Aragatnaşyk ulgamynyň täze eýýamy - “Aşgabat siti” taslamasynda

30-08-21

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda we baş şäherimiz Aşgabatda aragatnaşyk ulgamyny häzirki zamanyň ösen sanly tehnologiýalary esasynda özgertmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Özboluşly we täsin binagärlik keşbi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ak şäherimiz Aşgabadyň demirgazyk künjeginde peýda boljak “Aşgabat siti” desgalarynyň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we dürli maksatly binalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryny aragatnaşyk ulgamynyň has kämil usullary bilen üpjün etmek boýunça häzirki zamanyň ösen tejribelerine esaslanýan degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Häzirki tehnologiýalar döwri 5G usulyna gadam basmaga taýýarlyk görýär. 5G tehnologiýalary barada ilkinji nobatda bellemeli zat, olar öňki 4G nesillerine garanyňda has ýokary geçirijilik giňligini üpjün etmek we has az energiýa kuwwatyny sarp etmek bilen internet ulgamynyň görnüşleriniň we tizliginiň artmagyna peýdaly täsir eder.

5G ilkinji nobatda sanly ulgam  we "akylly öý" awtomatizasiýasynyň  giňişleýin ulgamy bolup, durmuş şertleriniň biri-biri bilen çalt we päsgelçiliksiz aragatnaşyk saklamagy üçin ýokary maglumat geçiriş tizligini üpjün edýän zerur birikme bolup hyzmat eder.

Ýagny, akylly öýüň yşyklandyryşdan howpsuzlyga, ýylylykdan energiýa, suw üpjünçiliginden duýduryşlara, howa çalşygyndan ýangyn söndüriji ulgamlara çenli ähli bölekleriniň awtomatiki usulda ýerine ýetirilmegini üpjün eder. 5G tehnologiýasy swetofor, köçe yşyklandyryşy, akylly awtoulag duralgasy, kamera gözegçiligi ýaly düşünjeleriň täze derejesidir.

Akylly öý awtomatizasiýasy, öýde bolmasaňyz hem ähli yşyklary we elektrik enjamlaryny awtomatiki öçürmäge mümkinçilik berýär, hatda öýe gelmekçi bolanyňyzda öňünden kesgitlän çyralaryňyzy we elektrik enjamlaryňyzy awtomatiki ýakýar.

5G tehnologiýasy öý awtomatizasiýasynda aýratyn ýagdaýlary tanamaga we olara laýyk jogap bermegi başarmaga niýetlenen nesildir. Döwrebap şertlerde öý awtomatizasiýasy, ulanyjynyň isleglerine laýyklykda, haýsy enjamy nirede we haýsy wezipeleri ýerine ýetirjekdigini kesgitleýän ulgamdyr.

Akylly öýde awtomatiki hereketleriň iň köp ýaýran mysallary, çyralary awtomatiki ýakmak we öçürmek, ýyladyş ulgamyny ýa-da sowadyş enjamlarynyň işleýşini awtomatiki düzetmek, ýangyn ýa-da suw syzmagy barada awtomatiki habar bermekdir. Öý awtomatizasiýasy islendik internete birikdirilen enjamlary öz içine alýar.

Hut şu nukdaýnazardan, paýtagtymyzyň gözel keşbine täsin öwüşgin çaýjak “Aşgabat siti” desgalarynda 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar.

Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk 
kompaniýasynyň hünärmeni.

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.