Innowasion ykdysadyýetinde sanly sowatlylyk

30-08-21

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  parasatly öňdengörüjilikli syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň biri ol hem ykdysadyýetiň maksatnamalaýyn çemeleşme arkaly ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrmagyň netijesinde ýurdymyzyň durnukly ösüşini berkitmegi bolup durýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda milli Liderimiziň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklady. Bu resminama pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly «ýol kartasy» bolup durýar. Ol birnäçe bölümi öz içine alyp, şolarda Konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary we usullary, garaşylýan netijeler beýan edilýär. Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwür bolup, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda oňa geçmek mümkin boldy.

Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ilkinji nobatda ilatyň hal ýagdaýyny ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyna itergi berýär. Ilatyň iş üpüjünçiligini ýokarlandyrýar täze innowasion häsiýetli iş orunlaryny emele getirýär, wagt netijeli we ýerlikli sarp edilýär  sanly bilim we ylym has ýokary depgin bilen ösdüriler. Bu bolsa adam käpitalynyň hiline täze talaplary bildirýär we ondan beýleki sowatlyklary bilen bilelikde sanly sowatlygyna aýratyn orun berilýär.

 Adamyň üstünlikli gazanmak ukyby bir ýa-da başga bir amaly iş bilen  meşgullanmak, şeýle düşünjeler arkaly  kesgitlenýär, "sowatlylyk", "kär", "başarnyk", "bilim derejesi". Olaryň arasynda iň möhüm düşünjeleriň biri ol hem sowatlylyk , sebäbi ol bilimden, başarnykdan we ukypdan ybaratdyr. Gysga döwrüň dowamynda   häzirki döwürde sanly sowatlylyk  endigi maglumat ykdysadyýetiň  möhüm guraly hökmünde garalýar we kompyuter sowagatlygy bilen bileleikde yrkar edilýär.

Okatmagyň usulyýeti häzirki zaman durmuşyň talaplaryna laýyklykda kämilleşýär we özgerýär. Sanly sowatlygy osdürmek üçin bolsa döredijilikli çemeleşmeleri ulanylýar. Sanly sowatlylyk XXI möhüm başarnygy bolup, bilermenleri oňa “dördünji sowatlylyk” diýip atlandyrýarlar. Bu möhüm başarnygy ýurduň hemme raýatlaryna ylaýta-da ýaşlaryň arasynda  ornaşdyrmagy has möhüm bolup durýar.  

Maglumat jemgyýeti elektron hyzmatlaryny sarp edija niýetlenen  we sanly sowatlylyk  bolsa raýatlygyň möhüm durmuş başarnyklaryny eýelemekligine ýardam edýär. Sanly sowatlylyk  häzirki döwrüň adamyň ösüşiniň möhün itergijisi bolup durýar. Bilermenleriň pikirine görä sanly sowatlylyk aşakdaky düzüm böleklerini öz içine  alýar: kompýuter sowatlylygy, maglumat sowatlylygy- aragatnaşyk sowatlylygy, metbugat sowatlylygy we tehnologiki täzelik. Bu düzüm bölekler  öz gezeginde aşakdakylary öz içine alýar maglumat sowatlygy, kompyuter sowatlygy, mediýa sowatlygy, kommunikatiw sowatlygy, tehnologiki innowasiýalary.

Sanly sowatlylyk düşünjesine aşakdaky 6 sany başarnyklar degişli.

Birinji, internetde zerur maglumatlary tapyp onuň hilini we ygtybarlygyny bahalandyryp bilmek.

Ikinji, meseläni seljerip ony çözüp biljek sanly enjamlary tapmak.

Üçünji, durmuşyň dowamynda üznüksiz okamak we bilim almak.

Dördünji, anyk meseläni çözmek üçün el mydama ütgeýän täzelenýän tehnologiki enjamlary bahalandyrmak.

 Bäşinji, ýokary depgin bilen  täzelenýän sanly enjamlary bilen üstünlikli işlemek üçin öz üstüňde üznüksiz işlemek, öwrenmek we özgermek.

