ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-YNSAN ÖMRÜNIŇ RAHATLYGY
24-08-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ilatyň saglygyny we asuda ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen ençeme işler durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygy geçirilýär. Biraýlygyň dowamynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça giň gerimli çäreler guralýar. Bu geçirilýän çäreler toplumy, ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi arkaly ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýynyň ýokarlanmagyna amatly şertleriň, şol sanda ýolagçylary gatnatmagyň we ýük daşamagyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi oňyn täsir edýär. Bu bolsa, awtomobil ýollarynyň howpsuzlygyna hem baglydyr. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde we welaýatlarymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap ulag ýollarynyň dünýä ülňülerine laýyk derejede gurulmagy we täze tehnologiýalaryň ýollarda ornaşdyrylmagy, öňki bar bolan ýollarynyň durkunyň täzelenmegi döwletimiziň ulag ulgamyny ösdürilmegi ugrunda edilýän işleriň netijesi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýol gurluşyk işleri we öňkileriň bar bolanlaryny durkuny täzelemek diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem welaýatlaryň dürli künjeklerinde bu işler giň gerimde alnyp barylýar.
Ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty, ýerüsti geçelgeleriň, hereketiň kadaly ýola goýulmagyna mümkinçilik berýän ýol yşyklarynyň we beýleki degişli belgileriň bolmagy sürüjilere we pyýadalara hereket etmekde ähli mümkinçilikleri we amatly şertleri döredýär. Şeýle-de ýurdumyzda gurulýan dürli maksatly häzirki zaman binalarynda, ýaşaýyş jaýlarynda, jemgyýetçilik binalarynda hereket etmek mümkinçiligi çäkli adamlar üçin zerur bolan şertler hem göz öňünde tutulýar. Gurlup ulanylmaga berilýän pyýada geçelgelerde, köprülerde hereket etmek, ýollardan howpsuz geçmek üçin şertleriň göz öňünde tutulmagy adamlaryň abadan we rahat durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Diýarymyzda awtoulaglaryň hereket edýän döwrebap ýollarymyzda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça, ynsanlaryň janyny, saglygyny we emlägini hem-de daşky gurşawymyzy gorap saklamak üçin döwletimizde döwrebap milli ulag kanunlar bar. Olaryň hatarynda 2012-nji ýylyň 30-njy martynda kabul edilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolýar. Bu kanun, ýurdumyzyň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esasyny kesgitleýär, ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirýär we raýatlaryň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilen. Şeýle-de Kanuna laýyklykda ýol hereketine gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň ýollary boýunça hereketiň howpsuz şertlerine bolan hukuklary döwlet tarapyndan kepillendirilýär we ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we halkara şertnamalaryny ýerine ýetirmek ýoly bilen üpjün edilýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürip bu babatda birnäçe Konwensiýalar goşuldy. Olaryň hatarynda 1993-nji ýylyň 20-nji maýynda “Ýol belgileri we duýduryşlary” hakyndaky (8.11.1968ý. Wena şäheri) hem-de “Ýol hereketi hakyndaky” Konwensiýalara goşuldy. Bu Konwensiýalarda halkara ýol hereketiniň ýeňilleşdirilmegi hem-de ýollarda howpsuzlygyň ýokarlandyrylmagyny birmeňzeş ýol hereket kadalarynyň, signallarynyň, ýol bellikleriniň birmeňzeşliginiň üpjün edilmegi düzgünleşdirilýär.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, döwletimizde awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini talabalaýyk taýýarlamak boýunça dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen okuw merkezleri döredildi. Olar ýeňil awtoulag okuw türgenleşik serişdeleri, kompýuterleşdirilen okuw otaglary bilen üpjün edilip, sapaklary interaktiw usulda alyp barmaga niýetlenendir. Ýurdumyzda häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan awtoşäherleriň gurlup ulanylmaga berilmegi, nazaryýet taýdan sürüjileriň ýol hereketine gatnaşanlarynda olardan hökmany peýdalanmagy ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün edilmegine berilýän ünsüň netijesidir.
Däp bolşy ýaly biraýlygyň dowamynda diýarymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde mekdeplerinde, edara-kärhanalarda ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri, mekdep mugallymlary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işgärleri tarapyndan ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak babatynda wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Şeýle-de paýtagtymyz Aşgabatda ýaşlara ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny öwretmek babatynda Çagalar awtomobil şäherjigi hereket edýär. Bu awtomobil şäherjiginiň binasynda ýerleşdirilen ýol hereketiniň muzeýi hereket edýär. Muzeýiň köp dürli bölümleri Ýol gözegçilik gullugynyň taryhy we ilkinji awtoulaglaryň ýurdumyzyň ilatly ýerleriniň köçelerinden gatnap başlan wagtyndan bäri geçen döwür hakynda gürrüň berýär. Ýol gözegçilik gullugynyň taryhy baradaky bölümde aragatnaşyk serişdeleri we enjamlary, dürli ýyllaryň ýol hereketini kadalaşdyryjylaryň hem-de gözegçileriň lybaslarynyň görnüşleri, gullugyň döreýşi we işi, şol sanda ösüp gelýän nesle köp gatnawly köçelerde howpsuz hereket etmegi öwredýän asylly iş hakynda gürrüň berýän suratlar we wideofilmler saklanýar. Awtoulaglaryň nusgalary boýunça dürli ýyllaryň ýol gözegçileriniň ulanan awtomobilleri hakynda düşünje almak bolýar. Şeýle hem ýol gözegçilik gullugynyň häzirki gününe bagyşlanan bölüminde döwrebap esbaplar, radarlar, ýörite tehnikalaryň nusgalary, ýol hereketini kadalaşdyryjylaryň ýokary tehnologiýaly taýaklary, ulag gatnawynyň ýygylygyny we tizligini kesgitleýän we hasaba alýan ýol hereketini dolandyryjy ulgamlar görkezilýär. Ýollarda düzgün-tertibe gözegçilik edýän köpsanly awtomatiki radarlar we wideokameralar bu ulgama ornaşdyrylýar.
Umuman, ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly yzygiderli geçirilýän çäreler ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegine, ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyna, şeýle hem, adamlary hukuk kadalaryny hormatlamak ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär.
Arslan MÄMMETORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Halk maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy
Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi.
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili
Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär.
Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy
Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.
GURBAN BAÝRAMY - MUKADDES BAÝRAM
Berkarar döwletiň eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.
Özgerişiň we gözelligiň paýtagty
Milli senenamasynda 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. «Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdep, çagalar bagy gurulýar» ýa-da «Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary açylýar» diýen ýaly ýakymly hoş habarlar paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. H
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.