BILIMLI NESIL – KUWWATLY WATAN

03-04-24

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýetirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem pudagy ösdürmek, ulag ulgamyny täzelemek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. Ulag we kommunikasiýa toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Bu ugurda önümçiligiň alnyp barlyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak ilkinji nobatda, öňde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Ilatyň ulag hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, olaryň tehniki binýady täzenilýär.

Ýokarda bellenip geçilen özgertmeleriň gurşawynda ýaşlaryň hem bolmagy geljeginiň berk binýadyny gurýan gurply döwlet üçin anyk we netijeli ädimlerdir. Ýaşlar Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ulag we kommunikasiýa ulgamynda hem netijeli işleri bilen mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bolsa, döwletiň ulag we kommunikasiýa binýadyny berkden tutjak kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly nesil kemala gelýär. Bu ýerde pudagyň ähli ugurlary boýunça zerur bolan hünärmenleri taýýarlamaga niýetlenen döwrebap okuw otaglary, innowasion enjamlar, lingafon otaglary ýaşlaryň hyzmatynda. Bu ýerde berilýän bilimiň hili döwrüň öňdebaryjy tejribeleri esasynda kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň ulag pudagy üçin zerur bolan tehnikalar yzygiderli satyn alnyp, bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidilýär. Dünýäniň öňdebaryjy zawodlarynda öndürilen ýük awtoulaglar, ýolagçylar üçin niýetlenen dürli görnüşli awtobuslar we ýeňil taksilar halkyň hyzmatynda. Ýaş hünärmenler bolsa, bu ulaglary ylmy nukdaýnazardan öwrenýärler, dürli önümçilik tejribelikleriň üsti bilen bolsa, olara erk etmegi başarýarlar.

Biz ýaşlaryň hakykatdan-da, bu ulgamda hem mynasyp orna eýedigimize buýsanýarys we guwanýarys. Bize ajaýyp şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Bizi ýagty geljege sary alyp barýan we her bir günümiziň bagtyýarlyga beslenmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Mekan PAŞAKULYÝEW,
Turkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 3 -nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.