TRANSMILLI ULGAM — HALKARA GATNAŞYKLARYNYŇ MÖHÜM UGRY

09-08-21

Hä­zir­ki wagt­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny hem-de döw­le­ta­ra hyz­matdaş­ly­gy­ny ös­dür­me­giň esa­sy gu­ra­ly hök­mün­de trans­mil­li ulag ge­çel­ge­leri­ni dö­ret­mek­li­ge has uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Döw­le­ti­mi­ziň geog­ra­fik taýdan amat­ly ýer­de ýer­le­şen­di­gi na­za­ra al­nyp, mul­ti­mo­dal gat­naw­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni üp­jün ed­ýän iri ulag-logistiki mer­kez­le­ri dö­re­di­lip, ýur­dumyz hal­ka­ra ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­sy­na iş­jeň go­şul­ýar. Ýol-ulag dü­zümle­ri döw­re­bap­laş­dy­ry­lyp, ulag gör­nüş­le­ri­niň her bi­ri­niň ar­tyk­maç­lykla­ryn­dan ýer­lik­li peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän saz­la­şyk­ly ul­gam ke­ma­la gel­ýär.

Halkara ulag geçelgelerini ösdür­mek Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry hem-de içe­ri sy­ýa­satla­ry­na la­ýyk gel­ýär. Türk­me­nis­tan hemişelik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­na we yk­dy­sa­dy taý­dan dur­nuk­ly ösüş tej­ribe­si­ne da­ýa­nyp, dün­ýä ýurt­la­ry bi­len öza­ra bäh­bit­li, deň­hu­kuk­ly we hoş­niýet­li hyz­mat­daş­ly­gy bar­ha ös­dür­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň iş­jeň para­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň, Ýew­ropa­nyň, şeý­le hem dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry bi­len öza­ra bäh­bit­li stra­te­gik gat­na­şyklar bar­ha iler­le­ýär. Mun­dan baş­ga-da, Türk­me­nis­tan Ýew­ro­pa, Azi­ýa — Ýu­waş um­ma­ny we Gü­norta Azi­ýa se­bit­le­ri­niň söw­da-yk­dysa­dy ul­gam­la­ry­nyň öza­ra gat­na­şykla­ry­nyň trans­kon­ti­nen­tal yk­dy­sa­dy köp­rü­si­niň we­zi­pe­si­ni ynam­ly ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Şeý­le gat­na­şyk­lar ýur­du­myzyň dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan ösü­şi­ne uly go­şant goş­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­lary­ny na­za­ra al­mak bi­len, öza­ra bäh­bit­li söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry pug­talan­dyr­ma­ga we ös­dür­mä­ge gö­nük­di­rilen­dir. Şol baş­lan­gyç­lar bol­sa Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samble­ýa­sy­nyň 65-nji, 66-njy hem-de 70-nji mej­lis­le­rin­de, GDA-nyň döw­let Baştu­tan­la­ry­nyň hem-de ŞHG-niň sammit­le­rin­de we beý­le­ki ýo­ka­ry de­re­je­li fo­rum­lar­da öňe sü­rül­di.

Hu­su­san-da, BMG-niň ulag ulga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak me­se­le­si ola­ryň iň esa­sy­la­ry­nyň biri­dir. Şol mak­sat­na­ma­da Ha­zar we Ga­ra de­ňiz­le­ri­niň, Or­ta Azi­ýa­nyň we Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň ara­syn­da ulag-üstaşyr müm­kin­çi­lik­le­ri­ni öw­ren­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Mil­li Li­de­ri­miziň ba­şy­ny baş­lan hem-de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len «Dur­nuk­ly ösüş üçin hal­kara hyz­mat­daş­ly­gyny üp­jün et­mek­de ulag-üstaşyr ge­çel­ge­le­riniň or­ny» atly Ka­rar­na­ma bu ugur­da mö­hüm ähmi­ýe­te eýe­dir.

Hal­ka­ra de­mir ýol gat­naw­la­ry­nyň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak­dan baş­ga-da, täze «po­lat ýol­lar» ýur­du­my­zyň içer­ki sebit­le­ri­niň hem ok­gun­ly ös­me­gi­ne ýardam ed­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň gel­je­gi iri hal­ka­ra we se­bit deňiz-derýa, aw­tomo­bil, de­mir hem-de ho­wa ýol­la­ry­na çyk­mak ar­ka­ly ulag gat­naw­la­ry­nyň ut­gaş­dy­ry­lan ul­ga­my­ny dö­ret­mek, ola­ryň her bi­ri­niň ar­tyk­maç­lyk­la­ryndan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bi­len bag­lany­şyk­ly­dyr. Bi­ziň ýur­du­myz Ýew­ropa, Azi­ýa — Ýu­waş um­ma­ny hem-de Gü­nor­ta Azi­ýa yk­dy­sa­dy ul­gam­la­rynyň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň yk­ly­müs­ti yk­dy­sa­dy köp­rü­si­niň we­zi­pe­si­ni ýe­rine ýe­tir­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, Gün­do­gar — Gün­ba­tar we De­mir­ga­zyk — Günor­ta ugur­la­ryn­da ýol­la­ry hem-de hal­k­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýan mil­li dü­zümi mun­dan beýläk-de gi­ňelt­mek bu ul­gam­da esa­sy we­zi­pe­ler hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­leri dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň glo­bal­laşma­gy­nyň esa­sy gu­ral­la­ry­na öw­rül­di. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz bu ugur­da uly iş­le­ri ama­la aşyr­mak bi­len, özü­niň çä­gin­de yk­ly­myň esa­sy ulag mer­kezle­ri­niň bi­ri­ni dö­red­ýär.

Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň ara­synda­ky «köp­ri» bo­lan Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran hal­ka­ra de­mir ýo­ly ýurt­la­ryň hal­ka­ra ba­zar­la­ry­na päs­gel­çi­lik­siz we gys­ga ýol­lar bi­len çyk­ma­ga, ha­ryt­la­ryň ge­ti­ril­me­gi­niň, hyz­mat­la­ryň gi­ňel­dil­me­gi­niň yg­tybar­ly­ly­gy­ny hem-de dur­nuk­ly­ly­gyny art­dyr­ma­ga, se­bit­le­ýin we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň de­re­je­si­ni ýo­karlan­dyr­ma­ga güýç­li tä­sir ed­ýär. Azi­ýa hal­ka­ra de­mir ýol ulag ge­çel­ge­si­niň bi­rin­ji tap­gy­ry bo­lan Ker­ki — Ymamna­zar — Aki­na de­mir ýo­ly hem-de 2018-nji ýy­lyň few­ra­lyn­da açy­lyp, ula­nyl­ma­ga ber­len Ser­he­ta­bat — Turgun­dy de­mir ýo­ly ýyl­sa­ýyn ber­ke­ýän hoş­ni­ýet­li türk­men-ow­gan gat­na­şykla­ry­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bolmak bi­len, Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň hem-de Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­publi­ka­sy­nyň yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­leri­ni ep-esli art­dyr­dy. Türk­me­nis­ta­nyň hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­rynyň ös­me­gi­ne, se­bit we dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­lar ul­ga­my­na go­şul­ma­gy­na my­na­syp go­şan­dy­nyň aý­dyň su­butna­ma­sy­na öw­rül­di.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň para­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da gur­lup ulanyl­ma­ga be­ril­ýän «po­lat ýol­la­ryň», de­mir ýol men­zil­le­ri­niň di­ňe bir bag­ty­ýar türk­men hal­ky­na hyz­mat et­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, ýurdu­my­zyň üs­ta­şyr kuw­wa­ty­ny artdy­ryp, dün­ýä halk­la­ry­nyň bäh­bit­leri­ne, pa­ra­hat­çy­ly­ga we äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­ga hyz­mat ed­ýän­di­gi­ni ýe­ne bir ýo­la äş­gär ed­ýär. Ýur­du­myzyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň uly dep­gin­ler bi­len ös­me­gin­de de­mir ýol ulag­lary pu­da­gy­nyň wa­jyp or­ny bar­dyr. Gur­lan we gu­rul­ýan, çarta­ra­pa uza­ýan hä­zir­kiza­man «po­latýol­la­ry» hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan öň­den­görü­ji­lik­li we adyl sy­ýa­sa­ty­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­masy­dyr. Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­tan «polat ýol­la­ry» ar­ka­ly di­ňe bir Be­ýik Ýüpek ýo­lu­ny tä­ze­den di­kelt­mek bi­len çäk­len­män, se­bit­de de­mir ýol ulag­lary­nyň gat­na­wy üçin mö­hüm äh­mi­ýet­li ýe­re öw­rül­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yzy­giderli tagallalary esasynda ulag ulga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi hem-de bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ýaýbaň­lan­ma­gy ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­niň yg­ty­bar­ly ke­pi­li bo­lup dur­ýar. Türkme­nis­tan Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de strate­gik dur­nuk­ly­ly­gyň mö­hüm mer­ke­zi hök­mün­de ta­nal­mak bi­len, gy­zyk­lanma bil­dir­ýän ýurt­la­ryň äh­li­si üçin yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş hem-de şol bir wag­tyň özün­de yk­ly­ma­ra äh­mi­ýet­li ulag-üstaşyr mer­ke­zi hök­mün­de wajyp or­ny eýe­le­ýär. Şu nuk­daý­na­zardan, ýur­du­my­zyň çä­gin­de we on­dan da­şar­da dost­luk ýol­la­ry­nyň gu­rul­magy Türk­me­nis­ta­nyň mul­ti­mo­dal lo­gisti­ka ul­ga­my­nyň ösü­şi­niň mö­hüm tapgy­ry­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.

Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi we agzalan Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi.

