Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy: durnukly ösüşiň we ählumu abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk
12-08-21
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigine
Türkmenistanyň daşary-syýasy işiniň çuňňur oýlanyşykly alnyp barylmagy we tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilmegi netijesinde Hormatly Prezidentimiziň halkara howpsuzlygyny, parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmek, energetika, ulag hem-de suw-ekologiýa çygryndaky gatnaşyklary netijeli ösdürmek babatynda öňe sürýän halkara başlangyçlary ählumumy ykrarnama eýe bolýar. Ýurdumyz tutuş adamzadyň bähbitlerini nazarlaýan başlangyçlary öňe sürmek arkaly dünýä bileleşiginiň tagallalaryny dünýäde bar bolan möhüm wehimleriň öňyn çözgüdini tapmaklyga gönükdirilmeginiň uly ähmiýeti bar. Halkara derejesinde yglan edilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda 2-nji awgustda geçen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda kabul edilen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly kararnama ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmeklige gönükdirilen işleri amala aşyrmaklyga giň mükinçilikleri döreder. Bu kararnamanyň dünýä bileleşiginiň döwletleriniň ählumumy goldawyna eýe bolmagy, onuň awtordaşlary bolup 48 döwletiň çykyş etmegi Türkmenistanyň ulag meseleleri boýunça syýasy-diplomatik ägirt uly ähmiýetiniň we goldawynyň barlygynyň subutnamasydyr.
Häzirki zaman dünýäsinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary göz öňüne tutmak bilen, halkara ulag gatnawy ýaly möhüm ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň birleşen çemeleşmeleri üpjün etmek möhüm wezipe hasaplanýar. Türkmenistan durnukly we howpsuz ulaglar meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek hereketleriniň täsirinde hereket edýän ýurt hökmünde adatdan daşary ýagdaýlar döwründe durnukly halkara ulag gatnawyny üpjün etmek meselelerine giňişleýin we köptaraplaýyn garamak başlangyjy bilen çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisine degişli kararnamany hödürlemegi, ähli döwletler we BMG-niň ulgamynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen gepleşikleri alyp barmagy dünýäniň wajyp meseleleriniň çözgüdini tapmaklyga ýurdumyzyň uly gyzyklanmasynyň bardygynyň möhüm subutnamasydyr. Bu babatynda Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti” Halkara maslahatynda eden taryhy çykyşynda: “Halkara ulag ulgamynyň ornuny işjeňleşdirmek döwletleriň we sebitleriň ulag-üstaşyr akymlaryna goşulyşmagy arkaly ykdysady ösüşi höweslendirmäge, olaryň arasyndaky ösüş derejesindäki bökdençlikleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir. ХХ1 asyrda Milletler Bileleşiginiň möhüm wezipeleriniň çözgüdine gönükdirilen döwrebap ulag düzümini döretmek ýörelgeleri tutuş dünýäde millionlarça adamlaryň hyzmatyna, dünýäniň tebigy serişdeleriniň saklanylmagyna we artdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu bolsa, adamzadyň häzirki döwürde alyp barýan işiniň halkara strategiýasy bolup durýar.” diýip nygtaýar.
Halkara üstaşyr gatnawlary üçin şertleri döretmek bilen, olara ýurdumyzyň baý serişdeler binýadyna eýe bolan içerki çäkleriniň “birikdirilmegini” göz öňünde tutmak zerurdyr diýip, Hormatly Prezidentimiziň jaýdar nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler depginli alnyp barylýar. Türkmenistanyň ähli ýerlerinde iň öňdebaryjy tehnikalar bilen üpjün edilen döwrebap howa menzil toplumlary, demir ýol menzilleriniň binalary guruldy, polat ýollaryň hem-de giň awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometri çekildi, inženerçilik desgalary – demir ýol we awtomobil köprüleri guruldy.
Häzirki zaman şertlerinde, ulag pudagy dünýä ösüşine täsir edýän ugurlaryň biri bolup, ählumumy ösüşi üpjün etmegiň häzirki tapgyrynda ol sebitleri we yklymlary birleşdiriji möhüm gural hasaplanýar. Şundan ugur almak bilen, her bir döwlet özüniň milli ösüşini üpjün etmek maksady bilen öz geografiki taýdan amatly ýerleşişini we onuň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär we amal edýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşmegi, ýurdumyzyň sebitdäki ornunyň ýokarlanmagyna täsirini ýetirýär we ulagyň ähli görnüşleriniň deňgyraly ösdürmegine uly mümkinçilikleri döredýär.
Milli Liderimiziň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň köpugurly ösdürilmegine gönükdirilen işler täze mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliginiň atdyrylmagy bilen bagly ähli taraplaryň ykdysady bähbitlerine laýyk gelýän taslamalaryň durmuşa geçirilmegi yklymda berk logistik aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we halkara hyzmatdaşlygyny, durnuklylygyny we ösüşi üpjün etmäge giň şertleri döredýär. Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr düzüminiň kämilleşdirilmegi, milli we halkara ähmiýetli ulag taslamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda halkara ähmiýete eýe bolan desgalar we ulag ýollary gurulyp ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzyň günorta we demirgazyk sebitlerini birleşdirýän we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň möhüm halkasyna öwrüljek Aşgabat-Türkmenabat aralygynda ýokary tizlikli awtobanyň gurluşygy, ýaňy ýakynda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň gurulyp ulanylmaga berilmegi, Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde täze halkara howa menziliniň gurulmagy we beýleki iri taslamalar Türkmenistanyň ulag düzüminiň işiniň ýokary derejede ýola goýulýanlygynyň möhüm görkezijisidir.