Altynjy, goýulýan meseläni çözmek üçün dürli tehnologiki enjamlary özüňe laýyklyda birleşdirip sazlamak

Häzirki döwürde  her öýde  gajetler ýagny smartfonlar, planşetler, kompýuterler we internet, çaga bolsa "nirä baryp bilse" dünýäni öwrenýär.  Bu babatda ene-atanyň gözegçiligi bolmadyk ýagdaýynda, çaganyň torda görmeli däl we eştmeli däl zatlary tapyp bilýar. Bu nukdaýnazardan häzirki zaman dünýäsinde sanly sowatlylygy çagalykdan başlap, bilimiň ähli derejelerinde-de terbiýelenmeli we emele getirmeli. Sanly sowatlylygyň ösüşi bilimiň umumy meseleleri bilen  aýakdaş bolmaly.

Häzirki zaman maglumat dünýäsiniň çylşyrymlylygy ol hem tehnologiýanyň elýeterliligi we zerur maglumatlary gözläp tapyp bilmek başarnygy sanly jemgyýetde üstünlikli ýaşamak üçün ýeterlikli däldir.

Tehnologiýany erkin  ulanýan çagalar we ýaşlar şol başarnyklaryna aşa ýokary baha berýärler. Olara tehnologiýalary netijeli ulanmak üçin bilimleri ýetmezçilik edýär, başarnyklaryna tankydy baha bermek, töwekgelçilige we howplylyga özüni iterýärler. Sanly sowatlygyň ornaşdyrmagy  jemgyýet tarapyndan  ýaşlarda talap edilýän endikleri kemala getirmeli.

 Bir şahsyň sanly sowatlylyk derejesi ol hem, adamyň köp mukdardaky maglumat çeşmelerinde zerur maglumatlary tapyp  ony özleşdrimegi, sanly çeşmeleriň peýda bolmagy bilen açylýan mümkinçiliklerden peýdalanyp bilmegi. Sanly sowatlylygy bolan adam, özü üçün zerur maglumatlary internetdäki ägirt uly maglumatlar akymlaryndan saýlap biler, wirtual dünýäniň işleýşine düşünýär we sanly gurşawda howpsuz bolmagy başarýar. Umumy sanly sowatlylyk derejesi, her bir raýatyň sanly sowatlylyk derejesinden emele gelýär. Bu bolsa öz gezeginde ilatyň medeni derejesine täsir edýär, sanly ykdysadyýet döwründe bir adamyň goşant goşup biljekdigi ýa-da ýokdugy barada innowasiýalaryň başynda durýan ýurtlar. Şonuň üçin sanly sowatlygyň maksatnamalary ilatyň hemme gatlaklaryň arasynda giňden ornaşdyrmaly milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplygyny artdyrmagyna ýardam eder.

Ýusup NAZAROW, 
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Maglumat tehnologiýalary fakultetiniň mugallymy
.

16a8e7eb3e1b9d.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde 24–29-njy awgust aralygynda geçirilýän «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara mediaforumyna gatnaşýar. Forumyň işine dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy we medeni ulgamlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16a8d24e3d2dc1.png
“elkitap” programmasy bäş dilde elektron we audiokitaplary hödürleýär

“elkitap” programmasy ulanyjylara türkmen, rus, iňlis, türk we ýakynda goşulan nemes dillerinde elektron hem-de audiokitaplary hödürleýär. Bu barada programmanyň kontent menejeri Oleg Sanjiýew Aşgabatda 19–22-nji awgust aralygynda geçirilen “Kids Expo 2026: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň dowamynda “Business Turkmenistan” neşirine beren gürrüňdeşliginde aýtdy.


16a8d23daec649.png
Pakistanyň işewür wekiliýeti “Aýdyň Gijeler” kärhanasynyň önümçilik işleri bilen tanyşdy

Pakistanyň işewür toparlarynyň we resmi edaralarynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen “Aýdyň Gijeler” kompaniýasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada kompaniýa şenbe güni habar berdi.


16a8bde13d0a33.jpeg
Türkmenistan bilen Pakistan maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürer

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyrma bölüminiň agzasy Muhammad Amir Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk 20-nji awgustda geçirilip, onuň dowamynda taraplar maglumat tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.


16a8bdc1c5aca6.png
Astrahanda noýabr aýynda IV “Demirgazyk — Günorta” halkara forumy geçiriler

Çäräni gurnaýjylar forumyň halkara düzümini giňeltmegi meýilleşdirip, gatnaşyjy ýurtlaryň sanyny 15-den 22-ä, wekilleriň sanyny bolsa 350-den gowrak adama ýetirmegi göz öňünde tutýarlar. Çärä Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Yragyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Omanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.