ÝAŞLAR — DÖWRÜMIZIŇ DÖREDIJILIK GÜÝJI

05-04-24

Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň röwşen geljeginiň hatyrasyna gurmak, döretmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Onuň netijesinde Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, hünär öwrenmäge, sport bilen meşgullanmaga, zähmet çekmäge höwesli ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadagdan arkaly ýaşlary döwrüň, milletiň döredijilik güýjüni özlerinde jemleýärler. Olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim, terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ýurdumyzda bagtyýar ýaşlarymyzyň saglyk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ylmyň iň soňky gazananlaryndan habarly nesli kemala getirmek, telekeçilik işine giňden höweslendirmek, ýaş maşgalalaryň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerinde ýaşamaklary üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikleri döredýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi» Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hereket edýär. Şol resminamalara laýyklykda, ýaşlar ykballaryny gülletjek beýik işler bilen meşgullanmaga, durmuşlarynyň döwrebap hem abadan bolmagyny üpjün etmek hukuklaryna eýe bolýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine durmuşa geçirýän beýik başlangyçlarynda, ýaş nesil, ýaşlar hakynda alada aýdyň şöhlelenýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Ýaş nesil, ýaşlar döwletiň güýji we geljegidir. Dünýäde ilatyň aglaba bölegini ýaşlar düzýär. Jemgyýetiň ösüşi ýaş nesliň raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak garaýyşlaryna, dünýägaraýşyna, beden saglygyna baglydyr. Güýçli raýat jemgyýeti bolan döwleti döretmekde ýokary intellektual mümkinçiliklere eýe bolan ýaşlara bil baglanýar. Ýaşlar döredijilik işiniň hem obýekti, hem subýekti hökmünde jemgyýetiň mundan beýläk-de demokratiýalaşmagyny, has-da ösmegini, ýurduň döwrebaplaşmagyny dowam edýän hakyky jemgyýetçilik güýjüne öwrülýär. Bularyň hemmesi ýaşlaryň hukuklaryny hem azatlyklaryny üpjün etmäge, ýurduň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna olaryň doly hukukly gatnaşmagynyň wezipelerine döwlet derejesinde juda jogapkärçilikli we çuňňur oýlanyşykly çemeleşilmegini talap edýär. Hormatly  Prezidentimiz üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk derejesine möhüm üns berýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýyna gatnaşyjylara ugradan gutlagynda: «Ýaşlar guramasynyň gujur-gaýratly agzalarynyň, ýurdumyzyň watansöýüji, ylymly, bilimli, dörediji we gurujy ýaşlarynyň ählisiniň jemgyýetimizde durnuklylygy, bitewüligi pugtalandyrmaga işjeň gatnaşjakdyklaryna, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belende göterilmeginiň bähbidine ak ýürekden, yhlasly zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn» diýmek bilen, Guramanyň öňünde anyk maksatlary goýýar we ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek wezipelerini durmuşa geçirmeklige işjeň gatnaşmaga borçlandyrýar.

Arkadagly Serdarymyz täze taryhy döwürde Ýaşlar guramasynyň işine uly ähmiýet berýär we zerur tagallalary amala aşyrýar. Guramanyň agzybir işgärleri we işjeň agzalary ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy, ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgüni ösdürmegi, olaryň şahsy jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamagy we höweslendirmegi, ýaşlarymyzda öz hukugyny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmegi esasy wezipeleri hökmünde kesgitleýärler.

Ýaşlary ýaşaýşyň baýdagyna deňeýän Arkadagly Serdarymyza, türkmen ýaşlaryna durmuşda ýol-ýörelge bolýan, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän Milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Aýbölek ILGELDIÝEWA,
Turkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.