Häzirki döwürde “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň 2017-2023-nji ýyllar aralygyndaky döwür üçin daşary syýasat Konsepsiýasynyň” esasy ugurlarynyň biri hem ulag diplomatiýasyny ösdürmeklik bolup durýar. Bu babatynda Hormatly Prezidentimiz: “Ulaglar pudagy türkmen diplomatiýasynyň hemişe üns merkezinde bolmalydyr. Ýurdumyzyň diplomatlary täze üstaşyr geçelgeleri döretmek, Türkmenistany kontinentde uly ähmiýeti bolan iri ulag merkezine öwürmek boýunça başlangyçlarymyzy durmuşa geçirmekde netijeli işleri alyp barmalydyrlar” diýip belleýär.
Türkmenistanyň iň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny çalt kemala getirmek babatda, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda ädýän ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit we hatda bütindünýä ösüşine-de kuwwatly itergi berdi. Geografiki taýdan örän amatly ‒ Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag ýollarynyň hem-de aragatnaşyk geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşmek bilen, Türkmenistan ägirt uly üstaşyr kuwwata eýedir. Milli Liderimiz şol kuwwatdan netijeli peýdalanmaga çalyşýar. Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny ulanmak bilen “Demirgazyk-Günorta”, “Günbatar-Gündogar” ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmegiň geljegi esaslandyrylan ugurlaryny ösdürmek boýunça çykyş edýär we onuň Ýuwaş ummanyndan Hazar we Gara deňizlerine çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi birleşdirmekligine uly gyzyklanma bildiryär.
Şunuň bilen baglylykda, dünýä bazarlaryny özara birleşdirýän yklymara söwda-üstaşyr geçelgelerini döretmek babatyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegi bilen Türkmenistan ägirt uly möçberlerdäki iri taslamalaryň öňbaşçysy bolup çykyş edýär. Şu nukdaý nazardan döwletimiziň ulag diplomatiýasy hem barha işjeň we anyk häsiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, BMG derejesinde kabul edilen wajyp çözgütleriň, şol sanda taryhy ähmiýetli kararnamalaryň biragyzdan goldaw tapýanlygy we giň möçberli çäreler arkaly durmuşa geçirilmegi aýratyn bellärliklidir. Şeýle belent çözgütleri işläp düzmekde we öňe sürmekde Türkmenistan özüniň milli bähbitlerini we ileri tutýan daşary-syýasy garaýyşlaryny, dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylykly ýörelgelerini esas edinmek bilen bilelikde, umumyadamzat bähbitlerini we ählumumy ösüş maksatlaryny hem hasaba alýar.
Bu babatda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda bolsa, ikinji gezek «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamalaryň (rezolýusiýalaryň) Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi nobatdaky ýetilen belent we ýeňişli sepgidi aňlatdy.
Ýokarda bellenilen maglumatlara esaslanmak bilen we ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasy başlangyçlarynyň ulgamlaýyn häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. 2021-nji ýylyň 2-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly kararnamasy Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan syýasy diplomatik işiniň üstüni ýetrýär we ony täze mazmun bilen baýlaşdyrýar. Bu kararnama Hormatly Prezidentimiziň ýiti ýokanç keseliň zyýanly täsirlerini ýeňip geçmek boýunça halkara we sebit tagallalary bilen utgaşýan durnukly ösüş üçin halkara ulag hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meselesine aýawly çemeleşmesiniň ýene bir tassyknamasy bolmak bilen, ählumumy ykdysady ösüşi gazanmagyň bähbitlerini gazanmaklyga ýardam etjekdigi ikuçsyzdyr.
Kararnamada görkezilen ýörelgeler 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň netijeleri boýunça başy başlanan ulag gatnaşyklarynyň toplumlaýyn ulgamyny döretmek işiniň barşynda möhüm sepgit bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, kararnamada Türkmenistanyň ulag hyzmatdaşlygyny artdyrmak baoýunça tagallalaryna ýokary baha berilip, ýurdumyzda 2022-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatynyň ähmiýeti hem nygtalýar.
Şeýlelikde, Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda halkara ulag ulgamynyň ösdürilmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlanmagy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar we ählumumy derejede durnukly ösüşi gazanmaklyga şertleri döredýär. Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde strategik durnuklylygyň möhüm merkezi hökmünde tanalmak bilen, gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi üçin ygtybarly hyzmatdaş hem-de şol bir wagtyň özünde yklymara ähmiýetli ulag-üstaşyr merkezi hökmünde wajyp orny eýeleýär. Bu aýdylanmalaryň ählisini Hormatly Prezidentimiziň başlamgtyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda degişli kararnamanyň kabul edilmegi hem tassyklaýar.
Akmuhammet JUMAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Şu gün “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergi öz işine başlaýar
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
TULM Etrek stansiýasynyň üsti bilen multimodal gatnawlary ýerine ýetirýär
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň stansiýalaryndan gelýän dürli import ýükleri Etrek demir ýol stansiýasynyň çäginde kabul edýär.
Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $7 milliarddan geçdi
2024-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 7 milliard 188 million 41 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.
«Belet Film» ykjam programmasynyň işleýşini kämilleşdirdi
Meşhur türkmen onlaýn kinoteatry «Belet Film» ykjam programmasy üçin möhüm täzelenme çykardy. Bu gezek döredijiler ulanyjy tejribesini, howpsuzlygyny we nawigasiýa ýeňilligini ýokarlandyrmaga ünsi jemlediler:
Türkmenistan «Russiýanyň Ulagy» halkara forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekilýeti 19-21 noýabr aralygynda Moskwada geçirilen «Russiýanyň Ulagy» atly halkara ulag forumyna we sergisine gatnaşdy. Forumyň çäklerinde 300-den gowrak bilermeniň gatnaşmagynda 30-dan gowrak iş çäreleri guraldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.