TÄZE OKUW ÝYLY- BOSAGADA
30-08-21
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň körpe nesilleriniň we ruhubelent ýaşlarynyň döwrebap bilimdir terbiýe almaklary üçin düýpli işler durmuşa geçirilýär. "Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny" üstünlikli durmuşa geçirmegiň esasynda gözel diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap mekdepleriň, sport mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, stadionlaryň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurulmagy bu işleriň talabalaýyk mazmuna eýe bolmagyna ýardam edýär.
Bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda, ilkinji nobatda ähli eşretleriň körpeleriň we ýaşlaryň durmuşyna gönükdirilýändigini bu günki gün bütin dünýä ykrar edýär. Çagalaryň dynç alşyny mynasyp geçirmekleri üçin paýtagtymyz Aşgabatda we diýarymyzyň welaýatlarynda ulanmaga berilýän sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygy, her bir obada, şäherde, şäherçede we etrap merkezinde sport merkezleriniň gurlup, dolanyşyga girizilýändigi ösüp gelýän ýaş nesilleriň aňynda watançylyk duýgularynyň kemala gelmegine ýardam edýär.
Häzirki günlerde ýurdumyzda 2021-2022-nji okuw ýylyna taýýarlyk işleri gyzgalaňly depginde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde hereket edýän Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Aşgabat döwlet söwda firmasynyň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň “Türkmenkitap” lomaý-bölek birleşiginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzümlerine degişli bolan mekdep bazarlarynda okuw esbaplarynyň dürli görnüşleri, mekdep lybaslary halka hödürlenýär.
Okuw kitaplarynyň arasynda ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen neşirleriň hem giden tapgyry bar. Olardan gigiýena, ilkinji lukmançylyk kömeginiň esaslary, ykdysady statistika, psihiatriýa kömeginiň esaslary, makro ykdysadyýetde matematik modeller, maglumat ulgamynyň arhitekturasy, sowadyjy maşynlar, EHM-leriň we telekommunikasiýanyň torlary, iç keselleri, çeper döredijiligiň psihologiýasy, dil bilimi we baýleki ugurlar boýunça okuw kitaplaryny görkezmek bolar.
Eziz Arkadagymyz: “Çagalara aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir” diýip, jaýdar belleýär. Her ýyl täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen mähriban Arkadagymyz orta mekdeplerine ilkinji sapar gadam basýan körpelere ýörite netbuklary sowgat edýär. Çagalyk dünýäsini egsilmez şatlyga besleýän bu pursatlar körpelerde ýatdan çykmajak täsirleri döredýär. Şeýlelikde, ruhy dünýäsi tämiz körpeler uly yhlas hem-de bilesigelijilik bilen kämil enjamlar arkaly bilimler dünýäsine aralaşýarlar.
Biziň gülläp ösýän ýurdumyz bilime höwesek ruhubelent ýaşlaryň hem köňül arzuwlarynyň myrat tapýan mekany. Ýurduň ýokary okuw jaýlarynda häzirki zaman täze hünärleri talap edýän ugurlarynyň sanynyň ýylsaýyn artmagy, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.
Geçen ýylyň özünde ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlar üçin täze hünärleriň birnäçesi boýunça okatmak ýola goýlan bolsa, ýetip gelýän okuw ýyly hem bu kadadan sowlup geçmedi. Bu ýyl onuň sanynyň artmagy bilen ýaşlara bilimler äleminde täze mümkinçilikler döredildi.
Umuman alanyňda, on iki ýokary mekdepde hünärmen taýýarlaýan okuw ugruna 32 sany täze hünär goşuldy, şu günler bu hünärler boýunça okuwa girjekler üçin olaryň gapylary açykdyr.
Bakalawriat maksatnamasy boýunça alty sany täze ugur ýurduň oba hojalygy üçin hünärmen taýýarlaýan Türkmen oba hojalyk institutynda (Daşoguz şäheri) açyldy. Hünärmenligiň täze ugurlarynyň arasynda oba hojalyk inženerligi; suwaryş we zeýkeş ulgamlaryny ulanmak; ýer ulanyşygy we kadastrlar; maglumat howpsuzlygyny dolandyryş; ykdysadyýet we dolandyryş; buhgalteriýa hasap ýöretmesi we audit bar.
Türkmenistanyň Oguz Han adyndaky Inženerçilik we tehnologiýa uniwersitetinde bakalawrlary taýýarlamagyň täze bäş ugry açyldy: kartografiýa we geoinformatika; emeli akyl we hünärmen ulgamlary; maglumat goragynyň tehniki serişdeleri; innowasiýa dolandyryşy we halkara işewürlik; kompýuter lingwistikasy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit-gaz uniwersitetinde-de şonça täze hünär ugurlary açyldy. Bu ýerde bakalawrit ulgamy boýunça magdançylyk; standartlaşdyrmak we metrologiýa; tehnologik enjamlar we abzallar; elektrik energetikasy we elektrotehnika; işgärleri dolandyrmak ýaly ugurlarda hünärmenler taýýarlanar.
Birnäçe beýleki ýokary okuw jaýlarynda bakalawrlary taýýarlamak pudagynyň okuw meýilnamalary täzelendi. Mysal üçin, Türkmen döwlet maliýe instituty şu ugurlar boýunça işgär taýýarlar: maliýe we karzçylyk, töwekgelçilikleri dolandyrmak we ätiýaçlandyryş işi, bank işi we pul dolanyşygy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty halkara gatnaşyklary, halkara ykdysadyýeti, syýasy aragatnaşygy we internet žurnalistligini; Türkmen Döwlet Medeniýet Instituty aktýorlyk sungatyny, teleýaýlym žurnalistligini we kinorežissýorlygy, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty bolsa informatika we aragatnaşyk tehnologiýalaryny, şeýle hem himiýa tehnologiýasyny öwreder.
Atlary agzaljak ýokary okuw jaýlarynyň hersinde bir täze hünär girizildi: S. Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda – zähmet we tehnologiýa esaslary, Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynda – signal ibermegiň, kabul etmegiň we gaýtadan işlemegiň radiotehniki serişdeleri, Myrat Garryýewiň adyny göterýän Türkmenistan Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde bolsa dikeldiş we sport lukmançylygy.
Türkmenistan Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hünär taýýarlygy ulgamyna «Animasiýa we grafiki dizaýn», Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda (Mary şäheri) «maglumat-ölçeg tehnikasy we tehnologiýalary» ugurlary girizildi.
Bosagada – täze okuw ýyly. Täze okuw ýyly – täze başlangyç. Eziz Arkadagymyzyň bilim ulgamynda döredýän giň mümkinçilikleri köňli hyjuwly ýaşlary ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşyp, ösüşlere beslenýän Watanymyzyň mynasyp adamy bolup ýetişmäge borçlandyrýar.
Goý, Watanymyzyň gül-gunçalary bolan körpe nesilleriň, ruhubelent ýaşlaryň dünýä ülňülerine kybapdaşlykda bilim we terbiýe almagy üçin nusgalyk işleri amal edýän eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Belent tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Jemşit HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.