Ýaşlar bilen diňe öňe
05-05-25
Ýurdumyzda ýetilýän sepgitlerdir hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn aladasy ýaşlary täze döredijilik üstünliklerine, Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine gönükdirilen asylly zähmete ruhlandyrýar. Biz muňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynda öňe sürlen oňyn teklipleriň hem-de «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi netijesinde bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmek we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda öňde goýlan belent wezipeleriň amala aşyrylmagynda ýaş nesillere aýratyn bil baglanylýar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesilleriň düzýändigini belläp, ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalýandygyny aýtmagynyň gözbaşy hem hut şol ynamdan ugur alýar. Garaşsyz Diýarymyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, ylym-bilim, telekeçilik we jemgyýetçilik işlerinde ýaşlaryň ilkinji ädimlerini — başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar. Olaryň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýy üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilýär.
Her bir jemgyýetiň güýç-kuwwaty onuň berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlaryna baglydyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň, stadionlaryň, atçylyk-sport toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi ýaş nesillerimiziň berk bedenli bolup ýetişmekleri bilen bir hatarda, Diýarymyzyň sport abraýyny ýokary derejelere göterjek milli türgenlerimiziň kemala gelmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şunuň bilen birlikde, «Sagdyn beden — sagdyn ruh» düşünjesini durmuş ýörelgesine öwren halkymyzyň ýaş raýatlarynyň aň-düşünjesi bu günki günde watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp duýgulara ýugrulandyr.
Terbiýe bilen bagly asylly ýörelgeleriň her biri halkymyzyň gadymy däplerinde öz beýanyny tapan özboluşly milli mekdepdir. Türkmen halky öz nesliniň akylly, sagdyn, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer bolup ýetişmegine örän ünsli çemeleşip, çagalara ýaşlykdan iň gowy gylyk-häsiýetleri öwredipdirler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gurultaýda beýan edişi ýaly, parasatly ata-babalarymyz nesillere ajaýyp däpleri miras galdyrypdyrlar. Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler. Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr.
Eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim almagyny, dürli hünärleri öwrenmegini, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagyny, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, ahlak we beden taýdan kämil ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasyny düzýär. Ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna ynamly gatnaşmagyna, hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine, ylmyň hem tehnologiýalaryň ýokary depginler bilen ösýän döwründe aň-bilim mümkinçilikleriniň, akyl-ukyplylyk döredijiliginiň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Alnyp barylýan giň möçberli çäreler ýaşlaryň kalbyna merdana ata-babalarymyzyň Watanymyza we halkymyza wepalylyk, milli ruhy-ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, erjellik, maksada okgunlylyk, sagdynlyk, raýatlyk borjuňy berjaý etmek däplerini ornaşdyrmagyny maksat edinýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik özgertmeleri, alyp barýan parasatly syýasaty, okamaga, öwrenmäge, halal zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri döwür bilen öňe barýan ýaşlary guwandyrýar, buýsandyrýar. Zehinli türkmen ýaşlary dünýä döwletlerinde sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ders bäsleşiklerinde, şeýle-de sport ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýeläp, ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara abraýynyň artmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar barada uly aladalary edýän, beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.