden hat”, “Daglaryň ruhy” ýaly eserlerine siňipdir.
Wasiliý Ýan 20-nji ýyllaryň ahyrlarynda, 30-njy ýyllaryň başlarynda iň gowy eserlerini türkmen topragynda ýaşan ýyllary döredýän. Olaryň hatarynda ýazyjynyň “Alaňlardaky alawlar”, “Spartak”, “Finkiý gämisi” ýaly eserlerini görkezmek bolar.
Özüniň “Çingiz han”, “Baty han”, “Jelaleddin”, “Soňky deňze tarap” atly eserleri bilen dünýä edebiýatynyň hazynasyna saldamly goşant goşan Wasiliý Ýanyň ömri we döredijiligi türkmen topragy bilen baglydyr. Ol bu toprakda ykbalyň özüne bagyş eden özelliklerini synlap, köp-köp zatlary öwrenipdir.
Ýazyjy: “Türkmenistana gelmek meniň durmuşymda uly bir öwrülişik döretdi, meniň döredijiligimde uly bir yz galdyrdy” diýip ýazypdyr. Ýazyjynyň türkmen topragyndan täsirlenip döreden döredijilik mirasy halkymyzyň ruhuny göterip, kalbyny iýmitlendirip gelýär.
Güljemal ANNAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.