Bu Kararnamanyň esasy wezipeleriniň dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda, häzirki döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleri peseltmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny güýçlendirmekden hem-de bu babatda degişli hukuk binýadyny kemala getirmekden ybaratdyr.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli täze Kararnamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli netijeli daşary syýasy ugrunyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Bu ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin häsiýete eýedigini ýene bir gezek tassyklady. Häzirki döwürde bu däp bolan köpugurly gatnaşyklar bilelikdäki işleriň toplanan baý tejribesine hem-de bar bolan uly mümkinçiliklere esaslanmak bilen, yzygiderli giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki 75-nji ýubileý sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarydygyny bellemek gerek. Ýurdumyz bu hormatly wezipäni indi altynjy gezek ýerine ýetirýär.

BMG we onuň iri ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň netijeliligi esasynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlary Kararnamalaryň ençemesinde anyk beýanyny tapýar. Şol resminamalaryň birine laýyklykda, 2021-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýä bileleşiginiň işi BMG-ä, onuň ygtyýaryndaky syýasy-diplomatik gurallara daýanmak arkaly guralmalydyr. Şu jähetden, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, Birleşen Milletler Guramasynyň binýatlaýyn maksatlaryna laýyk gelýän hem-de onuň doly goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzyň BMG tarapyndan ykrar edilen baky Bitaraplyk derejesi döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän netijeli gural hökmünde özüni görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen uzak möhletleýin geljege niýetlenen netijeli, doly görnüşli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny nygtaýar. Ýurdumyz sebitleýin hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň özara ylalaşylan çözgüdini işläp düzmekde işjeň orny eýelemek bilen, köpugurly hyzmatdaşlyga, şol sanda ulag ulgamyndaky gatnaşyklara çemeleşmeleri giňeltmek ugrunda çykyş edip, döredijilik başlangyçlaryny ähli adamzadyň bähbitlerine gönükdirmäge çalyşýar.

Häzirki wagtda ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň möhüm bölekleriniň biri bolmak bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklaryny durnuklaşdyrmaga hem-de sazlaşdyrmaga gönüden-göni täsir edýär we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm orun eýeleýär. BMG-niň çäklerinde bu ugurdaky ähli tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýan Türkmenistan köpugurly utgaşdyrylan ulag ulgamyny döretmäge gönükdirilen iri düzümleýin taslamalary öňe sürýär hem-de olary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen üstünlikli amala aşyrýar.

«Demirgazyk — Günorta» hem-de «Günbatar — Gündogar» ugurlary boýunça çäk taýdan örän amatly ýerleşýän ýurdumyz sebit hem-de yklym ähmiýetli wajyp üstaşyr ulag we logistik merkez hökmünde özüniň ornuny ynamly pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda, ýurdumyzda ulag toplumynyň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň depginli ösdürilmegini hem-de düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen ugurdaş maksatnamalar işlenip düzülýär hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabat şu meselä bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatyň, 2016-njy ýylyň noýabrynda bolsa durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň geçirilýän ýerine öwrüldi. 2018-nji ýylyň maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça halkara forum geçirildi. Şonuň ýaly-da, bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri 2019-njy ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň gün tertibine girizildi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2014-nji, 2015-nji hem-de 2017-nji ýyllarda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalaryň üçüsini biragyzdan kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda wideoýüzlenme arkaly çykyş edip, adatdan daşary ýagdaýlar döwründe durnukly, howpsuz hem-de ygtybarly ýük daşalyşyny üpjün etmäge degişli teklipleri beýan etdi. Dünýäde koronawirus pandemiýasynyň dowam edýändigi hem-de onuň täsirlerini ýeňip geçmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri çözmek bilen baglylykda, onuň ähmiýeti aýratyn uludyr.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ýokarda agzalan Kararnamanyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bellenilýän ýylda kabul edilmegi hem ählumumy durnukly ulag ulgamyny döretmäge, özara bähbitli ykdysady hem-de söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge anyk goşant bolar. Bu bolsa umumy abadançylygyň hem-de rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýär.

Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
mugallymy.

166ebbef376606.jpeg
Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasy taýýarlanar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň sanly ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi.


166ebbc9970745.jpeg
Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri Rumyniýada tanyşdyryldy

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň binasynda “Ulag diplomatiýasy: Türkmenistan we Rumyniýa – Aziýanyň we Ýewropanyň birleşmesi” atly tegelek stol geçirildi. Çärä Rumyniýada ulag we infrastruktura ministrligiň Döwlet sekretary Adrian Jorj Fogiş, şeýle hem  Rumyniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.


166ebafbc0cee2.jpeg
Daşoguz welaýatynda aragatnaşyk pudagynyň täze döwrebap edara binalary açyldy

18-nji sentýabarda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Döwlet Baştutanymyzyň bagtyýar döwrümiziň badyna tizlik berýän başlangyçlary bilen, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin niýetlenen, ähli amatlyklary bolan täze döwrebap 2 gatly edara binasynyň hem-de kömekçi binalaryň açylyş dabarasy geçirildi.


166ea6802929e8.jpeg
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda «Liebherr» kompaniýasynyň hyzmat merkezini döretmek teklip edildi

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow german işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy.


166ea57b7a8ecc.jpeg
Hormatly Prezidentimiz: Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň uly geljegi bar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda ykdysadyýeti Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezdi. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.