Kämil bilim – ösüşlere şamçyrag

02-03-24

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syyasatynyň üstünliklere hem rowaçlyklara beslenmegi netijesinde eziz Watanymyzyň nurana ertiri, bagtyýar geljegi bolan yaş nesilleriň ruhy hem-de beden taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, kämil hünärli, ruhubelent ýaşlar hökmünde okamaklary, döredijilikli zahmet çekmekleri ugrunda zerur bolan ahli mümkinçilikler doredilyar.

Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň yzygider kämilleşdirilmegi yaş nesliň jemgyyetiň kämil raýatlary bolup ýetişmegine we ahli ugurlar boýunça amala aşyrylyan netijeli işlere işjeň gatnaşmagy uçin onayly şertleriň doredilmegine yardam berýär. Sanly milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatdaky beýik başlangyçlar merdana halkymyzyň şu gününe we ýagty geljegine bolan synmaz ynamyny, bagtyýarlygyny, abadançylygyny dabaralandyrýar.

Sanly ulgamyň bilim edaralaryna giňden ornaşdyrylmagy bilim-terbiýe bermek, okatmak işinde ençeme ýeňillikleri şertlendirýär, her bir ýola goýulýan işiň netijeliligini artdyrýar. Sanly bilim ulgamynda peýdalanylýan sanly tehnologiýalar, sanly serişdeler, akylly enjamlar, elektron maglumat göterijiler, wideo we audio şekilli ýazgylar bilim bermek işinde netijeli peýdalanylýar. Sanly bilim ulgamynyň şeýle mümkinçilikleri dünýä ylmy, dünýä tejribesi bilen aýakdaş gitmäge, bu ugurda özara tejribe alyşmaga, ylmy-tehniki barlaglary alyp barmaklyga uly mümkinçilikleri açýar. Netijede bu gün gujurly, ylymly türkmen ýaşlary täze eýýamyň galkynyşyndan ruhlanyp, dünýä jemgyýetiniň ösüşi bilen deň gadam urýarlar. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň halkara tejribesiniň esasynda kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar.

Bilim edaralarynda okatmagyň sanly usulyna geçilmegi, internet torunyň elýeterli bolmagy dünýäniň abraýly ylmy merkezleriniň möhüm maglumatlaryndan peýdalanmaga itergi berýär. Bilim – ösüşiň netijeli guraly hökmünde islendik döwletiň kuwwatlylygyny kepillendirýär. Bilim – kämilligiň çeşmesi, özgerişleriň gözbaşy. Şol nukdaýnazardan hem, eziz Diýarymyzda alnyp barylýan bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ruhunda, täzeçil usullarynda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda barha döwrebaplaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim we ylym ulgamy hem uly üstünliklere beslenýär. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär hem-de Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda uly tejribe toplanyldy. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredilýär. Bilim işini döwrebaplaşdyryp, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan ýurdumyzyň üstünlikleridir.

Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň döwrebap bilim almaklary, geljekki hünärini saýlamaklary, öz ukyp-başarnyklaryndan doly peýdalanmaklary, durmuş meýilnamalaryny amala aşyrmaklary üçin ähli şertler döredilendir. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamagyň hakyky merkezi bolan ýokary bilimiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Milli bilimiň hiliniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen nobatdaky wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini bilim görkezijileri boýunça dünýäniň abraýly okuw mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça degişli işler durýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, elektron bilim maglumatlarynyň gaznasyny döretmek babatda netijeli çäreler geçirilýär, ýokary okuw mekdeplerini bir bitewi bilim toruna birikdirmek işleri amala aşyrylýar. Milli bilim ulgamyna dünýä standartlarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Türkmenistanda BMG-niň beýleki ugurdaş düzümleri bilen hem bilelikdäki işler alnyp barylýar.

Döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri daşary ýurtly wekiller bilen işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik alyp, öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda okuw maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny we gollanmalaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Umuman, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim syýasaty hem-de sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini berýär.

Berkarar Watanymyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinini, döredijilik ussatlygyny ýüze çykarmak, ylym-bilim goruny giňeltmek we ösen aň-düşünjeli bolup ýetişmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer, oňyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Bu bolsa jemgyýetiň döredijilik aňynyň işjeňleşmegine ýardam edýär. Hut şonuň üçin, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlarymyzyň kämil bilim goruna eýe bolup, ösen aň mümkinçiliklerini doly açmagy, kämillleşmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ajaýyp üstünlikleri şanly ýylymyzyň aýratyn öwüşgini bolup, buýsançly ýüreklerde bagtyýar döwrümize bolan söýgüni has-da goşalandyrýar.

Kasymmyrat ÝEGENOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.