TÄZE DÖWÜR, TÄZE MAKSATLAR

31-05-24

Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak bilen baglanyşykly öňe süren başlangyçlary ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren, adalatlylyga, deňlige, halallyga, ynsanperwerlige ýugrulan, bahasyna ýetip bolmajak tejribesini özünde jemleýär.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan beýik binalar, täze-täze desgalar, ýaşaýyş jaýlary — bularyň hemmesi ykdysady ösüşimiziň örän ýokarydygynyň görkezijisidir. Şeýle ösüşler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adamyň bagtyýar durmuşy, halkyň abadançylygy baş wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş maksatly beýik işler amala aşyrylýar.

Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle belleýär: «Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk». Ynha, şu belent maksatlaryň her birinde halkymyzyň, eziz Watanymyzyň bähbitlerini görmek bolýar. Ösüşiň döwrebap mümkinçiligini üpjün edýän şeýle döwletli maksatlarda şu günüň we geljegiň esasy ugry kesgitlenendir, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagy göz öňünde tutulandyr.

Milli Liderimiz ýaşlara örän uly ynam bildirýär. Şol belent ynam bu günki gün durmuşymyzyň ähli ugurlarynda aýdyň duýulýar. Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy şol synmaz ynamyň has-da belent derejä göterilmegidir, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde Beýik akyldaryň öwüt-nesihatlaryna baglanylýandygynyň, agzybir halkymyzyň beýik işlerine, uly üstünliklerine garaşylýandygynyň alamatydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgesini dowam etdiriji Gahryman Arkadagly Prezidentimize belent wezipesinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris. Biz bagtly eýýamyň bagtyýar ýaşlary hormatly Prezidentimiziň töweregine berk jebisleşip, ösüşiň täze belentliklerine tarap uly ynam bilen öňe gitmekde baky bitewi güýje öwrüleris, türkmeniň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň mizemezdigini tutuş dünýä doldurarys.

Ahmet ABDYREÝIMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.