ÝAŞLAR WE SANLY ULGAM
05-04-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim almagy, döwrebap sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Sanly tehnologiýalaryň, nanotehnologiýalaryň, tehnologiýalar merkezleriniň, nou-haularyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy ýaşlarymyzyň bu ugurda has-da kämilleşip ösüşleriň öň hatarynda bolmagyna, täze döwrebap nesliň kemala gelmegine oňyn täsir edýär. Bu babatda, öňdebaryjy tehniki enjamlar, ýokary tizlikli internet tehnologiýalary, kompýuter programmalary bilen üpjünçilik, sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplarynyň, okuw wideo we audio materiallaryň, elektron okuw kitaplarydyr gollanmalaryň taýýarlanylmagy döwrüň möhüm talaby bolup durýar.
Sanly ulgamyň has hem globallaşýan döwründe maglumat howpsuzlygynyň wezipeleri barha artýar, jemgyýetiň, döwletiň içerki we daşarky maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegi talap edýär. Şoňa görä-de, ilkinji nobatda, döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan ornaşdyrylýan programma üpjünçiliginde ýerli önümleriň paýyny ýokarlandyrmak bellenilýär. Munuň özi maglumat howpsuzlygy babatda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy, bu ugurda milli standartlaryň girizilmegi bilen aýrylmaz baglydyr. Häzirki döwürde bilim ykdysady ösüş strategiýasynyň wajyp zynjyryna öwrülýär. Ýurduň ylmy we tehnologik ösüşi ýokary hünärli işgärleriň bilim derejeleri, olaryň täze pikirleriniň, ylmy açyşlarynyň durmuşa geçirilmegi bilen şertlendirilýär.
Bilimiň ösmegi üçin iň möhüm wezipeleriň biri hem adam maýasynyň jemgyýetiň öndüriji we durmuş-ykdysady ösüşiniň kuwwatly güýjüne öwrülmegine itergi berilmegidir. Milli ykdysadyýeti ösdürmäge mynasyp goşant goşjak ýaş hünärmenleri taýýarlamakda, olary döwrebap tehnologiýalardan gowy baş çykarýan adamlar edip kemala getirmekde ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Türkmen ýaşlary innowasion taslamalaryň işlenip düzülmegine işjeň gatnaşýarlar, ýurdumyzda geçirilýän sergilerde dürli ugurlara degişli programma üpjünçiliklerini we robotlary görkezýärler. Olaryň dürli dersler boýunça ýurdumyzda we halkara derejede geçirilýän bäsleşiklerde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýändigini bellemek has-da ýakymlydyr.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2024-nji ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri sanly ulgam üçin zerur bolan iň täze enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Biz hem öz gezegimizde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri bolup Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasatyny ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda wagyz etmekde, ahlak taýdan arassa, beden taýdan berk, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde güýjümizde baryny edip işlejekdigimize ynandyrýarys.
Bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap ylymly, bilimli, giň gözýetimli bolmagy ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet bähbitli ýurt ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Goçmyrat HEZILOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.