YNSAN KALBYNYŇ ŞAHYRY

28-03-24

Magtymguly Pyragy - türkmen halkynyň milli buýsanjy. Şahyryň ýaşaýşyň manysy, ynsan mertebesi, adamkärçilik, hoşniýetlilik baradaky pikirleri her bir ada-my durmuşdaky öz borjy hakynda oýlanmaga mejbur edýär. Şonuň üçin akyldaryň pähim-parasatdan ýüki ýetik çuň manyly şygyrlary köňüllerde inçe duýgulary oýaryp, müdimi orun aldy. Şu nukdaýnazardan, şahyryň şygyrlary her bir adamda, ylaýta-da ýaş nesillerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik duýgularyny terbiýelemekde we ösdürmekde dury akaba, ruhy çeşme bolup hyzmat edýär. Nesip bolsa, ýurdumyzda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilip geçiler. Munuň özi akyldar şahyryň baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, ХVIII-ХIХ asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmekde, onuň şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Türkmen halky özüniň akyldar şahyryny sarpalaýar. Şahyryň hormatyna Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda muzeýiň täze binasy guruldy, ýörite medal döredildi. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Köpetdagyň baýrynda şahyryň beýik heýkeli, onuň berkarar döwlet guran nesillerinden ýadygärlik nyşany bolup seleňläp dur. Munuň özi ajaýyp eýýam hakyndaky garaýyşlaryny, berkarar döwlet baradaky arzuwlaryny öz döredijiliginde beýan eden akyldar şahyrymyza bolan çuňňur hormatyň, oňa goýulýan sarpanyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy hakynda ençeme dilçiler, edebiýatçylar ylmy işleri ýazdylar, garaýyşlaryny beýan etdiler. Şahyryň döredijiligi hakynda ýazylan kitaplaryň, eserleriň köpdügini aýratyn bellemek gerek. Munuň özi şahyryň döredijiliginiň umman ýaly giňdiginden, çuňňur many-mazmunlydygyndan habar berýär. Elbetde, onuň goşgulary, ajaýyp döredijiligi heniz-henizler öwrenilip, köpçülige ýetiriler.

Halkyň ruhy dünýäsini ussatlyk bilen beýan edýän şahyryň goşgulary asyrlardan asyrlara geçip, baky ýaşaýar. Şeýle şygyrlar diňe bir ýazuw edebiýatynda däl, eýsem, halkyň dilinde hem aýdylyp gelinýär. Muňa Magtymgulynyň goşgularynyň nakyla öwrülip giden setirlerini hem, bagşyly-lar tarapyndan aýdym edilýän goşgularyny hem mysal getirmek bolar. Magtymguly bilen bir wagtda türkmen üçin ýakyn, düşnükli dilde ýazylan täze bir edebiýatyň emele gelendigini alymlar belleýärler. Şahyryň goşgulary halka ýakyn we düşnükli bolmak bilen, ganatly sözlere, aýdym-lara öwrüldi. Akyldar şahyryň döredijiligi dünýä okyjylaryny hem gyzyklandyrýar.

Akyldaryň akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp goşgulary türkmen diliniň egsilmez baýlygyny, çuňňur many-mazmunyny özünde jemleýär. Döredijilik älemi şygyr sungatynyň täji hasaplanýan ussat şahyryň her bir dürdäne setirini okanyňda, çuňňur many-mazmunyna düşünýärsiň. Şonuň üçin türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragy nusgawy edebiýatyň we medeniýetiň ösüşine uly goşant goşdy. Magtymgulynyň öwüt-ündew häsiýetli goşgulary bilen ynsan mertebesini wasp etmegi adamzadyň ünsüni özüne çekýär. Akyldar adamlaryň gowy gylyk-häsiýetlerini wasp edip, parasatly bolmagy, sözüň manysyna düşünmegi ündäpdir.

Şahyryň türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny tüýs ýürekden arzuw edendigi döredijiliginden mälimdir. Beýik söz ussady özüniň çuň pelsepä ýugrulan goşgularynda halkymyzyň bitewüligi, türkmen döwletiniň sarsmaz binýady baradaky arzuwlaryny ussatlyk bilen beýan edipdir. Şahyryň “Berkarar döwlet islärin” diýen arzuwy hasyl bolup, bu günki gün bagtyýar halkymyz Garaşsyz döwletde, abadan, eşretli durmuşda ýaşaýar. Bu günki ajaýyp zamanamyz, şahyryň arzuw edişi ýaly, ykbalymyzyň sözüň doly manysynda göterilen zamanasydyr. Şonuň üçin akyldaryň parasatly pikirleri, kämil garaýyşlary adalat jemgyýetimiziň ruhy binýady bolup hyzmat edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymgulynyň şygyrlarynyň halkymyza uly ruhubelentlik, egsilmez joşgun berýändigini buýsanç bilen belläp geçmek bolar. Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmakda akyldaryň parasatly pikirleri ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Magtymgulynyň döredijiligini ylmy esas-da öwrenmek işi barha giň gerim alýar. Milli edebiýatymyzy öwrenmek, wagyz etmek üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Azat ATABAÝEW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugalymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.