Ýaşlara ynam — aýdyň geljege tarap

04-04-24

Biziň halkymyz ýaş nesillere aýratyn nazar bilen garap, onuň terbiýesini, ylym-bilimini we sagdyn kemala gelmegini hemişe üns merkezinde saklaýar. Bu asylly ýörelge Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan il ýurt bähbitli özgertmelerinde, Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam edýän döwletli syýasatynda hem aýdyň ýüze çykýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi zamanamyzyň ýaşlarynyň ykbalyna gaýtalanmajak öwüşgin berip, many-mazmun çaýýar. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň irki ösüşinden başlap ähli aladalar bilen gurşalmagy, sowat öwrenmegi, edep-terbiýeli, hünär taýdan kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeklerini şertlendirýär.

Ýaşlaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin zerur bolan amatly mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwrüň talaplaryna hem-de geljekki ösüşiň ugurlaryna laýyklykda, bu babatdaky milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar.

Islendik ýurduň ösüşi diňe bir onuň tebigy serişdeleri, ykdysady we durmuş mümkinçilikleri arkaly däl-de, eýsem, ýokary hünärli, köptaraply hünärmenleriniň, ylym we tehnologiýa ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň derejesine bagly bolup durýar. Täzeçil usullar, sanlylaşdyrma, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalar häzirki döwürde döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň, umuman, jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň zehinini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga gönükdirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders we taslama bäsleşikleri, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil», «Talyp gözeli», «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri», «Ýylyň talyby» ýaly bäsleşikler, «Talyp joşguny» döredijilik festiwaly, «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi her ýyl yzygiderli geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolsa, olaryň üsti daşary ýurt dilleri boýunça guraljak «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary», mekdep okuwçylarynyň arasyndaky «Parahatçylyk — çagalaryň sesi», ýaş hünärmenlerdir telekeçileriň gatnaşmagyndaky «Söwda we döwrebap hyzmat», «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň iň oňat önümi», «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň iň göreldeli ýaş telekeçisi» ýaly täze bäsleşikler bilen ýetiriler.

Ýaşlary halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer, ahlak ýörelgeleriniň esasynda watansöýüjilik ruhunda, şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine laýyk derejede terbiýelemek täze taryhy eýýamda döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi, belent ruhly, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler ýurduň geljegi hakynda edilýän aladalar bilen hem aýrylmaz baglydyr. Çünki geljek şu günki ýaş nesil bilen baglanyşdyrylýar. Arkadagly  Serdarymyz hem: “Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip, ýaş nesliň ak ertirlerine uly ynam bildirýär. Gahryman Arkadagymyzyň: “Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr” diýen sözleri biz — ýaşlara egsilmez gaýrat, yhlas hem hyjuw bagyşlaýar.

Şeýle taryhy zamanada, bagtyýar nesilleriň ykbalyna nur çaýýan parasatly eserleri peşgeş berýän, her bir ajaýyp işde nusga bolýan Gahryman Arkadagymyza, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny rowaçlandyrýan hormatly Prezidentimize türkmen ýaşlarynyň alkyşlary egsilmezdir.

Döwran AGANAZAROW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.