KÄMIL NESILLER – ÝURDUŇ GELJEGI
11-04-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatly ýaşlary ertirki gün ýurdy beýgeltjek türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga söýgä bolan sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy hormatly Prezidentimiziň aýdyň maksatly beýik işleriniň beýanynda öz synmaz ornuny tapdy.
Ajaýyp ýylymyza şan beren, göwünlere ganat bekleden Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi jemgyýetimiziň işjeň bölegi bolan ýaşlara bildirilýän belent ynamdan aýdyň nyşandyr. Arzuwlaryň wysala, maksatlaryň myrada gowuşýan galkynyşly günlerinde geçirilen gurultaý Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz bilen bitewi sazlaşygy emele getirýär. Asyrlaryň akabasy, nesilleriň ybadaty bolup gelen hoş günler kalplaryň zynaty, ak arzuwlary wysala öwrüp, bagtyýarlyk peşgeş berdi.
Ýaşlar geljegi gurujylar, jemgyýetiň kuwwatly güýji hökmünde uly mümkinçilige eýe bolup, olary watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, ýaş maşgalalary goldamak wezipeleri döwlet syýasatynyň merkezinde durýar. Häzirki döwürde ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlaryny, maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen baglydyr. Döwlet tarapyndan ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin şertleri üpjün etmek, zehinli ýaşlara goldaw bermek, ýaşlaryň beden we ruhy ösüşine gönükdirilen şertleri döretmek işleri maksatnamalaýyn alnyp barylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny ösdürmekde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Şol bir wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ähli şertler döredilýär. Ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we häzirki zamanyň innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, giň gözýetimli nesilleri kemala getirmek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.
Ýaşlary halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer, ahlak ýörelgeleriniň esasynda watansöýüjilik ruhunda, şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine laýyk derejede terbiýelemek täze taryhy eýýamda döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Möhüm syýasy waka hökmünde şanly ýylymyzyň taryhynda, aňymyzda orun alan nobatdaky ýaşlar forumynda garalan meselelerdir kabul edilen çözgütleriň ählisi-de gönüden-göni ýaşlaryň bagtyýarlygyny üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga we kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly sargytlary we öňdengörüjilikli taglymlary, Arkadagly Serdarymyzyň halkymyza, Watanymyza wepaly gulluk etmekdäki şahsy göreldesi häzirki zaman ýaşlary üçin möhüm durmuş çelgisidir. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşmaga gyzyklanmasy ýokary bolan ýaşlaryň işjeň we jogapkärçilikli durmuş ýörelgesi olaryň özleri üçin döwlet tarapyndan edilýän alada mynasyp jogaby bolup durýar.
Özleri hakynda edilýän aladalara mynasyp jogap bermek bilen, bu gün ýaşlarymyz döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, hususy ulgamda yhlasly zähmet çekýärler, durmuş ugurly döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyna işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa ýaşlaryň islendik döwletiň ykdysady ösüşinde hem aýratyn orun tutýandygyny görkezýär. Biz — bagtyýar ýaşlar bilimlerimizi kämilleşdirip, bildirilýän belent ynamy ödemek ugrunda gujur-gaýratymyzy gaýgyrmajakdygymyza tüýs ýürekden ynandyrýarys!
Ýakupbaý ÝANGIBAÝEW,
Turkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Halypa mugallymy Meýlis ARTYKGURBANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň Inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň mugallymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.