ARKADAGLY ÝAŞLAR - ÝURDUMYZYŇ AÝDYŇ GELJEGI
04-04-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Serdarmyzyň baştutanlygynda ähli pudaklar üçin giň dünýägaraýyşly, çuňňur pikirlenip bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak giň gerimde dowam edýär. Häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen, innowasion enjamlar gündelik durmuşymyzda wajyp oruna eýe boldy. Şeýle innowasion tehnologiýalary öwrenmek we olardan doly baş alyp çykmak üçin köp okamak, şeýle-de dünýäniň dürli dillerini düýpli öwrenmek zerur bolup durýar.
Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň: “Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris” diýip örän jaýdar bellemegi muňa mysaldyr. Häzirki wagtda Gaahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda orta we ýokary bilim ulgamlarynda uzagara bilim guramak boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar, bu ugurdaky halkara tejribesi işjeň öwrenilýär. Bu babatda ýurdumyzda ilkinji sapar mekdebe çenli ýaşly çagalaryň ata-enelerine çagalaryny mekdebe taýýarlamakda uzagara usuly kömegi bermek we mümkinçilikleri çäklendirilen raýatlar üçin uzagara okuwlary gurmaklyk işleri öwrenilýär. Bu işleriň amal edilmegi bilen ýakyn geljekde orta hünär bilimi bolan işgärleriň, onuň esasynda öz ugry boýunça ýokary bilim almaga mümkinçiligi bolar.
Şeýle hem, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän hünärmenleri üçin hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçirmeklikde uzagara tehnologiýalary giňden peýdalanylar. Şunuň bilen baglylykda, uzagaralykda bilim maksatnamalaryny özleşdirmäge mümkinçilik berýän tehnologiýalary ulanmak barada täze düzgünnamalary işläp taýýarlamak we milli kanunçylyga girizmek meýilleşdirilýär. Şu nukdaýnazardan bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we mundan beýläk hem informasion-kommunikasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatynda talabalaýyk çäreleri geçirmek zerur bolup durýar. Bellenip geçişi ýaly, innowasiýalar milli bilimiň derejesini ýokarlandyrmaga we ýurdumyzyň pudagara edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik döretmek bilen çäklenmän, eýsem daşary ýurtlary ylym-bilim merkezleri bilen aragatnaşygy sazlamaga mümkinçilik hem berer.
Döwrüň ösmegi, özgermegi Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dabaralanmagy innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy esasynda daşary ýurt dilleri özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär. Bilim ojaklarynda has takygy mekdep okuwçylarynyň dil öwrenmek derslerinde ýokary innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, bilim beriş usullarynyň soňky gazananlaryna daýanylyp geçilýän sapaklarda dil biliminiň aýratyn üns merkezinde bolmaklygy - geljegiň ýagtylygyndan habar berýär. Sebäbi, aýdyň geljek şu günüň ýaşlarynyň sowatlylygy bilen baglydyr.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, şeýle-de milli Liderimiziň ýokary ynamyndan ruhlanyp, alnyp barylýan bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak işiniň özüniň iň naýbaşy taraplaryny ýüze çykarjakdygyna şübhe ýokdur. Bilim ulgamyny ösdürmäge, täze döwre mynasyp ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!.
Döwrangeldi ATAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehaniki-tehnologiki fakultetiniň talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.