BEÝIK YNAMA MYNASYP BAGTYÝAR ÝAŞLAR
04-04-24
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar.
Biz - ýaşlar Arkadagly Serdarymyzyň kämil paýhasynyň, durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatynyň netijesinde bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eýesi bolduk. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan biz - ýaşlaryň kämil bilim almagymyza, döretmegimize, zähmet çekmegimize, berkarar döwletimize ak ýürekden gulluk etmegimize uly mümkinçilikleri döredýär.
Ýaşlarymyz sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, abadan eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde döwletimiziň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy, ýaş nesillerimiziň şadyýan, bagtyýar, asuda durmuşda ýaşamagy hakyndaky meseleler mydama üns merkezinde saklanýar. Munuň özi agzybirlikden, jebislikden rysgal-bereket tapan, halallyga, adalata, ynsanperwerlige, ygrarly merdana il-ulusymyzyň ýaşlarymyzyň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sapaly durmuşa eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda raýatlarymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesillerimiziň ruhy we beden taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa, ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup kemala gelmekleri ugrunda uly tagallalar edilýär.
Umuman, eziz Diýarymyzda halkymyzyň we ýaşlarymyzyň saglygyny gorap ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasaty işjeň durmuşa geçirilýär. Ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmek bu günki gün baş wezipe hökmünde kesgitlendi. Bu asylly işleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň adam hakyndaky aladalary durandyr.
Ýaş nesilleriň saglygy üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwrüň möhüm talabydyr, ol güýjüň we gözelligiň çeşmesidir. Beden we ruhy sagdynlyk adamyň özüne bolan ynamyny berkidýär, ony döredijilige ruhlandyrýar.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soňra ýurtda bedenterbiýe we sport hereketlerini ýola goýmagyň täze usullary kemala gelip ugrady hem-de şol ugurda halkara hyzmatdaşlygy alyp barmagyň düýp esasy goýuldy. Şol döwürden bäri ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesine eýe bolmagy, şeýle hem sport ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Şeýle syýasaty durmuşa geçirmek maksady bilen diýarymyzyň ähli welaýatlarynda köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, aýlawlar, sport mekdepleri we başga-da birnäçe desgalar bina edildi.
Orta, başlangyç, ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň durmuş bilen arabaglanyşykly, yzygiderli, maksada okgunly bolmagy ýaş nesliň alýan nazary bilimlerini aňynda berk şöhlelendirip, ony gündelik durmuş tejribesinde ulanyp başarmagyna ýardam edýär. “ Bir okasaň – ýat, müň okasaň – binýat” diýip, ata–babalarymyz bilimiň yzygiderli we dowamly bolmagyny pent edipdirler. Akyllylygy, parasatlylygy yzygiderli alnan bilimiň hem-de ylymyň netijesinde adam janly dünýäniň hadysalaryna, wakalaryna akyl ýetirýär hem-de özüniň gündelik iş, durmuş tejribesini dolandyrýar.
Akyl taýdan kämil, ilki bilen, ylym-bilimden doly ýüküň ýetik, hünär taýdan ussat bolmagy talap edýär. “Abraý mirasda däl-de, akyl bilen edepdedir” diýip, ata–babalarymyz ýaş nesillerimize öwüt-ündew edip gelipdirler we dogry belläpdirler. Bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren ajaýyp kitaplary nusgalyk mekdep bolup, ýaşlary özbaşdak durmuşa taýýarlamagyň usulyýet esasy bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin taýsyz tagallalary edýän, ýaş nesilleri aladasy bilen gurşap alýan Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, elmydama tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Mekan PAŞAKULYÝEW,
Turkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.