NOWJUWAN GÜNLERIŇ AÝDYŇ ERTIRLERI

08-04-24

Bu döwür kämil, döredip bilýän, terbiýeli, watansöýüji ýaşlary talap edýär. Şeýle asylly häsiýetleri özüne jemleýän her bir ýaş nesliň geljekde Watanyň ösüşine mynasyp goşandyny goşup biljekdigi şübhesizdir. Ynam bolsa her bir ynsan üçin örän möhüm duýgy. Özüňe bolan belent ynam-üstünlikleriň, netijeli işleriň başlangyjydyr.

Döwrüň ýaşlaryň öňünde goýýan wezipesi özüne mynasyp käri saýlap, şol hünär boýunça-da ata Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşup, döwür bilen aýakdaş gitmek. Oňat pikirler, oňat jümleler, ajaýyp pursatlar ýürege ýakyn görülýär. Ýaşlar bolsa şeýle ýürege ýakyn ajaýyp ýatlamalar kän. Döwrümiz şeýle pursatlar bilen gurşalandyr.

Ýokary hünärli ýaşlar ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda zähmet çekmek bilen, özleriniň hünär başarnyklaryny we gujur-gaýratyny ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegine gönükdirýärler. Bu ugurda ýaşlar üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilip berilýär.«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine salgylansak, bilim edarasyny tamamlap, ýaňy işe kabul edilen ýaş hünärmenleriň girdeji salgydyny ýeňillikli tölemek, telekeçilik bilen meşgullanmaga isleg bildirýän ýaş telekeçileri goldamak, taslamalary döretmäge ukyply ýaşlar üçin binagärlik taslamalaryna, taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemek taslamalaryna gatnaşyp zehiniňi görkezmek mümkinçiligini döretmek  ýaly özboluşly täze kadalaryň girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bularyň ählisi bolsa biz — türkmen ýaşlarynyň buýsanjymyzy goşalandyryp, ata Watanymyzyň geljekki ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga hem-de bildirilen mukaddes we belent ynamy artygy bilen ödemäge borçlandyrýar.

Döwletde ýekeje adamyň ösüşe ymtylmagy, täze zatlaryň gözleginde bolmagy ýurduň ösüşine ujypsyz derejede bolsa hem öz täsirini ýetirip biler. Bu pikir bolsa bütin Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlaryna mahsus. Bu döwür ýaşlaryň ösüşlere ymtylmak arzuwlarynyň hasyl bolýan döwri. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy hem türkmen ýaşlarynyň geljegine uly umyt bildirilýändigini alamatlandyrýar. Biz ýaşlara hormatly Prezidentimiziň bildirýän şeýle belent hem-de mukaddes ynamyna bil baglap okamak, öwrenmek, döretmek galýar.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2024-nji ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda biz ýaşlar üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletimiziň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

Wepamyrat REPOW,
Turkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.