Telefon ulgamy - tehnologiýanyň agirt üstünliginiň başlangyjydyr
04-08-21
Häzirki tehnologiýa innowasiýasynyň döwründe dünýäniň başga bir ujy bilen söhbetdeşlik guramak adaty ýagdaý hökmünde kabul edilýär. Emma tehnologiýa açyşlaryna çenli taryhymyza ser salsak, adamlar asyrlaryň dowamynda birek-birek bilen arabaglanyşyk guramagy çaparlaryň kömegi bilen, oduň tüssesi arkaly, daşaýjy kepderiler, deprekler ýaly usullar bilen ýerine ýetiripdirler. Ýöne bu usullar doly maglumat alyşmak we uzak aralyk üçin ýeterlikli bolmandyr. Adamlar elmydama aragatnaşygy ösdürmegiň gözleginde bolupdyr.
XIX asyrda, has takygy 1849-njy ýylda Pariž telegraf gullugynyň gözegçisi Çarlz Bursýol sesleri simleriň üstünden geçirip bolýandygy baradaky pikiri öňe sürýär. 1854-nji ýylda özüniň ýazan dissertasiýasynda telefonyň işleýşiniň ilkinji ýörelgesini beýan edýär we ilkinji bolup telefon sözüni ulanýar. Emma telefon aragatnaşygyny iş ýüzünde durmuşa geçirip bilmeýär.
1860-njy ýyllarda Nýu-Yorkorkly italiýan alymy sim arkaly ses geçirmek mümkinçiligini enjamyň üsti bilen görkezýär we 1876-njy ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Massaçusets ştatynyň Boston şäherinde Aleksandr Bell tarapyndan geljekki telefon enjamy adamlaryň durmuşyna ilkinji gadamyny basýar. Telefon enjamy aragatnaşyk ulgamynyň uly açyşy hökmünde dünýä ýaýraýar. Telefon enjamyna ilkibaşda «gürleýän telegraf» hem diýilipdir.
Şeýlelikde, XX asyryň başlarynda telefon görlüp-eşidilmedik meşhurlyk gazanyp, ilkibaşda uzak bolmadyk anyk araçäk boýunça işläp başlaýar. Şol döwürde telefon enjamynyň agramy 8 kilograma ýetýän birnäçe enjamdan ybarat bolýar. Birinji ýagdaýda telefonda diňe gürlemek mümkinçiligi bolup, ikinjisinde mikrofon goşmaça oturdylýar.
Telefonlary gurmak bütin dünýäde çalt ýaýraýar we şäherara telefon liniýalary gurnalyp ugraýar. Şol bir wagtyň özünde telefon operatorlarynyň işini talap etmeýän awtomatiki telefon alyş-çalyşlarynyň gurluşygy başlanýar. Awtomatiki telefon çalşygynyň peýda bolmagy enjamlaryň daşky görnüşiniň üýtgemegine sebäp bolýar we üstünde jaň etmek üçin aýlaw emele gelýär.
XX asyryň ortalarynda telefon kompaniýalary ýanynda göterip boljak telefonlary döretmek baradaky pikirlerini beýan edýär. Şol ýyllardan bäri telefon ulgamy üznüksiz işläp, ýylsaýyn kämilleşdirilip başlaýar. Ilkinji ykjam telefony synag hökmünde 3 kilogram agramynda oýlap tapylýar. Görüminiň we agramynyň ululygy telefony ulanmakda oňaýsyzlyklary döredendigi sebäpli, alymlar we ylmy işgärler elmydama täze açyşlaryň gözleginde bolýar.
Birnäçe ýyl soňra agramy 1kg 150gr bolan ykjam telefonlary oýlap tapylýar we ulanyşa girizilýär. Olaryň agramy uly bolsada telefonyň analogy 15 esse artyk işleýändigi sebäpli, telefonda 35 minut söhbetdeşlik guramak mümkinçiligi bolup, arabaglanyşykdan soň telefon 10 sagatlyk energiýa kuwwaty bilen doldurylmagy talap edýär. Ýyllaryň tejribesi we alymlaryň tutanýerli zähmeti netijesinde ykjam telefonlaryň agramy azalyp, wezipeleri artdyrylýar we dünýä ýüzüne giňden ýaýrap başlaýar.
XXI asyryň başlarynda telefon enjamlaryna kameralaryň ornaşdyrylmagy telefonyň täze eýýamyna ägirt uly gadam bolýar. Gysga wagtyň içinde telefon guralyna Wi-fi we GPS hemra signallary hyzmaty hem girizilýär. Bu ykjam telefonlar kompýuter enjamyna bäsdeş bolup, olar diňe arabaglanyşyk guramak bilen çäklenmän, fotoapparat we wideokamera, sekundomer, hasaplaýjy enjamlarynyň, kitaphanalaryň, habar beriş serişdesiniň, oýunlar esbabynyň, kinoteatryň, aýdym-saz pleýeriniň, senenama we sagadyň ýerini tutýar.
Hereketsiz ilkinji telefonlardan şu günki günümize adamlaryň ýan kömekçisi bolup hyzmat edýän ykjam telefonlar gün geçdigiçe has kämil funksiýalary bilen durmuşymyzy ep-esli aňsatlaşdyrýar.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk
kompaniýasynyň hünärmeni.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.