“Çarlak” gämidäki gezelenç
16-08-21
“ Garaşsyzlyk ýyllarynda- Menzil-mekan ýollarynda” atly bäsleşigine
Tomsuň gyzgalaňly günleri dowam edýärdi.Her gün öýleden soň, salkyn düşende Türkmenbaşy şäheriniň Deňiz menzilinde “Çarlak” gämisi bilen gezelençler guralýardy.Kimsi tomusky dynç alşyny, kimsi zähmet rusgadyny, kimsi-de dynç almaga gelen myhmanlarynyň wagtlaryny täsirli geçirmekleri üçin gämili deňziň täsinliklerine syn edýärdiler.
Könelerimiziň “Eşiden deň bolmaz gören göz” bilen diýişleri ýaly, hakykatdan-da deňize daşyndan syn edeniň bilen gezelenç edeniň deň däldi. Deňizden göni seretseň goja Hazaryň kenaryny eteklap oturan Türkmenbaşy şäheriniň, bir tarapynda deňziň kenaryna ýanan ululy-kiçili gämileriň, kiçijik şäheri ýatladýan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, beýleki tarapdan uzakdan görünýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky beýik binalaryň ajaýyp keşbine, syn edeniňde ruhyň göterlip, göwnüň galkynýardy.
Ine-de, ak çarlak guşunuň ganatlaryny ýaýyp duran keşbine meňzeş “Çarlak” gämisi deňziň kenaryna görk berip durdy. Entek gäminiň ugramagyna wagt bardy. Ir gelseňem bu ýerde içiň gysar ýaly däldi. Her kim deňziň kenarynyň jana şypaly howasyndan lezzet alyp otyrdylar.Garaşyp duran adamlar özara gürrüňler bilen başagaýdy. Birek-birek bilen tanyşlyk, gyzykly gürrüňler, çagalaryň şadyýan gülki sesleri lezzetli dynç alşyň üstüni ýetirýärdi.
Bu saparky gezelenje agtyklary bilen gelen ýaşulynyň beren gyzykly gürrüňleri bizde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Ýaşuly örän gurruňçil adam eken.Onuň bilen oturanlaryň hemmesiniň sözi alşyp gitdi.Ýaşuly söze başlap oturanlaryň ünsüni özüne çekdi:-Tüweleme, biziň ýurdumyzda bu döwrüň gadry başga. Sanasaň sogaby köp diýileni.Welaýatymyzyň ähli ýerinde saglygyňy dikeltmdek üçin döwrebap şypahanalar, kölegeläýin diýseň seýilgähler, sport bilen meşgullanaýyn diýseň sport toplumlar, meýdançalar bar.Adamlaryň ruhyny götermäge, medeniýetli dynç almaga mümkinçilikler köp.Şeýle mümkinçilikleri peýdalanmagy başarmaly. Ruhubelent ýaşamaly.|Göwünçökgünlikden gaça durmaly. Öz saglygyňy goramak, wagtyňy çag geçirmek her ynsanyň özüňe bagly. Bu barada Hezreti Muhammet Pygamberimiz: “Bäş sany zat gelmezden öňürti bäş zadyň gadryny biliň:
1.Ölmezden öň diriligiň.
2.Hassalanmazdan öň saglygyň.
3.Meşgul bolmazdan boş wagtyň.
4.Garramazdan öň ýaşlygyň.
5.Garyplykdan öň baýlygyň”
diýipdir.Şonuň üçin diri wagtyň owadan durmuşyň, sag wagtytň saglygyň, boş wagtyň gözel ýerlere, täsin tebigata keşt etmegiň, ömrüňde bir gezek gaýtalanýan çagalygyň, ýaşlygyň, halal gazanan baýlygyň gadyr-gymmatyny bilip ýaşamaly. Öz topragymyzyň täsin ýerlerine keşt etmegi, çagalarymyza-da owretmeli, gürrüň bermeli. Çaganyň kalbynda ilki bilen öz topragymyzyň tebigatyna söýgi, bagtyýar döwrümize buýsanç, ajaýyp ýaşaýşymyza ynam, döretmeli.Şonda çaga gelejekde öz manyly ömrüniň boş wagtynyň gymmatlydygyna göz ýetirýän, giň düşünjeli adam bolup ýetişer”diýip ýaşuly ýene-de gyzykly gürrüňini dowam etdirdi.
- Aslynda deňizde gezelenç etmek, ynsan saglyg üçin gaty peýdaly. Ata-babalarymyz “Köp ýaşan däl-de, köpi gören biler” diýipdirler. Çagalyk döwrüm meniň deňiz bilen baglanşykly ýadymda galan bir ýatlamany Size gürrüň bereýin.
