Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlary
29-03-24

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen 2018-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm binýadydyr. Konsepsiýany üç tapgyrda (1-nji tapgyry — 2019-njy ýylda, 2-nji tapgyry — 2020 — 2023-nji ýyllarda, 3-nji tapgyry — 2024 — 2025-nji ýyllarda) amala aşyrmak maksat edinilýär. Ol 7 bapdan ybarat bolup, onda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýy, konsepsiýanyň maksady we wezipeleri, ony amala aşyrmagyň ugurlary we guraly, garaşylýan netijeler beýan edilýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ösen senagaty we ähli ulgamlary Türkmenistan Watanymyzy kuwwatly döwlet hökmünde dünýä tanadýar. Şoňa görä-de, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» pudaklaryň önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyna gönükdirilen iri taslamalaryň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Soňky ýyllarda sanly ulgam ykdysadyýetimiziň ösmegini we innowasion häsiýete eýe bolmagyny güýçlendirip, IT ugurly hünärmenleriň taýýarlanylmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilikleri berýär. Häzirki zaman şertlerinde ykdysady taýdan güýçli ösen döwletde ylmyň esasy orny eýeleýändigi aýdyň hakykatdyr. Bu bolsa ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gidilmelidigini, täze ylmy açyşlaryň önümçilige çalt we netijeli ornaşdyrylmalydygyny, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilmelidigini şertlendirýär.
Sanly ykdysadyýet ulgamy pudaklarda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, internet torlary, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, kompýuterleri we beýleki gurluşlary peýdalanmak, işewürligiň giň görnüşleri, elektron meýdançalary, aragatnaşyk portallary we beýlekileri ulanmak diýmekdir. Bu ugur arkaly halk hojalygynyň işleriniň netijeliligi ýokarlanyp, özara gatnaşyklar ýygjamlaşýar, bazar ykdysadyýeti şertlerinde esasy gymmatlyk saýylýan wagt tygşytlanýar. Bazar gatnaşyklarynyň möhüm şerti bolan meýilnamalary takyk we tiz ýerine ýetirmek mümkinçiligi ýokarlanýar, elektron resminamalaryň elýeterliligi, dürli amallary islendik ýerden amala aşyrmak mümkinçilikleri artyp, olaryň goraglylygy gazanylýar. Diýmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýasy häzirki zaman dünýä ösüşiniň möhüm şertleriniň hataryna degişlidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda bu ugurda netijeli tagallalar üstünlikli amala aşyrylýar. Geçen gysga döwürde dürli pudaklarda sanly ykdysadyýet üçin binýatlyk işler üstünlikli durmuşa geçirildi. Mysal üçin, aragatnaşyk we telekommunikasiýa pudaklarynda 3G, 4G, 5G tizlikli interneti we beýleki ulgamlary ulanmak arkaly hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy babatynda netijeli işler durmuşa geçirildi, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi, elektron hökümet ulgamynyň maksatnamasy amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleriň geriminiň giňeldilmegine mümkinçilik berýär.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň köp möçberde maýa goýumlaryň çekilmegini talap edýändigini hem bellemek gerek. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» maliýeleşdirmegiň çeşmeleri hem beýan edilen. Hususan-da, býujet we býujetden daşary serişdeler, hususy taraplaryň serişdeleri çekilen we hemaýatkärleriň, grantlaryň we halkara tehniki kömek taslamalarynyň serişdeleri hem Konsepsiýany amala aşyrmagyň maliýe taýdan üpjünçiligini emele getirýär. Türkmenistanyň geoykdysady we geosyýasy nukdaýnazardan amatly ýerleşmegi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy we durnukly syýasy ýagdaýy, tebigy baýlyklarynyň uly gorlarynyň bolmagy, döwrebap kanunçylyk binýadynyň we kepillikleriň döredilmegi ýaly amatly şertler dünýäniň iri maýadarlaryny çekmäge, ylmyň iň täze gazananlaryny hem-de innowasiýalary milli ykdysadyýetimize batly depginlerde ornaşdyrmaga uly ýardam edýär.
Şunda ylmyň hem tehnikanyň ýokary depginde ösmegini üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri hem ýokary hünärli, hemmetaraplaýyn bilimli hünärmenleriň ýeterlik derejede bolmagydyr. Şunuň bilen baglylykda, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we tejribäni ugur edinýän milli bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ony ösüşiň dünýä derejesine çykarmak babatda bitirilen beýik işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Elbetde, munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda, dünýä ähmiýetli iri halkara ulag-üstaşyr we telekommunikasiýa geçelgesine öwrülmeginde, täze durmuş-ykdysady şertleriň kemala gelmeginde, işewür we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2024-nji ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Ulwiýa ALYŞOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.