Sanly bilime giň ýol

04-03-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asylly tutumlaryň üstünlikli dowam etdirilmegi ýurdumyzy ösdürmäge düýpli itergi berýär. Eziz Diýarymyzyň ilatynyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün edip, köpugurly ösüş maksatnamalarda göz öňünde tutulan başlangyçlaryň hemişe rowaçlyklara beslenmegine gönükdirilen çäreler diýseň buýsandyrýar.

Sanly ulgamyň has hem globallaşýan döwründe maglumat howpsuzlygynyň wezipeleri barha artýar, jemgyýetiň, döwletiň içerki we daşarky maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegi talap edýär. Şoňa görä-de, ilkinji nobatda, döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan ornaşdyrylýan programma üpjünçiliginde ýerli önümleriň paýyny ýokarlandyrmak bellenilýär. Munuň özi maglumat howpsuzlygy babatda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy, bu ugurda milli standartlaryň girizilmegi bilen aýrylmaz baglydyr. Häzirki döwürde bilim ykdysady ösüş strategiýasynyň wajyp halkasyna öwrülýär.

Ýurduň ylmy we tehnologik ösüşi ýokary hünärli işgärleriň bilim derejeleri, olaryň täze pikirleriniň, ylmy açyşlarynyň durmuşa geçirilmegi bilen şertlendirilýär. Bilimiň ösmegi üçin iň möhüm wezipeleriň biri hem adam maýasynyň jemgyýetiň öndüriji we durmuş-ykdysady ösüşiniň kuwwatly güýjüne öwrülmegine itergi berilmegidir. Milli ykdysadyýeti ösdürmäge mynasyp goşant goşjak ýaş hünärmenleri taýýarlamakda, olary döwrebap tehnologiýalardan gowy baş çykarýan adamlar edip kemala getirmekde ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Türkmen ýaşlary innowasion taslamalaryň işlenip düzülmegine işjeň gatnaşýarlar, ýurdumyzda geçirilýän sergilerde dürli ugurlara degişli programma üpjünçiliklerini we robotlary görkezýärler. Olaryň dürli dersler boýunça ýurdumyzda we halkara derejede geçirilýän bäsleşiklerde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýändigini bellemek has-da ýakymlydyr.

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna, edara-kärhanalaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly uly ösüşler gazanylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy netijesinde sanly maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň kemala gelýändigini aňladýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň bilim ulgamy düýpgöter täze sepgitlere eýe bolýar. Bu özgertmeleriň hereketlendiriji güýji häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy, ýagny sanly bilim ulgamynyň ösmegidir. Şonuň üçinde ýurdumyzda häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýasynyň durmuşa giňişleýin ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Uzak aralykdan bilim almaga täze mümkinçilikleriň açylmagy, talybyň okuw maglumatlaryny, okuw kitaplaryny elektron görnüşinde alyp bilmegi uly mümkinçiliklere ýol açýar. Bu ugurlarda elektron-maglumat gorlary döredilýär. Döredilen maglumat gorlary zerur bolan okuw maglumatlary, kitaplar, gollanmalar, wideoýazgylar bilen baýlaşdyrylýar.

Daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, sanly ulgamy has hem ösdürmek bilen ýurdumyzda ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça hem degişli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu üstünlikler her birimiziň başymyzy göge ýetirýär, Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň aladalaryna jogap edip, öňküden-de yhlasly okamaklyga borçlandyrýar.

Ýakupbaý ÝANGIBAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.