- Biz deňziň kenarynda ýaşaýardyk. Çaga wagtym men gaty ýarawsyz boldum.|Däri-derman etselerem açylyp gitmedim. Gaty hor, ejizjedim, işdäm ýokdy, edil igilän çaga ýalydym. Bir gün ejem:
- Kakasy, bolmasa ertir sähetli gün şu çagany deňziň üstünden geçirsek nähili bolar-ka?. diýip kakam geňeşdi.
Kakam ejemiň teklibi bilen ylalaşdy.”Deňziň üstünden geçirmek näme-kä?” diýen düşüniksiz sorag meni gyzyklandyrdy .Ejemden soramda şeýle jogap berdi:
- Oglum, biziň ata-babalarymyz durli yrymlaryň, ynançlaryň üsti bilen nesil terbiýeläpdirler, ýarawsyz adamlary deňiziň üstünde gaýykda aýlap gelipdirler.
Şonda ýarawsyz adamyň “çilesi açylýar”, “ýüreginiň ýeli çykýar”,gorky bilen keseli gidýär” diýip ejem, deňizden geçirmegiň manysyny düşündirdi.
Ertir ir bilen gün çykmanka ejem, kakam men üç bolup gaýyga mündik. Kakam gaýygy kürekleýardi.O wagtlar munuň ýaly gämiler ýokdy.Gaýyga münenimde ilki başym aýlandy. Şeýle bir gorkup ejemden ýapyşýardym.
- “Ejem gorkma oglum, ine şu ýerden eljagazlaryň bilen ýapyş” diýip ellerimi gaýygyň gyrasyna ýapysdyrdy.Ýapyşsama ýapyşdym weli, gözlerim edil hanasyndan çykaýjaga meňzeýärdi. Iki gözümi ejemden aýyrman seredýärdim.Ejem uzyn işilen alajany bir zatlar samrap deňziň üstünde gaýçy bilen kesişdirýärdi. Ýokarda uçýan guşlaryň sesini eşdip seredesim gelýärdi.Ýöne gorkyma ýokaryma seretsem gaýykdan suwa gaçaýjak ýalydym.Deňziň dury mawy suwunyň ýüzünde kakamyň küreginiň yzynyň ak köpükler emele getirşi meni geň galdyrýardy.Gorkymdan gürlemäge, sorag bermage ýagdaýym ýokdy.Birdenem ejemiň:
-Ine, oglum, indi gowy bolarsyň- diýip gaýykdan eňlip sag elinin aýasy bilen deňiz suwyny alyp duýdansyz ýüz-gözüme sepişdirdi.Tisginip gitdim. Deňiz suwyny gursagyma çalyşdyrdy, gyzyp duran gursagym buz ýaly boldy. Bu gezelenjimiz üç gün dowam etdi.Uç günden soň, endam-janym sökülip gowy uklapdyryn.Şondan soňra ozümi tutup, oňat duýup başladym. Hakykatdan-da gorkudan, tisginmekden açyldym-my, ýa-da ejemiň em-ýomy bilen çiläm çözüldimi bilmedim diýip, ýaşuly sözüni jemledi. Gyzykly gürrüňlere gyzygyp wagtymyz çalt geçdi.
Hemmämiz gäma münüp başladyk.Gäminiň ikinji gatynda deňiz täsinliklerine, deňziň gözel tebigatyna syn etmek has-da täsindi.Ýaşuly deňze syn edip, agtyklaryna elini salgap gyzykly gürrüňler berýärdi. Agtyklarynyň berýän soraglaryna ýaltanman jikme- jik jogap berýän ýaşuly täsirli geçen gezelenjimiziň üstüni ýetirdi.
Hakykatdan-da deňziň üstünde ýuwaş-ýuwaşdan batyp barýan günüň, asmanda erkana ganat ýaýan deňiz guşlarynynyň, deňziň täsin tebigatynyň ajaýyp keşbini synlamagyň lezzeti başgady.Çarlak gämisi bolsa çalaja tolkunlaryň üsti bilen ak kopuklerini seçeläp, parahatlyk zogyny çalyp, ýaşyl Tugymyzy pasyrdadyp adamlary ýene-de Deňiz menziline getirip düşürdi.
Gämiden düşenimizde ikinji tapgyra garaşyp duran adamlara “Gezelenjiňiz täsirli we şowly bolsun!,diýen dilegler bilen oýümize dolandyk.
Gurbanbagt HAJYMÄMEDOWA
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Işgärler we ýörite işler bölüminiň baş hünärmeni.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.