Internetiň älem giňişligine ilkinji ädimleri
09-08-21
Internet torunyň hyzmatlary häzirki innowasiýa döwründe işimiziň, durmuş şertleriniň, adamlar bilen araçäge garamazdan arabaglanyşyk guramagyň, dynç almagyň ornuny tutup bolmajak bölegine öwrüldi. Internet hyzmatlary dünýä täzelikleri bilen dessine tanyş bolmak bilen, ol maglumatlar ummanyna aralaşmagyň, onlaýn-banking, şeýle-de söwda dolanyşygyny amala aşyrmagyň yzygiderli kämilleşdirilýän usuly bolup durmuşymyza ornaşdy.
Internet ulgamy dünýä taryhynyň üstünlikli açyşlarynyň biri bolýar. Uzak araçäkden birek-birek bilen arabaglanyşyk guramak, kitaphana we arhiw gaznasyny bir ykjam tora jemläp, olaryň gözlegi gysga wagtda amala aşyrylar ýaly, kagyz resminamalaryň ýerine elektron dolanyşygyny ornaşdyrmak işleriniň pikiri XX asyryň ortalarynda başlaýar.
Maglumat gaznasyny elektron görnüşde gorap saklamak maksady bilen kompýuter enjamlary döredilýär. Oňa interneti baglamak işleri üstünlikli ýerine ýetirilende-de, internet bir ýa-da birnäçe ylmy merkezleriniň arasynda ulanyşa girizilipdir. Internet torunyň ilkinji adyna «ARPANET» diýilip, bu ulgam dünýäniň alymlarynyň ünsini dessine özüne çekýär. Millionlarça abzalyň bir wagtda işlemegini üpjün edip biljek täze ulgamy ýola goýmak şol döwrüň alymlarynyň we ylmy işgärleriniň baş maksady bolýar.
Internet ulgamyna baglanmagyň ilkinji ädimleri telefon liniýalarynyň, soňra bolsa optiki-süýüm kabelleriniň üsti bilen amala aşyrylýar. Resminama dolanşygynyň ýerine tehnologiýa torunyň ornaşmagy bolsa ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlarynda we iş şertlerinde oňaýlyklary döredip, wagtyň tygşytly ulanylmagyny üpjün edipdir. Şeýlelikde aragatnaşyk ulgamynyň akymy umumadamzat durmuşyna özüniň amatlyklary, giň mümkinçilikleri, çaltlaşdyrylan hyzmatlary bilen ornaşýar.
XX asyryň ahyry we XXI asyryň başlarynda ykjam telefonlaryň durmuşymyza girizilmegi internet ulgamynyň hyzmatlary baradaky düşünjäni has giňeldýär. Internet toruna aralaşmak ykjam telefonlar arkaly has kämil usul bolup hyzmat edip başlaýar.
Wagtyň geçmegi we tehnologiýanyň mümkinçilikleriniň ösdürilmegi arkaly simli aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýerine optiki-süýüm birikmeleriniň has kämil ugurlary we häzirki wagtda bize mälim bolan emeli hemralaryň tolkunlarynyň älem giňişligini gurşap almagy bilen düýpgöter üýtgäp, has-da elýeterli görnüşe gelýär.
Täze pikirler bilen programma üpjünçilikleriniň dürli ugurlary biri-biri bilen bäsleşýän we netijede innowasiýa ösüşlerini emele getirýän görnüşleri ýyldyrym çaltlygynda dünýäniň ähli künjegine ýaýraýar, ýagny tehnologiýa ewolýusiýasy sekuntda dünýäniň bir ujundan başga bir nokadyna maglumatlaryň bimöçber göwrümini ugratmaga we kabul etmäge mümkinçilik döredýär.
Aragatnaşyk ulgamynyň innowasiýa hyzmatlary döwrebap ösüşleriň merkezini emele getirdi. Internet tejribe alyşmagyň, dürli döwletleriň milli ýörelgelerini we taryhyny açyp görkezmegiň, zerur maglumatlary dessine öwrenmegiň ägirt uly giňişligi bolup, bu giňişlige her bir adam aralaşyp bilýär.
Şu günki günde internet her bir öýde, iş ýerlerinde, dynç alyş merkezlerinde ornaşdyrylyp, onuň hyzmatlarynyň üsti bilen halkara maslahatlar, saglyk ulgamynda tejribe alyşmak üçin teleköprileri, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlary amala aşyrylyp durmuş-ykdysady şertleriniň özgermegine uly itergi berýär we günsaýyn bu ulgamyň gerimi barha artdyrylýar. Internet üznüksiz maglumat we aragatnaşyk çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk
kompaniýasynyň hünärmeni.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.