MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ YKDYSADY FORUMY: ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGELERINIŇ GIŇ MÜMKINÇILIKLERI
11-08-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan parasatly daşary syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi yzygider ýokarlanýar. Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat we ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini öz içine alan ykdysady forumynyň geçirilmegi hem sebitiň döwletleriniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň hil taýdan ýokary derejä çykarylmagy bilen şertlendirilýär. Sebitiň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ösdürmek biziň döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan sebitara we halkara hyzmatdaşlygy meselesinde möhüm orun eýeläp, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam berýär. Hususan-da, sebitde ykdysadyýeti ösdürmegiň täze nusgasyny döretmekde, ösdürmekde, degişli infrastrukturany emele getirmekde, şeýle hem ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmakda örän amatly ýagdaýlary döredýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň eksport kuwwatlylygyny artdyrmak we daşary söwda dolanyşygynyň deňagramlylygyny üpjün etmek häzirki döwrüň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp ugruna öwrülýär. Daşarky bazarlaryň islegleri ýurdumyzda döredilen we döredilýän önümçilik kuwwatlyklaryny doly derejede ulanmagyň, ýokary iş üpjünçiliginiň we durnukly ykdysady ösüşiň esasy girewi we şerti bolup durýar. Ýurdumyzyň merjen kenarynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ykdysady forum hem bu ugurda Merkezi Aziýa döwletleriniň halklarynyň köpasyrlyk gatnaşyklaryny berkitmek boýunça tagallalaryny birleşdirýär, özara eksport amallarynda täze mümkinçilikleri döredýär. Çünki, soňky döwürde sebitiň ýurtlary durnukly we yzygiderli ykdysady ösüşe, innowasiýa senagatyny we ulag üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmäge gönükdirilen giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýärler.
Ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm daýanjy bolan ulaglar ulgamy sebitiň ýurtlarynyň arasynda oňyn hem-de netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm birleşdiriji halka bolup hyzmat edýär, bu gatnaşyklar dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ruhunda ösdürilýär. Hyzmatdaşlygyň bu ugruna garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň umumylygy Merkezi Aziýa döwletleri üçin iş ýüzündäki gatnaşyklar babatda degişli şertleri döredýär. Bu şertler sebitiň ýurtlaryny uly we uzak möhletleýin daşarky maýa goýumlary üçin özüne çekiji merkeze öwrüp, giň halkara hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri açýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan milli, sebit we halkara ulag-logistika we energetika ulgamyny yzygiderli ösdürýär we kämilleşdirýär. Ýurtda döwrebap awtomobil, demir ýollarynyň, deňiz port düzüminiň, howa menzilleriniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy batly depginlerde dowam etdirilýär.
Her döwlet özüniň ykdysady kuwwaty bilen, hyzmatdaşlykly gatnaşyklaryň ýaýbaňlanmagy bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşine goşant goşýar. Esasan hem, eksport-import mümkinçilikleriniň gerimi giňelip, birnäçe baglaşylan şertnamalardyr ylalaşyklar amal edilýär. Biziň ýurdumyz bu ugurda örän saldamly, okgunly, önjeýli hereket etmek bilen, döwletara gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýär. Geosyýasy taýdan amatly ýerleşen Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sebitiň ýurtlary bilen açyk hyzmatdaşlygy ýöretmekde-de, onuň çäginde söwda dolanyşygyny düzgünleşdirmekde-de ikitaraplaýyn bähbitleri nazarda tutup, mümkinçilikleriň çäksiz gapysyny açýar, dost-doganlyga gol uzadýar.
Merkezi Aziýa döwletleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlaryna eýe bolup, olar dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregiň bähbidini hormatlamak ruhunda ösdürilýär. Köpugurly döwletara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üsti täze resminamalar bilen yzygiderli ýetirilýär we berkidilýär. Şol tagallalar esasynda, häzirki döwürde ägirt uly ykdysady, energetika we ulag kuwwatyna eýe bolan Merkezi Aziýanyň geosyýasy we geoykdysady gatnaşyklaryň ählumumy ulgamynda eýeleýän orny yzygiderli artýar. Ykdysady forumyň dowamynda netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň çäklerinde daşary ýurt wekiliýetleriň wekilleri söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge özara islegiň bardygyny kanagatlanma bilen bellemegi hem muňa aýdyň mysaldyr. Merkezi Aziýanyň we Hazar deňziniň üstünden geçýän transkontinental ýollaryň işjeňleşdirilmegi hem-de täze halkara geçelgeleriň döredilmegi goňşy döwletleri durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürmek üçin şertleri üpjün eder, olaryň maýa goýum özüne çekijiligini artdyryp, sebit we sebitara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.
Türkmenistan döwletimiziň daşary gatnaşyklarda öňe sürýän esasy ugrunyň «Açyk gapylar» syýasaty bolmagy dünýäniň islendik döwleti bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Muny ykdysady forumyň barşynda ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleriniň Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň kompaniýalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 131,5 million dollaryna barabar bolan, eksport we import ugurly hem-de hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň 74-sini baglaşmagy hem subut edýär. Şeýle hem bu ýerde möhüm pudagara resminamalaryň 11-sine gol çekildi. Bu resminamalar aýry-aýry taraplaryň birnäçe ugurlarda, şol sanda ulag, halkara konteýner we multimodal ýük daşamalary, senagat, nebitgaz we elektroenergetika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky taslamalary öz içine alýar.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäkleri boýunça geçen Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek başlangyjynda milli ulag strategiýasynyň esasy goýlandyr. Sebitde ählumumy ähmiýetli häzirkizaman düzümleriniň kemala getirilmegine, milli ulag düzümleriniň gatnaşmagynda durnukly logistika halkalarynyň döredilmegine, hyzmatlaryň sanawynyň giňeldilmegine gönükdirilen iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebit we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmegine ýardam etjekdigi ikuçsyzdyr. Gojaman Hazaryň kenaryny dost-doganlygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň kenaryna öwren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, döwletli başlangyçlary mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.