Bilim – ýollarymyza şamçyrag
25-12-25
Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem dünýä ülňülerine laýyk ösdürildi. Göräýmäge, sanlyja ýyllar ýaly bolsa-da, bu ýyllarda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça asyrlara barabar işler durmuşa geçirildi. Ýurt eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň ata Watanymyza, halkymyza wepaly, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly, dünýä ylmyndan hem-de häzirki zaman tehnikasyndan baş çykarýan, ruhubelent, gujurly, zähmetsöýer, maksada okgunly bolup ýetişmekleri üçin okuw-terbiýeçilik işleri döwrebap alnyp barylýar. Ähli amatlyklary bolan, dünýä ülňülerine laýyk edilip abzallaşdyrylan çagalar baglarynyň, orta mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, sport toplumlarynyň, sport mekdepleriniň birnäçesiniň açylyp ulanylmaga berilmegi ýaşlaryň giň dünäýgaraýyşly, çuňňur bilimli, ýokary medeniýetli, sagdyn bolup ýetişmekleri üçin edilýän döwlet möçberindäki aladalarydygyna şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan birinji synp okuwçylarynyň ählisine kompýuter sowgadyny bermegi körpe nesil üçin ýatdan çykmajak duýgy, ýatlama bolup durmuş sahypalaryna ýazylýar. Bu bolsa olaryň häzirki zaman tehniki serişdelerden baş çykarmaklaryna, döredijilik älemine kiçilikden ädim ätmeklerine uly itergi berýär. Bilim ulgamynda ylmyň iň soňky gazananlarynyň, täze tehnologiýalaryň, kompýuter we multimediýa serişdeleriniň, interaktiw tagtanyň, lingafon enjamlarynyň, internet ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň dowam etdirilmegi ýurdumyzyň bilim ulgamyna aýratyn üns berilýändigini subut edýär. Ýurdumyzda 12 ýyllyk orta bilime we sanly bilim ulgamyna geçmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Döwür ösýär, jemgyýet özgerýär. Şu nukdaýnazardan kanunçylyk binýadymyzda hem özgertmeler geçirilýär. Ýeri gelende belläp geçsek, hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan Türkmenistanyň “Bilim” kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilýändigini görkezýär.
Ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ýaşlaryň bilime we döredijilige höweslerini artdyrmak maksady bilen mekdep okuwçylaryň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” ders we taslama–döredijilik bäsleşikleriniň, “Iň eýjejik gyzjagaz”, “Merdana nesil” zehin bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi, okuwçylarymyzyň halkara internet bäsleşiklerine gatnaşmaklaryna uly mümkinçilikleriň döredilmegi biziň bilim binýadymyzyň dünýä ülňülerine laýyk ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň we sanly bilim ulgamynyň ösdürilýän döwründe bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär, sanly serişdeler giňden peýdalanylýar, bilimiň mazmuny has-da baýlaşdyrylýar. Milli bilim binýadymyzyň berkden bolmagy we dünýä bilen aýakdaş gitmegi her bir türkmenistanlyny buýsandyrýär. Bu ýerde ata-babalarymyzdan gelýän çaga terbiýelemek we oglan okatmak tejribeleriniň bilim ulgamynda utgaşdyrylyp alnyp barylýandygy bellärliklidir.
Geçmiş taryhymyzda biziň topraklarymyzda ylym-bilim merkezleri bolupdyr. Günbatar bilen Gündogar aralygynda ýerleşýän Beýik Ýüpek ýolundan gatnaýan kerwenler arkaly birnäçe bilim-ylma hormat goýan we ömrüni oňa sarp eden alymlar hut biziň ýerlerimize gelip beýik ulama bolup ýetişipdirler. Merwde, Gürgençde (Köneürgenç) ylmy merkezler işläp, birnäçe dünýä alymlaryny taýýarlapdyr. Dünýä belli ensiklopedik alymlar Al Horezmi, Abu Aly Ibn Sina, Jürjany, Zamahşary we ş.m. görnükli alymlar biziň ýerlerimizde ylmy döredijiligini ösdüripdirler. Beýik Seljuklar, Horezmşalar-Köneürgenç döwletleri zamanynda dünýäde ösen ylmy merkezler işläpdir. Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly beýik pedagoglaryň, ägirtleriň kemala gelen topragynda bu gün hem bilim-ylma giň ýol açyldy. Ýaşlarymyzyň ylmy dünýägaraýyşlarynyň ösdürilmegi, ylym, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin uly mümkinçilikleriň açylmagy, şeýle hem internet ulgamy, polat we howa ýollary arkaly jahanyň çar künjegi bilen bilim-ylym, ykdysady aragatnaşygymyzyň ösdürilmegi, ýurdumyzda halkara ylmy maslahatlaryň, forumlaryň, festiwallaryň geçirilmegi Türkmenistan Watanymyzyň dünýäde mynasyp ornunyň bardygyna şaýatlyk edýär.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Merjen AGADURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.