ARKADAGYŇ AK ÝOLUNDAN ÖŇE BARÝAR ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR
26-03-24
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasaty ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere besleýär. Ata Watanymyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýurdumyzyň ýagty ertiri bolan ýaşlara uly ynam bildirilýär, ýaşlar syýasatyna milli döwlet bähbitleriniň ileri tutulýan möhüm ugry hökmünde garalýar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasaty hem ýaş nesilleriň kämil şahsyýet bolup kemala gelmegine, sagdyn beden hem sagdyn ruhy taýdan ösmegine, ukyp-başarnyklarynyň ýokarlanmagyna, kämil ylym almagyna, hünär öwrenmegine itergi berýän has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýaş raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, merdana halkymyzyň ruhy-ahlak hem medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi terbiýelemek, bilim goruny artdyrmaklyga höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.
Bu ulgamda döwlet syýasaty ýurdumyzdaky ýaş raýatlaryň bähbitlerini ileri tutýan iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu gurama ýurdumyzda beden we ruhy-ahlak taýdan sagdyn, zähmetsöýer, zehinli, Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde netijeli işleri alyp barmak bilen ýaşlaryň ukyplaryny, ylmyny, bilimini, dünýägaraýşyny eziz Watanymyzy ösdürmäge gönükdirmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmeklige, olaryň şahsy başarnyklarynyň ýokarlanmagyna, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaklaryny goldamaklyga, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny hem höweslendirmek wezipelerine uly üns berýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň baş maksady ösen aň-düşünjeli, kämil tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr. Şeýle-de ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin zerur bolan ähli şertleri döretmek babatda hem uly işler ýola goýulýar. Ýaşlaryň ykdysady taýdan özbaşdak bolmagyny, olaryň jemgyýetçilik durmuşa işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, olaryň telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzda her bir ýyly mynasyp şygar bilen şöhlelendirmek asylly däbe öwrüldi. Berkarar döwletimizde yglan edilen 2024-nji ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýaşlara bildirilýän uly ynamyň we ýaşlaryň öz gezeginde halkyň, ýurduň ykbalyna dahylly bolmaly adamlardygynyň mazmunyny doly açyp görkezdi. Ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmek, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenilýär.
Dünýäniň häzirki zaman şertlerinde ýaşlar syýasaty ata ýurdumyzyň oňyn ösüşini üpjün etmek bilen birlikde, geljekde halkara gatnaşyklaryň hem batly ösüşini kesgitleýän möhüm ugur bolup çykyş edýär. Netijede bolsa, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanylýan üstünlikler bilen Türkmenistan Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün edilýär, bu bolsa bagtyýar raýatlarymyzyň, bagtly nesillerimiziň buýsançly kalplaryny gün kimin çoýýar.
Orazmämmet MÄMMETBAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demirýol ulaglary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.