ŞATLYK-ŞOWHUNA BESLENÝÄR
20-03-23

Eziz Diýarymyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda bagtyýar halkymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenip, kalplara şatlyk paýlaýar. Ine-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyza ajaýyp günleriň biri bolan Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz güni geldi. Pasyllaryň arasynda bahar pasly gözellik meýillerini oýarýan owadan görki bilen aýartyn tapawutlanýar. Baharda bellenilýän Nowruz baýramynyň düýp mazmunynda hem ata-babalarymyzyň ahlakly-pelsepewi garaýyşlary ýatandyr. Bu gün ýurdumyzda şowhun-şagalaňly Nowruz baýramy ýetip geldi. Bu baýramyň türkmen Diýaryna gadam urmagy bilen, älem-jahana gül-gülüstanlyga bürenýär. Bagtyýarlygyň gujagynda ömür sürýän ildeşlerimiziň köňül tarlary birleşdirip, ruhy dünýäsi joşgunly duýgulara beslenýär.
Bu gün türkmen sährasyna nazar aýlanyňda, ondaky gözel görnüşleri gözüň bilen görmegiň, gülleriň ysyny gana-gana almagyň özboluşly lezzeti, gyzygy bar. Bu baharyň goýnunda bir pursatlyk düşleseň, ýüregiň joşgundan, ylhamdan püre-pürlenýär. Aslynda, kalby läle-reýhan ýazlaryň biziň ene topragymyzda gadyr-gymmatyda, sarpasy-da has ýokary, eziz.
Gujagy toý mekany ýada salýan türkmen topragynyň üsti hemişe şatlyk-şowhun, gülki. Toýlary goşadan bellenilýän türkmen topragynyň bereketi, rysgal-döwleti egsilmeýär. Baharlara kybap mähriban käbelerimizi öz gül desseleri, çemenleri bilen begendiren ene topragymyz Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi hem uludan belleýär.
Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar, däp bolşy ýaly, bütin ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýar. Nowruza bagyşlanan dabaralar gadymy baýramçylygyň däpleriniň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyna, biziň mirasymyzyň bolsa häzirki nesiller tarapyndan dowam etdirilýändigine ýene-de bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berer.
Birleşen Milletler Guramasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek bilen, bu baýramçylygy halklaryň arasynda parahatçylygy pugtalandyrýan, dost-doganlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini tassyk edýän dabara hökmünde bellemäge çagyrdy. Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni köp öwüşginli dabaralara beslenip, her bir ynsan ata Watanymyzda asudalygyň we jebisligiň höküm sürýändigine ýene bir gezek göz ýetirer.
Bu günki gün ajaýyp hem tämiz bahar paslynyň dowam edýän günlerinde Milli bahar baýramy ýurdumyzyň çar künjeginde döwlet derejesinde uly ruhubelentlikde, şatlyk şowhunly, joşgunly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň tarapyndan baýramçylyk çäreleri ýokary guramaçylykly geçirilýär.
Ýakynda, 2023-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Büzmeýin etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli eziz ýurdymyzyň gözel künjekleriniň biri hasaplanýan Gökdere jülgesinde aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Gyzgalaňly geçen çäräniň dowamynda ýokary okuw mekdebimiziň aýdym-saz, tans toparlarynyň taýýarlan biri-birinden täsirli çykyşlary, ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen beýik ösüşleri başdan geçirýän eziz Diýarymyzyň waspy bolup ýaňlandy.
Şeýle hem, 2023-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň bilen bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli ýokary okuw jaýymyzyň uly mejlisler zalynda baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Oňa ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar we myhmanlar gatnaşdylar.
Ilki bilen, «Halkyň Arkadagly Serdary» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa talyp ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirildi.Soňra, talyplarymyzdan düzülen tans topary “Leýlisaç” tansyny ýerine ýetirdiler. Baýramçylyk dabarasynyň esasy bölegi institutymyzyň ýaş aýdymçylarynyň ajaýyp aýdymlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen dowam etdi.
Baýramçylyk dabarasynda institutymyzyň talyp ýaşlarynyň, sazandalar, çykyş etdi. Ýokary okuw mekdebimiziň tans topary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Çykyşlaryň her biri halkymyzyň Arkadagly Serdarymyza bolan söýgüsini we guwanjyny beýan etdi. «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 1-nji şahamçasynyň «Altyn menzil» aýdym-saz toparynyň aýdymçylary Ş.Durdyýew, O.Orazgulyýewa dagylaryň ýerine ýetiren çykyşlary dabaranyň bezegine öwrüldi.
Baýramçylyk dabaranyň ahyrynda institutyň aýdymçylarynyň gatnaşmagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» atly aýdym ýerine ýetirildi. Bu aýdymyň joşgunly sözleri we sazy halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýar ýaşlar bilen gülläp ösýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan bagtyýarlyk we buýsanç duýgularyny beýan etdi.
Institutymyzyň uly mejlisler zalynda geçirilen Nowruz baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlar gadymy baýramçylyk dessurlarynyň häzirki döwürde ösdürilýändigini, döwürleri hem-de nesilleri baglanyşdyrýandygyny aýdyň görkezdi. Halkara Nowruz güni ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk dabaralary oňa gatnaşyjylaryň kalbynda ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary oýarýar.Olarda aýdym sazlyçykyşlar,ajaýyp öwüşginli tanslar ýokary ruhubelentlikde ýerine ýetirildi. Baýramçylyk dabaralarynda talyp ýaşalaryň ýüreklerinden çykýan buýsançly sözlerde bahar pasly,asuda,parahat durmuşymyz wasp edildi.
Nowruz baýramy gadym wagtlardan bäri türkmen halkymyzyň arasynda uludan bellenilip gelinýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda türkmen halky baharyň naýbaşy baýramyny aýratyn öwüşgin, uly joşgun bilen garşylaýar. Milli bahar baýramyňyz gutly bolsun, eziz türkmen halky!
Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.